Serbiýa Mladiçi ýylyň soňuna çenli tujagyny aýdýar

Serb resmisi Belgradda uruş jenaýatynda güman edilýän esasy adam bolan Ratko Mladiçi ele salmak üçin ähli zadyň edilýändigni aýtdy.

Serbiýanyň Gaga tribunaly bilen hyzmatdaşlyk boýunça Milli geňeşiniň başlygy Rasim Lýaýaiç häkimiýetleriň ýylyň ahyryna çenli Mladiçi ele saljagyna özüniň ynanýandygyny aýtdy.

Mladiçiň tussag edilmegi Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigine agzalyk meselesinde esasy şert bolup durýar.