Inçekesel – täze milli howp!

Türkmenistanda inçekeseliň dermanlara durnukly görnüşleri gitdigiçe artýar. Bu kesel, dogrrusy, eýýäm milletiň geljegine howp salýar.
Türkmenistanyň käbir ýerlerinde adamlar bu aýylganç kesel bilen öýin-öýin, bütin maşgala bolup keselleýärler. Inçekesellileriň özlerini wagtynda hem gowy bejerdip bilmeýändikleri üçin her bäşinji adamda ol täzeden gaýtalanýar we soňra adaty dermanlar bilen bejerip bolmaýan, durnukly görnüşe geçýär.

Programma we göreş zerur

Türkmenistanda häzire çenli inçekeseli bejermek boýunça döwlet programmasy ýok. Bu programma ozalky SSSR-iň çäklerindäki ähli döwletlerde bar. Netijede olar inçekeseliň garşysyna göreşmek üçin Halkara fondlardan zerur ähli kömekleri alýarlar. Emma Türkmenistan bu kömekden mahrum. Sebäbi ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi inçekeseliň hakyky gerimini, kesellileriň, şol sanda inçekeseliň agyr görnüşlerinden ejir çekýänleriň sanyny halkara guramalardan gizleýär.

Ýurtda inçekeseliň garşysyna iş ýüzünde hiç hili göreş ýok. Döwlet programmasy bolmansoň, inçekeseliň agyr görnüşlerine ýoluganlary tiz ýüze çykarmak üçin ýörite diagnostik merkezlerem, laboratorilerem ýok. Netijede adamlaryň birentegi, tä iş-işden geçýänçä, hatda özleriniň nähili derde uçrandyklarynam bilenoklar. Bilende-de, girdejisi pes adamlaryň özüni bejertmek mümkinçiligi az. Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlaryndan ”Pul bermeseň, inçekeselden maşgalaň bilen gyrylsaňam, bejerjek ýok” diýen howsalaly habarlar gelýär.

Döwlet öz borjuny ýerine ýetirmänsoň, köp syrkawhanalaryň inçekeseliň garşysyna durmaga asla mümkinçilikleri ýok, parahor lukmanlar bolsa, mundan özleriçe peýdalanýarlar. Bu keseliň esasy ojaklary – türkmen türmeleri. Türmä girip-çykanlaryň köpüsi öýlerine inçekesel getirýärler. Soň bu kesel olaryň maşgala agzalaryna, ýakynlaryna geçýär.

Şeýle ýagdaýda inçekeseliň hasabatyny ýaşyrmak, heý, akyla sygjak zatmy?! Emma nyýazowçylykdan galan endige görä, halkyň saglygyna jogapkärler entegem möhüm statistki maglumatlary, şol sanda howply keselleriň statistikasyny-da, Halkara guramalardan gizleýärler. Häzirki prezident G.Berdimuhamedowyň Nyýazow döwründe ilatyň saglygyna jogapkär, ýagny Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri bolanlygynyň hem bu ýagdaýy döredýän bolmagy ahmal.

Aýyp däl-de - kesel

Inçekesel aýyp däl-de – kesel. Diýmek, ony gizlemegiň geregi ýok, onuň garşysyna döwlet derejesinde göreşmeli. Keseliň ýurtdaky ýaýraýyş gerimi hakda degişli Halkara guramalara doly maglumat berlip, zerur goldawy almaly, şonsuz onuň ýaýramagynyň öňüni almak kyn bolar.

Türkmenistanda inçekeseliň agyr görnüşleriniň ýaýraýyş gerimi degişli Halkara guramalaryna eýýäm aýan. Ony bilmek üçin ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň dürli wagtlarda Halkara guramalaryna iberen hasabatlaryny öwrenmek ýeterlik. Bütindünýä Saglyk Guramasyna we Halkara Global Fonda iberilem sanlary deňeşdirseň, hemme zat görnüp dur. Olaryň birinjisinde ýurtda her 100 000 adama 65 sany täze hassalan inçekeselli düşýär diýilse, ikinjisinde şol san 115 diýlip görkezilýär, ýagny iki esse köp san getirilýär.

Emma Türkmenistan hatda maliýe kömegi berleýände-de, agyr inçekesellileri diňe 2013-nji ýyldan bejerip başlajakdygyny aýdýar. Oňa çenli müňlerçe adamynyň diňe wagtynda bejerilmänligi sebäpli armanly öljekdigi, inçekeseliň ähli dermanlara durnukly görnüşiniň ýene-de näçe müň adama ýokuşjakdygy äwmezek wezipelileri asla gyzyklandyrmaýan bolarly.

Bu äwmezeklik halkara jemgyýetçiliginiň alada goýýar. Ýewropada we ozalky SSSR-iň territoriýasynda inçekesele garşy göreş boýunça Germaniýanyň paýtagty Berlinde şu ýylyň 43-nji hepdesinde geçen konferensiýada bu hakda açyk aýdyldy. Sebäbi ozalky SSSR-iň çäklerinde, şol sanda Türkmenistanda-da, inçekeseliň ähli dermanlara durnukly, ölüm howply görnüşleriniň giňden ýaýrap barmagy halkara jemgyýetçiliginde düýpli howsala döredýär.

Emma, hakyna seretseň, bu ýagdaý ilki bilen Türkmenistanyň öz ýolbaşçylaryny ynjalykdan gaçyrmaly. Çünki inçekeseliň bu gün Türkmenistanda milli howpa öwrülendigi jedelsiz. Ýurduň başynda lukman-prezident otyrka, halkyň saglygynyň şeýle howply derejä ýetmegi, eýse ylalaşyp boljak ýagdaýmydyr?

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we syýasy analitik. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.