Türkiýe jemhuryýeti 86 ýaşyny belledi

Her ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkiýede jemhuryýetiň döredilmeginiň ýyl dönümi bellenilýär.
86 ýyl mundan ozal, ýagny 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda jemhuryýetiň düýbüni tutan Mustafa Kemal Atatürk beýik Millet Mejlisinde, ýagny parlamentde eden çykyşynda ýurtda Osmanly döwletiň ýerine täze düzgüniň, jemhuryýetiň esaslandyrylandygyny yglan etdi.

Şol çykyşynda Atatürk, Türkiýe jemhuryýetiniň dünýewi we kanun esaslarynda hereket etjekdigini belläp, režimiň ümzüginiň demokratik gadyr-gymmatlyklara tarapdygyny-da ýörite nygtapdy. Atatürk jemhuryýetiň esaslarynyň halkyň agzybir hereketinden dörejek güýje baglydygyny-da şol mejlisdäki çykyşynda belläpdi.

Ilkinji bolup Türkiýe ykrar etdi

Sowet Soýuzy dargandan soňra Türkiýe ilkinji bolup, Türkmenistanyň we beýleki türki jemhuryýetleriň garaşsyzlygyny ykrar etdi. Dörän mümkinçiliklerden peýdalanyp, Türkiýe Orta Aziýa bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda alada edip gelýär.

Gatnaşyklaryň ilerlemeginde ýa-da bar bolan problemalar dogrusynda Istanbul Koç uniwersitetinde Orta Aziýa barada sapak berýän professor Timur Hoja ogly bilen söhbetdeş bolduk. Onuň pikiriçe Türkiýe jemhuryýetiniň döremegi iki nukdaýnazardan ähmiýetli, birinjisi, onuň ilkinji gezek 1923-nji ýylda, “Türk” ady bilen bir döwletiň esaslandyrylmagydy, ýöne häzir türki milletleriň birnäçe döwleti bar, ikinjisi bolsa, bu täze döwletiň ozalky Osman imperiýasynyň dowamy bolman, dünýewi we döwrebap esaslara daýanýan bir döwletliginde.

Türkiýe ilkinji bolup, öz garaşsyzlygyny yglan eden Merkezi Aziýa döwletlerin, şol sanda Türkmenistany, resmi taýdan ykrar etdi. Şuny nazara alyp, gatnaşyklaryň ösmeginde ýa-da ösüş ýolunda dörän böwetler hakynda Timur Hoja şeýle diýdi: «Iki tarapyň-da kemçiligi bar. Munuň sebäbini hem Türkiýe tarapynda hem-de garaşsyzlygyna gowşan täze döwletlerden gözlemeli”.

Timur Hojanyň aýtmagyna göra, Birinjiden, türkiýeli alymlar sowet döwründe Türki döwletlerde ýaşaýan kowumdaşlarynyň ýagdaýyndan onçakly habar alyp bilmändikleri üçin garaşsyzlyk döwri başlananda olaryň syýasy, ykdysady we sosial durmuşlaryna doly göz ýetirip, gerekli syýasaty ýöredip bilmediler. “Elbetde, soňky döwürde ýagdaý bilen biraz tanşyp başladylar. Garaşsyzlygyna gowşan türki döwletlere hakda aýtsak, sowet döwründe türki döwletler bilen Türkiýede ýaşaýanlaryň arasynda göni we erkin gatnaşyklar bolmandy, soňky döwürde bolsa halkalaryň medeni gatnaşyklaryna garanda, liderleriň dürli ykdysady we syýasy şertnamalary baglaşmagyna köpräk ähmiýet berildi.”

Eýran we Orsýet faktory

Türkiýäniň Orta Aziýa bilen gatnaşyklarynda, bulardan başga-da Eýrandyr Orsýet faktorlaryny unutmaly däl diýip, professor Timur Hoja mälim etdi.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Birleşen Ştatlar we günbatar döwletleri Orta Aziýada öz syýasatlaryny Türkiýäniň araçylygyndan peýdalanyp, alyp bardylar, bu gün bolsa olar bu döwletler bilen göni gatnaşyga girişýärler. “Bu meselede häzir Türkiýäniň ähmiýeti peseldimi?” diýen soragymyza professor Timur Hoja ogly şeýle jogap berdi: “Günbatar we Birleşen Ştatlar Eýranyň Orta Aziýa täsiriniň artmagyndan howatyr edip, Türkiýe ýaly dünýewi döwleti özlerine görelde edinmeklerini isleýärdi, ýöne haçanda Eýranyň bu sebite täsiriniň onçakly uly däldigine göz ýetirenden soňra, Günbatar we ABŞ regionyň döwletleri bilen göni gatnaşyklary ösdürip başladylar.”

Türkiýäniň Orta Aziýadaky syýasatynyň manysy energiýa hyzmatdaşlygynyň ýany bilen medeni gatnaşykary-da ösdürmekden ybarat. Bu ugurda soňky döwürde türki döwletleriň parlamentar assambleýasynyň duşuşygyny we türki döwletleriň Bakuwda geçirilen maslahatlaryny ýatlamak ýerlikli bolar.