Germaniýa korrupsiýa boýunça Kabula alada bildirdi

Germaniýanyň goranmak ministri eger Berliniň ynamyny goramak isleýän bolsa Kabulyň korrupsiýa we jenaýatçylyga garşy berk çäre görmelidigini aýtdy.

Mundan bir aý öň wezipe başyna geçen Karl-Theodor zu Guttenberg, Kabula edýän saparynyň dowamynda Germaniýanyň bu mesele bilen bagly anyk ösüşleriň bolmagyna garaşýanlygyny aýtdy.

Germaniýanyň parlamentinde Owganystanda ýerleşýän parahatçylygy goraýjy güýçleriň mandatyny dowam etdirip- etdirmezlik bilen bagly dekabarda ses berlişik bolar.

Ikinji jahan urşundaky rolundan netije çykaryp, Germaniýa daşary ýurtlarda amala aşyrylan ençeme harby çärelere gatnaşmandy. Emma onuň Owganystanda 4200 töweregi esgeri ýerleşýär.

Pikir soralşyklardan mälim bolşuna görä, Germaniýanyň ilatynyň uly bölegi bu harbylaryň Owganystanda galmagyny dowam etdirmegine garşy çykýar.