Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak barada hökümet maslahatynda edilen teklip prezidentiň özünem biraz oňaýsyz ýagdaýa saldy.
“Türkmen döwlet habarlar” gullugynyň ýazyşy ýaly, hemmeleriň ör turup, yzyny üzmän gürrüldili el çarpmagy öň bolan şunuň ýaly wakalaryň ençemesini köpleriň ýadyna salandyr. Şeýle şowhunlar uzak bolmadyk geçmişde kän gaýtalanýardy.
Berdimuhamedowdan öň ýurda “Türkmenbaşy” lakamy bilen baştutanlyk eden adama Ministrler kabinetiniň maslahatynda gahrymanlygy teklip edipdiler, ör turupdylar, el çarpypdylar. Köpçülikleýin ýaranjaňlygy, öňünde hemmeleriň iki epilmesini ol kanagatlanmak bilen kabul edýärdi. Ýokary döwlet sylaglaryny almakda ol SSKP MK-nyň Baş sekretary Leonid Brežnewdenem ozdurypdy. Ýogsa, Moskwadaky lider sylag almakda deňi-taýy bolmadyk ýolbaşçy hem kolleksioner hasaplanylýardy.
Maliýe-pul tarapyndan seredilende, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at gaty ýokary sylag, derejedi. Ýöne ol soňy bilen jemgyýetde öňki abraýyny, derejesini ýitirdi. Häzir - SSSR dargandan soň, şol sylagyň kän bir gürrüňem edilenok. Çünki onuň ahlak gymmatlygy aşak gaçdy.
Ýene we ýene
Şu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedowy öz golastyndaky adamlar S.Nyýazow bilen bir hatarda goýýarlar. Eger ol teklip edilýän sylagy alsa, onda Nyýazowa edişleri ýaly, ony şol sylaga ikinji gezek hem hödürlärler.
Il içinde abraýdan, hormatdan peýdalanyp barmaýan öňki kärdeşi tarapyndan ýola goýlan, gowy işlenen ýalan öwgi hem sylag gowşurmak stenarilerini häzirki prezident gaýtalamak isleýärmikä?
Däbe öwrülen ýaranjaňlyk, öz töweregindäkileriň şahsyýet kultuny döretmegi, öňki hereketleri gaýtalamaga häkimiýetleri itermegi mümkin. Ol bolsa, döwlet baştutanyny sistemanyň baş zamunyna öwrer.
Ýaranjaňlykda, ýedi epilmekde görkezýän gaýratlaryny prezidentiň golastyndakylar bellenen planlary amala aşyrmaga, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge sarp etseler, onuň netijeleri ýurt üçinem, prezidentiň abraýy üçinem has bähbitli bolardy.
Hökümet tarapyndan yglan edilen planlary amala aşyrmaga köp tagalla etmeli. Eýýäm köp işler bellenildi. Olaryň aglabasy kagyz ýüzünde, ýakynda kabul edilen kanunlarda öz beýanyny tapdy. Şolar doly möçberde durmuşa geçirilýärmi?
Meselem, bilim sistemasyndaky düýpli özgertmeler. Şu ugurdan bellenilen sepgitlere ýetmek üçin býurokratik apparat näderejede netijeli iş alyp barýar? Näme üçin mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň okuw programmalary düýpli işlenilmän, köp zatlar nyýazowçylyk döwründäkiden göçürilip alyndy? Näme üçin ýaşlaryň köpüsi häzirem ýokary bilimi nirede bolsa-da, başga ýerde, Türkmenistandan daşarda almak isleýär? Şunuň ýaly ýene-de çözülmedik näçe meseleler hökümetiň öňünde keserip dur?
Berdimuhamedowy sylaga hödürländen, ýurdy geçmişiň batgasyndan çykarmak boýunça býurokratlar aýgytly herekete geçseler, prezident üçinem, ýurt üçinem has peýdaly bolmazmy? Haýsy sylag – pul, serpaý, döşe dakylýan medal abraýlymy ýa-da durmuşyny gowulandyranyň üçin millionlarça ildeşleriň hormaty?
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.