Staliniň şahsyýet kulty diýlen terrorçylykly ýyllarda toslanyp tapylan, görülip eşidilmedik töhmet esasynda gitse gelmez ýola iberilen belli türkmen ýolbaşçylaryndan biri hem Türkmenistan respublikasynyň düýbüni tutup, onuň gurulmagyndan tä 1937-nji ýylda tutulýança hökümet baştutany bolan Gaýgysyz Serdar ogly, has dogrusy Täçgök serdaryň ogly Atabaýewdir.
Türkmenistanyň ýarym asyrlyk taryhynda Türkmen ýolbaşçylarynyň arasynda Gaýgysyz Atabaý kimin öz halkynyň içinde ady giň ýaýran meşhur adam tapylmasa gerek.
G.Atabaýewiň ady Türkmenistanyň berkarar edilmegi bilen respublikada we sosialistik gurluşyň agyr hem repressiw ýyllary bilen baglanşyklykda durýar. Onuň geçen durmuş ýoly, ajy ykbaly, öz deň-duşlarynyň, tutuş Türkmen halkynyň ajy ykbalyny özünde şöhlelendirýär we şonuň bir bölegi bolup durýar.
Oktýabr ynkylabynyň 50 ýyllygy bilen baglanşykly 1967-nji ýylda Aşgabatda oturdylan Gaýgysyz Atabaýewiň mermer daşa aýlanyp, gözlerini patradyp duran ýadygärligi Staliniň ganly repressiýa ýyllarynda nähak heläk bolan ähli türkmen ýigitlerine wekiliçik edýän we şolaryň-da adyndan sözüni sözläp duran ýalydy.
Emma bu ýadygärlik edil onuň adynyň hem şöhratynyň has belende göterilmeli erkana Türkmenistan döwründe ikinji bir şahsyýet kutluna duçar bolup, Saparmyrat Nyýazowyň permany bilen kül-owram edildi. Biraz wagt geçip, geçmänkä şol ýadygärligi döreden belli heýkeltaraş Mommy Seýitmyradow-da aradan çykdy.
Merhum Berdi Kerbabaýewiň G.Atabaýewe ýadygärlik ýazyp galdyran taryhy-dokumental «Gaýgysyz Atabaý» romanynyň ahyrynda Atabaýew 1937-nji ýylda öz doganyndan-da ýakyn dosty Abdyrezzagyň tussag edilen habaryny eşidip, Moskwa şeýle ýüzlenýär:
«Häzir ýurtda akyla sygmajak üýtgeşiklik peýda boldy. Sowet kanuny her ädimde basgylanyp, adatdan daşary bidüzgünçilik gidýär. Häzir günäsiz ejir çekýän adam on däl, ýüz däl, müňlerçe. Şonuň üçin hem men öz pikrimi Moskwa ýazdym, bizdügünçiligiň güne birin ýok edilmegini talap etdim, şoňa görä meni Moskwa çagyrýarlar, häzir uçýaryn.» ( B.Kerbabaýew: Gaygysyz Atabaý, Aşgabat. 1965. TDN)
Atabaýewiň uçuşy-uçuşy bolýar. Ol gaýdyp gelmeýär. Şol ýerde tutulýar. G.Atabaýew nirede, haçan we nähili şertlerde ýok edilýär, mazary nirede, oňa näme günä ýöňkelipdir? Bu barada sorag protokollarynda aýyplama hatynda «troýka» suduň kararynda näme diýlipdir? Partiýanyň we NKWD-niň arhiwlerinde Gaýgysyz Atabaýew we onuň bilen bilelikde ýok edilen beýleki türkmen gerçekleri hakynda nähili materiallar saklanýar? Bu barda örän az maglumat bar.
G.Atabaýew Eýranyň çäginde ýaşaýan türkmenleriň-de milli azat ediş herekerine goldaw berilmegini goldap çykyş edipdir. Atabaýew hem Aýtakowyň Etrek-Gürgen türkmenleriniň 1916–1924-nji ýyllar aralygynda awtonomiýa ugrunda alyp barýan göreşlerine ýardam berilmelidigini öňe sürüpdirler. Ýöne onuň egindeş ýoldaşlaryndan kommunistik partiýanyň şol wagtky sekretary Halmyrat Sähetmyradow garşy durupdyr.
Türkmenistanyň kompartiýasynyň we merkezi ijra-iýe komitetiniň bilelikde geçirlen maslatynyň stenogrammasynda bu barada şeýle maglumat bar:
«Sähetmyradow: Indi Atabaýew ikimiziň arasyndaky göreş hakynda. Bu göreşi häzire deňeç ýoldaş Atabaýew we ony goldaýan ýoldaşlaryň partiýa liniýasy bilen göreş diýip hasaplap geldiler. Býuroda nähili agzalalyk bardy? (1-njiden, 2-njiden, 3-njiden diýip, Sähetmyradow Türkmenistanda ýer-suw refomalary hakynda gürrüň berýär)
Dördünji mesele: Ýomutlaryň Gürgendäki gozgalaňy- Atabaýew türkmen ýaragly güýçleriň eli bilen olara ýardam bermek we olary bize birikdirmek meselesini goýdy. Biz merkezi komitetde meseläni başgaça goýduk, ýagny beýle etmegiň milletçilikdigini, bu tetelli çözgüdi buržuaz intellegensiýasynyň Seýitmyrat Öwezbaýewleriň, Bekgi Berdiýewleriň isleýändigini aýtdyk. «Atabaýew, sen olaryň ideologiýasyny ýöredýäň, beýle etmek bolmaz, bu biziň partiýamyzyň prinsiplerine garşy, proletar diktaturasynyň bähbitlerine ters gelýär» diýdik.
