Türmedäki ýazyjylara raýdaşlyk güni

15-nji noýabr türmedäki ýazyjylara raýdaşlyk günüdir.
Her ýylyň 15-nji noýabryny Halkara PEN Kluby, başgaça aýdylanda, Galamdaşlar birleşigi öz professional hyzmaty üçin, türmede oturan, yzarlanýan ýa-da dürli gysyşlara sezewar edilen ýazyjy-şahyrlara raýdaşlyk güni hökmünde belläp geçýär.

Şatlykly bolmadyk bu sene gönüden-göni biziň ýazyjylarymyza-da degişlidir. Olardan birnäçesi türmede oturyp çykdy. Käbirleri ýazyjy Turamerjen Gurbanowa hem Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ogusapar Myradowa türmede heläk boldular. Beýlekileri, has köprägi bolsa öýde göz tussaglygynda diýen ýaly. Olara söz berilmeýär, eserleri çap edilmeýär. Olara hatda öz eserlerini özbaşdak çap etmäge-de rugsat berilmeýär diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Ýazyjylaryň halkara birleşigi bolan PEN Klubda, onuň düýbi Angliýada ýerleşýär, ýörite Ýazyjylar türmede atly komitet bar. Bu komitetiň şu ýylyň özünde iki gezek halkara maslahaty geçirildi. Ilki Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde, soňra bolsa Norwegiýanyň paýtagty Osloda geçdi. Şol maslahatlarda öz professional borjy sebäpli türmede oturan, üstüne agyr howp abanýan ýa-da yzarlanmalara duçar bolan ýazyjy-şagyrlar hem žurnalistler barada giňişleýin hasabat berýärler diýip, bu guramanyň internet sahypasynda aýdylýar. Bu ugurda görülmeli çäreler, edip bolaýjak işler maslahatlaşylýar. Türmede oturan ýa-da üstüne şeýle howp abanýan ýazyjylara dürli ýardamlar berilýär.

Meselem, Şwesiýanyň PEN merkezi özüniň hak sözüni aýdyp, azatlykdan mahrum bolan ýazyjylara Kurt Tuholsky baýragyny berýär. Bu baýraga 1995-nji ýylda Türkmenbaşy režiminiň pidasy bolan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradow mynasyp bolupdy. Üstümizdäki ýylda bolsa meksikaly žurnalist zenan Lidia Kaço mynasyp boldy diýip, bu guramanyň internet sahypasynda aýdylýar.