BMG-niň ozalky Ýugoslawiýa üçin uruş jenaýatlary sudy Bosniýanyň uruş döwründäki serb lideri Radowan Karadiçe aklawçy berkitdi we sud diňlenişigini 2010-njy ýylyň martyna yza süýşürdi.
Çarşenbe güni prokurorlar suduň Karadiçe aklawçy bellemegine we onuň sudy boýkot eden ýagdaýynda hem diňlenişigi dowam etdirmäge çagyrdylar.
Sud geçen hepde başlanan hem bolsa, Karadiç uruş jenaýatlary tribunalynyň diňlenişik otagyna ilkinji gezek sişenbe güni geldi.
Karadiç özüni goramak üçin taýralanmaga ýeterlik wagtynyň bolmandygyny aýdýar.