Tokio Aşgabada goldaw berip bilerdi

Ýakynda Ýaponiýanyň resmi delegasiýasy Aşgabada geldi. Bu bolsa türkmen ýolbaşçylarynyň öňünde gündogar ugry boýunça gatnaşyklary deňagramlaşdyrmakda goşmaça mümkinçilik döredýär. Şu mümkinçiliklerden iki tarap hem peýdalanyp bilermi?
Resmi taýdan ýapon diplomatlary G.Berdimuhamedowyň dekabr aýynda Tokio amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görýän ýaly. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda gatnaşyklaryň giňelýän we çuňlaşýan wagty bu kontaktlar has-da möhüm. Dekabryň ortasynda türkmen-hytaý gaz turbasynyň işe girizilmegi bilen şol gatnaşyklar has-da pugtalanar.

Şunuň bilen bagly Orsýetden soň Türkmenistanyň daşarky söwdasynda ikinji orna dalaş edýän Hytaý bilen gatnaşyklara ýaponiýaly partnýorlar deňagramlylyk üçinem gerek. Türkmen bazarynda ýaponlaryň bolmagy Hytaýa garaşlylygyň ösüp barmagyny gowşadyp biler.

Bu aýdylanlaryň üstüne Aşgabadyň Moskwa bilen gepleşiklerinde Türkmenistan Ýaponiýadan gowy syýasy goldawam alyp biler. Kuril adalary sebäpli Orsýet bilen çylşyrymly gatnaşyklary bolan Ýaponiýa Türkmenistanyň tylyny berkitmäge-de ýardam edip bilerdi.

Mundanam başga Ýaponiýa Türkmenistan bilen söwdany täze tehnologiýa, ylaýta-da ösen elektron tehnologiýa pudagynda ýokary derejä çykaryp biler. Şu ugurdan Ýaponiýa Orsýetdenem, Hytaýdanam ep-esli öňde.

Türkmenistan täzelikçi Ýaponiýa näçe tiz ýüzüni öwürse, Aşgabat ykdysadyýetdäki hem öňdebaryjy tehnologiýadaky yzagalaklykdan şonça-da tiz ara açar. Şeýle öňe gidişligi, böküşi şu günki gün Türkmenistana Hytaýam, Orsýetem berip bilmez.

Ýaponlaryň tejribesi

Ýaponiýa bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin özüňi pes duýmakdan dynmak, gorkulary aradan aýyrmak üçin ýaponlaryň gymmatly tejribesini ornaşdyrmakda uly mümkinçilikler döredip biler. Şol gorkular, ýetmezçilikler durmuşyň dürli ugurlary boýunça özgerişler geçirmekden Gündogar ýurtlaryny häli-şindi saklaýan faktordyr.

Ýaponiýa özüniň milli we medeni aýratynlyklaryny, öwüşginlerini doly saklap galmak bilen, esasy demokratik gymmatlyklary kabul etmegiň mümkindigini subut etdi, ony özüne siňdirip, tehnologiýany ösdürdi, döwletliligini has baýlaşdyrdy.

Şu nukdaý nazardan, Ýaponiýa Uzak Gündogarda iň öndebaryjy döwletdir. Ol özüniň müňlerçe ýyllyk taryhyny, diňe özüne, ýaponlara mahsus bolan etnik aýratynlyklaryny adam hukuklary boýunça edilýän talaplar bilen berk baglanyşdyrdy. Şol talaplaryň gündelik durmuşda ýerine ýetirilişi kagyz ýüzünde däl, real durmuş hakykaty.

Sözüň şu manysynda ýapon syýasy sistemasynyň gadymy medeniýetini, swilizasiýasyny saklap galmak ugrunda edýän uly aladalary bilen möhüm demokratik gymmatlyklary: erkin telekeçiligi, oppozision hereketleri, pikirleriň dürlüligini utgaşdyrmasy Türkmenistan üçin görelde bolup biler. Munuň şeýledigine gowy gatnaşyklaryň dowamynda Türkmenistan göz ýetirer.

Ýaponlary dünýäniň iň öňdebaryjy milletleriniň hataryna goşan şol tejribeleri türkmen häkimiýetleri kabul edip bilermi? Türkmenistan öz taryhy we etnik aýratynlyklaryna bukulyp, awtoritar dolandyryşy aklamagyny, açyk hem azat jemgyýet gurmagy mundan beýläk hem agyzdyryklamasyny dowam etdirermi?
Döwleti çet-gyraky ýurt derejesindäki ýagdaýdan çykarmakda ösüşiň ýapon ýolunyň artykmaçlyklaryny dekabr aýynda Ýaponiýa etjek saparynda G.Berdimuhamedow görüp bilermi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.