Türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji oktýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýurduň Saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministrliginiň işini tankyt edendigini, ministrligiň ýolbaşçysy Ata Serdarowa berk käýinç berendigini ýazýar.
Döwlet eýeçiligindäki habarlar gullugynyň gysgaça maglumatynda aýdylmagyna görä, ministr medisina maksatly obýektleriň gurluşygynyň gidişine gözegçiligi gowşadanlygy we kadrlar syýasatynda goýberen kemçilikleri üçin ýazgarylypdyr.
Käýinjiň aňyrsyndaky sebäpler
Ýöne türkmen metbugaty hökümet maslahatynda prezident derejesinde gürrüňi edilen il-ýurt ähmiýetli mesele barada giňişleýin maglumat bermekden, näme üçindir saklanýar. Eýse, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynda nähili kynçylyklar bar we bu ýerde prezidentiň gaharyny getiren zatlar näme bolup biler?
Biziň gürrüňdeş bolan ýerli synçylarymyzyň käbiriniň pikirine görä, açyk aýdylmaýan hem bolsa, saglyk ministrine käýinç berilmegi ýurtda çalt depginde ýaýraýan ýokanç keseller, esasanam içagyry, sarygetirme bilen bagly bolmaly.
Bize gowuşýan resmi bolmadyk habarlara görä, maý aýyndan bäri içagyry bilen keselleýänler gaty köpelýär we bu keselden esasan ýaş çagalar köp ejir çekýärler. Mundanam başga, Türkmenistanda sarygetirme bilen keselleýänleriň hem barha köpelýändigini aýdýarlar.
Binalar we kadrlar
Resmi maglumata görä, ministre berlen käýinjiň bir bölegi medisina maksatly binalar bilen bagly bolsa, ikinji bölegi kadrlar syýasaty bilen bagly. Ondan ötri, ýurtda ýokanç keselleriň möwjemeginiň bir tarapynyň saglygy saklaýyş pudagyndaky kadrlar syýasaty bilen baglanyşyklydygyny hiç bir jähtden inkär edip bolmaz. Emma Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky kadr kynçylyklary häzirki ministr döwründe däl, 10-12 ýyl mundan öň başlanypdy.
Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmen lukmanynyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky kadrlar syýasaty Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda düýpli bulaşyklyga salyndy. “Mysal üçin, 1991-nji ýyldan öň Türkmenistanda her 10 müň adama 32 wraç düşen bolsa, Nyýazowyň saglyk programmasynda bu sany 25-e düşürmek göz öňünde tutuldy”.
Bu pikiri Nyýazow döwründe saglygy saklaýyş işgärleriniň müňläp ştat kemeltmä uçradylmagy, medisina institutyna alynýan studenteleriň sanynyň kemeldilmegi, okuwlaryň möhletiniň gysgaldylmagy hem tassyklaýar. Emma şol döwürde saglyk ministri bolan Berdimuhamedowyň prezident bolanyndan soň ilkinji nobatda okuwlaryň möhletini dikeltmegi saglyk pudagynda hem reforma boljagyna umyt döretdi.
Nähili özgerişlikler boldy?
Eýse, bu umyt näderejede ýerine bitdi ýa-da ozalky wraçyň prezident bolmagy ýurduň saglygy saklaýyş pudagyna nähili özgerişlik getirdi?
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew «Eger daşary ýurtlularyň gözi bilen seredilse, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynda özgerişligiň kändigini, uly-uly medisina-barlag merkezleriniň gurlandygyny, dünýä derejesinde görkezip boljak işleriň edilendigini» aýdýar. Ýöne ol bu meselä ýurduň öz raýaty bolup seretseň, uly bir üýtgeşikligiň görünmeýändigini nygtaýar.
«Prezidentiň Gazanjyga, Balkan welaýatynyň Bereket etrabyna baryp gaýdanyna ýarym ýyl bolup barýar, ol Gazanjyga maý aýynyň başynda baryp gaýtdy. Ol ýerde-de esasy gurulmaly edilen binalaryň biri etrapdaky merkezi keselhananyň jaýy, emma bu söz aýdylan ýerinde galdy» diýip, Bugaýew aýdýar.
Hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň pikirine görä, saglygy saklaýyşda bellemeli oňyn bir zat bar bolsa, ol maşgala lukmany institutynyň doly güýjünde işläp başlamagydyr.
Dermanlaryň elýeterliligi
Baýryýew hususy dermanhanalarda, döwlet kommersiýa dermanhanalarynda islendik dermanyň tapdyrýandygyny we munuň hem oňyn zatdygyny aýdýar.
Ýerli synçylaryň köpüsi reseptler esasynda, medisiana ätiýaçnamasy bilen berilýän we bahasynyň diňe 10 prosenti tölenip alynýan dermanlaryň tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.
Bize gowuşýan resmi bolmadyk habarlara görä, Türkmenistanda dermanlaryň bahasynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmaýan halatlary hem kän. «Aýdaly, Orsýetden getirilýän damja usully ýürek dermanynyň bir çüýşejigi 25 müň manatdan satylýar, ýürek agyryly adamlar bu dermany köp içýärler we olara her 3-4 günden bir çüýşe derman gerek bolýar» diýip, aşgabatly bir diňleýjimiz aýdýar.
Amanmyrat Bugaýew synçylaryň derman ýetmezçiligi baradaky pikiri bilen ylalaşýar we ýurduň öz içinde öndürilýän derman önümleriniň hiliniň öwerlik däldigini öňe sürýär.
Medisina hyzmatlary
Bugaýew maşgala lukmany diýen sistema geçilmeginiň başda gowy bolandygyny, emma soň bu sistemadaky saglyk hyzmatynyň hem pese gaçandygyny belleýär.
«Sebäbi başda her maşgala lukmany 400 adama hyzmat edýärdi we ol wraçlar öz pasiýentleriniň golaýynda ýaşamalydy. Emma indi o zatlar ýatyp galdy, her maşgala lukmany bolsa, 1,000-1,200 adama hyzmat etmeli bolýar» diýip, Bugaýew aýdýar.
Ýurduň daşynda ýaýraýan resmi bolmadyk maglumatlara görä, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynda korrupsiýa giň ýaýran we alym-berim, hususanam, çaga dogrulýan öýlerde çuň kök urupdyr. Bu ýagdaý, käbir pikirlere görä, çagany zerur bolmadyk halatynda hem kesip almagyň köpelmegine eltýär.
Aşyrguly Baýryýew aýallaryň soňky iki-üç ýylda bu ýagdaýdan barha kän zeýrenýändiklerini aýdýar. Şeýle-de ol çaga dogrulýan öýde bolmagyň nyrhynyň gaty ýokarydygyny, ol ýerde iki-üç gün bolan aýallaryň hem 4-5 million manat pul tölemeli bolýandygyny, bu ýagdaýyň eli ýuka aýallary öýde dogurmaga ýa-da pes hilli, ýöne arzan keselhanalara ýüz tutmaga mejbur edýändigini gürrüň berdi.
Korrupsiýa we reformalara zerurlyk
Maryly diňleýjimiz Açar saglygy saklaýyşdaky korrupsiýanyň keselhanalardan däl, eýsem ýokary okuw jaýyndan başlanýandygyny öňe sürýär. Onuň pikiriçe, Türkmenistanda ýokary bilim parahorluga, tanyş-bilişlilige esaslanýar we bu ýagdaý ozaly wraçlaryň öz hünärini gowy bilmezligine, ikinjiden bolsa, öz okuwa harçlan puluny derhal näsaglardan aljak bolmagyna sebäp bolýar.
Türkmen «Görk – eginden, saglyk – agyzdan» diýýär. Ýerli synçylar Türkmenistanda keselçiligiň köpelmeginiň bir sebäbini iýip-içilýän zatlaryň hilinde görseler, ýene bir sebäbini döwletiň saglygy saklaýyş pudagynda geçirmeli hakyky reformalarynyň gijikmeginede görýärler. Emma bu barada türkmen metbugatynda gürrüň edilmeýär.