Ak tam musulman ýurtlarynda tehniki ösüşe goldaw berjegini aýdýar

Obama adminstrasiýasy musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan ýurtlarynda tehniki ösüşi goldamaga gönükdrilen täze köp millionly fondy yglan etdi.

Prezident Barak Obama özüniň 4-nji iýunda Kairde musulman dünýäsine ýüzlenip eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň bu hili fonda başlajagyny wada beripdi.

Ak tamyň anna güni ýaýradan beýanatynda Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Deňizaşa hususy maýa korporasiýasynyň 25 million bilen 150 million dollar aralygynda maliýeleşdirme alyp biljek hususy sektor teklipleri üçin çagyryş çap edendigi aýdylýar.