Internetiň awtoritar režimlerdäki roly

Köpçülikleýin habar serişdeleriniň täze tehnologiýalary, ýagny Twitter, Facebook we YouTube ýaly saýtlar, dünýäniň ýapyk jemgyýetlerinde ýaşaýan adamlar üçin azatlyga tarap ýol açdylar.
Bu serişdeler demokratiýanyň tarapdarlary üçin raýdaşlary bilen tiz maglumat alyşmaga, internetde wideo ýazgylaryny ýerleşdirmäge we hökümetiň gözegçiliginden daşary täzelikleri we maglumatlary çap etmäge mümkinçilik döretdiler.

Eýranda täsiri uly boldy

Täze serişdeler arkaly protestler gurnalýar, tarapdarlaryň sany artdyrylýar, korrupsiýanyň üsti açylýar we ynsan hukuklarynyň bozulmagy barada maglumat ýaýradylýar.

Geçen tomusda Eýranda prezidentlik saýlawlaryndan soň protestler başlananda, demonstrasiýalar we çykyşlaryň häkimiýetler tarapyndan gandöküşikli basyp ýatyrylmagy barada habar ýurduň daşyna Facebook, YouTube we Twitter arkaly ýaýradyldy.

Eýrandaky wakalar barada habar bermek ýerli žurnalistlere gadagan edilipdi, şeýlelikde bolan wakalar barada dünýä habar bermek işini ýurduň raýatlary öz üstüne aldylar. Protestçileriň “Ýaşyl Hereketiniň” lideri Mir Hosseýn Musawi öz tarapdarlary bilen şol wakalaryň dowamynda we şu günki gün hem Facebookdaky blogy arkaly habarlaşýar.

Protestleriň iň gyzgalaňly pursatynda onuň beren habarlary örän täsirli bolupdy. Täze tehnologiýalaryň hökümet senzurasyndan erkin bolmak ukyby Waşingtondaky kanun çykaryjylaryň hem ünsüni özüne çekdi.

ABŞ-nyň Kongresiniň ynsan hukuklary boýunça topary bolan Amerikan Helsinki Komissiýasy ýakynda tehnologiýalar boýunça ekspertler toparyna ýüzlenip, täze habar beriş serişdeleriň repressiw režimlere sosial aktiwlik we graždan jemgyýetçilik taýdan nähili täsir ýetirýänligini we Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň bu ugurdan berip biljek ýardamy barada düşündiriş berilmegini sorady.

Döwrüň täze tehnologiýalary

Programma üpjünçiligini işläp döredýän Neýtan Frietas adamlara mobil telefonlary arkaly informasiýa alyşmaga goşmaça mümkinçilik berýän tehnologiýalary hem döretdi.

Frietas şeýle-de Birleşen Ştatlarda, Hytaýda, Tibetde we Hindistanda demokratik çykyşlary guramakda hem ýardam beripdi. Ol häzirki wagtda Nýu-Ýork Uniwersitetinde “Mobil Tehnologiýalaryň ulanylmagyndaky sosial aktiwlik” boýunça sapak alyp barýar.

Frietasyň özi edýän işleri barada aýdyp, döwrüň täze tehnologiýalarynyň diňe bir baýlyk we wagty hoş geçirmek üçin ulanylman, dünýäni gowulandyrmak üçin peýdalanylmalydygyny aýdýar.

“Freedom House”, ýagny ”Azatlyk Öýüniň” graždan jemgyýetçiligi we metbugat azatlygy boýunça wekili Daniel Kalingert Postsowet döwletleriniň raýatlary tarapyndan täze tehnologiýalaryň öz hak-hukuklaryňy goramak hem kanunlaryň bozulmagy bilen bagly wakalaryň üstüni açmak üçin ulanylýanlygyny belledi.
”Emma demokratiýa ýok ýurtlara özgerişlik getirmek üçin Twitter we YouTube ýaly täze tehnologiýalar ýeterlik däl” diýip, Kalingert hasap edýär.

“Freedom House” guramasyndan Deniel Kalingertiň bellemegine görä, täze tehnologiýalaryň diňe özi awtoritar režimleri dargatmakdan ejiz. Öňki sowet döwletlerindäki awtoritar režimler bolsa öz raýatlaryna, şeýle-de habar beriş serişdelerine basyş etmegini dowam etdirýärler.