Eýrandaky türkmenleriň ykbaly we Aşgabat

Dünýä türkmenleriniň gumanitar bileleşiginiň “Mekan” köşgi.

Geçen hepde Aşgabatda dünýä türkmenleriniň gumanitar bileleşiginiň 12-nji konferensiýasy bolup geçdi.
Konferensiýa diňe bir Türkmenistanyň öz içindäki problemalara ünsi çekmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan millionlarça türkmenleriň-de durmuşynyň haçanam bolsa gowulanmagyna umyt döredýär. Bu umytlar ozaly bilen Eýran türkmenleriniň ykbaly bilen bagly.

Ençeme onýyllyklar bäri bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň ýagdaýynyň “meniňki bolsun” diýer ýaly däldigi dogrusynda maglumatlar gelip ýetýär. Olar öz ýaşaýan ýurdunda köp sanly gadaganlyklardyr çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, bu diňe bir maddy hal-ýagdaý bilen bagly bolman, etnik-milli ösüş babatyndaky basyşlary-da öz içine alýar.

Eýrandaky türkmenleriň ykbaly

Eýranda 2-4 million aralygynda türkmen ýaşaýar diýilýär, ýöne olar ýurtda ruhy, milli hem syýasy ösüş mümkinçiliklerinden mahrum. Eýranda türkmen dilinde ýekeje mekdebiň-de ýoklugy haýran galdyrýar. Hat-da mekdeplerde türkmenlere öz ene dilinde gürleşmek-de gadagan, ony bozan çagalara ýa-da ene-atalara berilýän jezalar bar. Türkmen milli geýminde mekdebe barmak barada gürrüňem bolup bilmez.

Şeýle çäklendirmeleri resmi Tähran öz döwlet syýasaty derejesinde saklaýar. Ähli etnik-milli toparlar Eýranda şonuň ýaly berk düzgünde ýaşamaly bolýarlar. Bu ýurtda doglan, dünýä inen türkmen çagalaryna türkmen atlaryny dakmak hem gadagan. Türkmen dilinde ýekeje gazet ýa žurnal-da ýok. Eýranyň ýerli we merkezi häkimiýetinde etnik azlyklaryň wekilçiligi barasynda-da ýaňkylary aýdyp bolar.

Türkmenistanyň öňki ýolbaşçysy özüni “türkmenbaşy” diýip atlandyranam bolsa, ol Eýran ýolbaşçylaryna azda-kände täsir etmäge, Tähranyň türkmen jemgyýetine bolan gatnaşygyny özgertmäge hat-da synanyşmadam. Nyýazow çykyşlarynda özüni birinji nomerli türkmen watançysy edip görkezmegi halaýardy. Ýöne iş bilen sözüň arasy ýer bilen gök ýalydy, olaryň birleşen, sepleşen ýeri ýokdy.

Türkmenistanda täze ýolbaşçynyň häkimiýet başyna gelmegi bilen eýran türkmenlerinde gowulyga tarap özgerişler barasyndaky umytlar ýaňadan janlanyp ugrady.

“Golumyzy uzatmaga hemişe taýýar”

Geçen hepde bolan konferensiýada çykyş edip, Berdimuhamedow: “Biz dürli ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyza dostluk golumyzy uzatmaga hemişe taýýar” diýdi.

Bu sözler Eýranda ýaşaýan türkmenleriň ýüregini gobsundyrman, kimiňkini gobsundyrsyn. Häzirki türkmen lideri Nyýazowyň golaýyna barmaga gorkan meselelerini gozgap bilermi? Barlyşyga gitmegi halamaýan eýranlylar bilen deň derejede durup, ylalaşyk, barlyşyk barasynda gürrüň etmäge prezident aýgyt edermi?

Berdimuhamedow aşa çylşyrymly hem kuwwatly konkurenti Orsýet bilen gatnaşyklarda öz sözünde durup bilýändigini, hötjetligini görkezdi ahyryn. Ol näme üçin Eýranyň öňünde ýöwsellemeli, onda-da ganybir watanşalarynyň ykbaly barasynda gürrüň gidýän wagty?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.