Atabaýew: Näme üçin biz öz mähriban doganlarymyzyň goragyna çykmaly däl, biz olara hökman kömek etmeli, türkmenler haýsydyr bir proletar syýastynyň pidasy bolmaly däldir.
Sähetmyradow: Bu dolandyryjy býuronyň agzalarynyň gowy ýadyndadyr. Bu meselä merkezi komitetiň býurosynda-da seredildi. Atabaýewiň partiýanyň çygryndan çykýan bu teklibini goldap onuň özi hem-de Aýtakow ses berdiler. Haýyp şonda ýygnagyň stenogramma ýazgysy ýöredilmedi, dolandyryjy býurony köplük bolup geçirenimiz sebäpli agzalan ýoldaşlaryň abraýyny gaçyrmazlyk üçin biz bu meseläni soň plenumda goýubam oturmadyk. Şol esasda ýoldaş Atabaýew we Aýtakow bilen gatnaşyklar bozuldy. Olar bu göreşde toparlaýyn göreşi gördüler.
Bäşinji mesele: Gürgen gozgalaňynyň başynda Atabaýew owalky ofisser Seýitmyrat Öwezbaýewi Daşkende çagyrdy we türkmenleriň ýolbaşçylygyny gurmak üçin ony Ürgenje ibermäge synanşdy. Biz Öwezbaýewiň iberilmeginiň öňüni aldyk.» ( Türkmenistan KGB-siniň arhiwinden)
Türkmenistanyň we beýleki soýuz respublikalaryň döwlet baştutanlaryny ýok etmek üçin bir bahana gerekdi. 1937-nji ýylyň 23-nji fewralyndan 5-nji martyna çenli Moskwada Kommunistik partiýanyň MK-niň plenumy geçdi. Onda ara alnyp maslahat edilen meseleler gizlin saklandy. Diňe «Prawda» gazetinde gysgajyk informasion habar çap edildi: «Ýakynda Kompartiýanyň plenumy tamamlandy. Plenum täze konistitusiýa esasynda SSSR ýokary sowetine boljak saýlaw bilen bagly partiýa guramalarynyň wezipeleri baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdy...»
Bu saýlaw partiýa hatarynda arassalaýyş çärelerini geçirmekden başga zat bolup çykmady. Şol gazaply terroryň gurbanlarynyň sanawyna milli serdar G.Atabaýewiň ady-da eýýam girizilen bolmalydy.
Türkmenistan SSR-niň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew, Türkmenistanyň kommunistik partiýasynyň MK-nyň plenumynda, Moskwada fewral aýynda geçirlen plenum bilen baglanşykly 1937-nji ýylyň 23-nji martynda geçirlen maslahatynda çykyş edip (has dogrusy soňky çykyşy), ýurtda bolup geçýän käbir meselelere degip geçipdir. Şol ýerde ol şeýle diýýär:
«Döwlet apparatyny ýerli kadrlardan düzmek ýaly möhüm meselede öňegidişlik gazanyp bilmeýänligimiz biziň uly kemçiligimizdir. Eger näme üçin ýaramaz işleýändiklerini bilmek isleseňiz, henize çenli iş dolanşygyny, ilkinji nobatda raýon guramalarynyň ýerli dilde geçirip bilmeýändigimizi aýtmak gerek.» (Atabaýewiň soňky tutluşygy, «Syýasy söhbetdeş» žurnaly, Aşgabat)
Britaniýanyň Moskwadaky ilçisiniň Londona ýollan telegrammasynda Türkmenistanyň liderleriniň wezipelerinden boşadylyp tussag edilendigi barada habar berilýär. . (British Documents On Forgien Affairs (1917-1939) Part II. Vol.14 University Publicatıons of America)
G.Atabaýew halkyň içinden çykyp, ýene-de öz halkyna goşuldy. Ol ýat häkimiýetler tarapyndan 38-nji ýylda «halk duşmany» diýip, näçe at-abraýdan düşüriljek bolsa-da, hiç wagt öz halkyna duşman däldi we duşman bolubam biljek däldi.
Türkmen halkynyň milli gahrymany G.Atabaýew uzak ýaşamady, onuň ömür tanaby bary-ýogy 50 ýaşyň içinde biwagt üzüldi. Emma ol öz halkynyň ýüreginde ebedi ýaşaýar we ýaşar.
Atabaýewiň Kemine diýen alym ogly häzir Moskwada ýaşaýar.

Heýkeltaraş Mommy Seýitmyradowyň Gaýgysyz Atabaýew baradaky bu eseri Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýok edildi.