“Syýasy diskussiýalar gatnaşyklara täsir etmeli däl”

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bakuwda duşuşýarlar, 19-njy maý, 2008 ý.

Türkmenistanda Azerbaýjanyň medeniýet günleri gecirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň žurnalisti, iki halkyň medeniýetini ýakyndan tanaýan Ilhan Nesibli bilen ýazyjy Hudaýberdi Hally gürrüňdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Ilhan, sen sungaty söýüji bir ynsan hem žurnalist hökmünde, Türkmenistanda Azerbaýjanyň medeniýet günleriniň gecirlimegine sen nähili garaýarsyň?

Ilhan Nasibli: Bu Azerbaýjanlylar üçin örän begendiriji ýagdaý. Sebäbi Türkmenistanda Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär. Azerbaýjanlylarda şeýle pikirler bardy. Biz we türkmenler, hem türkler oguz türkileridiris. Biz bir taýpadandyrys. Şonuň üçinem Azerbaýjan – Türkmenistan arasynda baryş-geliş gatnaşyklary näçe düýpli bolsa, ol şonça-da gowy. Öz gezeginde Azerbaýjanlylar hem Türkmenistanyň medeniýet günleriniň Bakuwda – Azerbaýjanda geçirilmegini isleýär.

Azatlyk Radiosy: Ilhan, örän ýagşy arzuwyňyz bar. Bu iki halkyň gatnaşyklaryny ýyllar bilen däl, eýsem asyrlar bilen ölçäp bolar. Biziň umumy hem bitewi medeniýet ýadygärliklerimiz bar. Meselem, Görogly eposy, Şasenem,Garyp hem Aşyk Garyp, Nejep oglan dessanlary, Gorkut ata eposy iki halkyň taryhynyň meňzeşdigini aňladýar. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda bu iki halkyň arasyndaky gatnaşyklar o diýen ýygy bolmady. Muny sebäplerini nämede görýäňiz?

Ilhan Nasibli: Men Azerbaýjanda bolan pikirleri aýdaýyn. Hazardaky gaz ýataklaryna görä, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda diskussiýa bar. Ýöne Azerbaýjanda muňa normal garaýarlar. Ykdysady diskussiýa bolup biler we ol kadaly alnyp barylmaly. Ýöne beýle diskussiýalar halklar arasyndaky gatnaşyklara hiç bir täsir etmeli däldir.

Azerbaýjanda bolan pikirleri aýtsam, gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagynyň sebäplerini Türkmenistanyň merhum prezidenti Türkmenbaşydan görýärdiler. Onuň syýasaty sowuklaşmalara getirdi. Ýöne Azerbaýjanlylar pikir edýärler, syýasat we ykdysady çekişmeler hiç wagt bu iki garyndaş halkyň gatnaşyklaryna täsir etmeli däldir. Ýöne meniň pikirimçe, bu ýerde medeniýet işgärleriniň-de günäsi bar. Olar hiç bir syýasy, ykdysady dartgynlyga bakman, bu kontaktlary dowam etdirmelidiler.

Azatlyk Radiosy: Dogry aýdýaňyz. Sebäbi geçen asyra seretsek, iki halkyň arasyndky gatnaşyklar örän ýygjam bolupdyr. Azerbaýjan bize bilim pudagyndan, kadrlar taýýarlamakda köp ýardam edipdi. Türkmenistanda sowatsyzlygy ýok etmäge, ençeme kadr iberipdi. Olardan pedagog A. A. Gurbanowy, matematik Ahmet Ahundowy, zoologiýa ylmyndan A. Rustamowy, dilçilerden Ýakup Nasyrlyny we başgalary ýatlamak bolar. Türkmen saz sungatynyň ösmegine tarçy A.G. Bagirow, opera aýdymçylary R. Ryzaýew hem M. Masudowy aýdyp bolar. Bakuwda bilim alanlary aýtsak, şahyr Gara Seýitliniň, kompozitor Rejep Allaýarowyň atlaryny tutup bileris. Şeýle hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürip bolarmy?

Ilhan Nasibli:
Meniň pikirmçe, muňa Azerbaýjan tarapyndan hiç bir problema ýokdur. Ýöne bir şert bar, bular isleg şekilinde galmaly däldir. Ony Türkmenistanyň resmi gurluşlary zerur saýsalar Azerbaýjanyň konserwatoriýasyna we Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň okuw jaýlaryna, Turizm we syýahat institutlaryna zerurlyk bolsa, meniň pikirimçe ýaşlary kabul edip bilerler. Azerbaýjan Türkmenistan üçin ýer-de aýryp biler. Bu ugurdan hiç bir problema bolup bilmez.

Azatlyk Radiosy: Diňe medeniýet ugrundan däl, öz wagtynda Türkmenistan medisina ugrundan hem Azerbaýjandan köp ýardam alypdy. Biziň studentlerimiz Bakuwda esasan Pediatriýa hem farmasewtika ugurlaryndan bilim aldylar.

Ilhan Nasibli: Azerbaýjan muňa höwes bilen razy bolardy. Türkmen garyndaşlarymyza elimizden gelen kömegi bereli diýerler. Emma Azerbaýjanda şeýle pikir bar, ýagny Türkmenistanyň syýasy gurluşy muňa zerurlyk duýýarmy? Olar bu işde öz syýasy ambisiýalaryndan geçip bilerlermi?

Eger Türkmenistan höwes bildirse, Azerbaýjanyň bütin guramalary näme üçin kömek etmesin? Her bir okuw jaýynda Türkmenistan üçin 3-5 ýer aýyrmaga taýýardyr diýip, men pikir edýärin. Türkmenistan-da Azerbaýjana kömek edip bilerdi. Orsýetiň çempiony Kazanyň “Rubininiň” maşkçysy – treneri türkmendir. Ol gelip biziň Nebitçi komandamyza, bir-de Azerbaýjan futbolçylaryna kömek edip bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Belki, şeýle bolar. Belki, dostlukly gatnaşyklar ýeňer. Beren gürrüňleriň üçin sag bol, Ilhan.

Ilhan Nasibli: Siz-de sag boluň. Bütin türkmen ili sag bolsun.