Şahsyýet kulty kime we näme üçin gerek?

Türkmenistanda saýlawlary we referendumlary geçirmek baradaky merkezi toparyň başlygy M.Garryýew Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň golaýda geçirilen giňişleýin mejlisinde söz alyp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň gahrymany” diýen ady dakmak baradaky teklibi öne surdi.
Resmi habara görä, mejlise gatnaşyjylar bu teklibi goldapdyrlar. Bu habar synçylarda ”Türkmenistanda ýene nyýazowçylyk gaýtalanýarmy, täze şahsyýet kulty has çalt depginde döredilip başlandymy?” diýen soraglary döretdi.

Bu zatlar kime we näme üçin gerek?

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň pikirine göra, prezident G.Berdimuhamedow Nyýazowyň eden-etdiligini ýok etmek ugrunda köp iş edipdir. Ýurtda reformalar geçirilýar. Emma öwerlik derejede dal. «Prezidentiň berýän erkinliklerinden ýaranjaň adamalaryň ilden öňürti peýdalanýandyşgyny görýaris. Soňky döwürde olar prezidenti edil Nyýazowyň döwründäki ýaly dürli atlar bilen edil: hudaý, pygamber diýmeseler-de, howandar, arkadag ýaly atlar bilen atlandyryp başladylar.»

Onuň sözlerine görä, türkmen halkynyň döwlet baştutanyndan garaşýan zady, bu ýaranjaňlaryň ýaranjaňlyk prinsiplerini derbi-dagyn edip, olary sem bolar ýaly etmegidir. «Gahrymanlyk hem öň Nyýazowyň döwründe ýakasyny tanadan Garryýew tarapyndan hödürlendi. Aslynda gahrymanlygy halk kesgitleýär. Bu günki gün Gaýgysyz Atabaýewe, Nedirbaý Aýtakowa ýa-da Şaja Batyrowa döwlet derejesinde gahryman diýilmeýar. Emma halkyň öňünde hyzmat bitirendigi üçin olar hakyky gahrymanlardyr.»

Ýaranjaňlyk edilýändigini prezident bilýärmi?

Türkmenistanly Rahman ýurduň prezidentiniň özüne ýaranjaňlyk edilýändigini gowy bilýändigini öňe sürýär: «Bolýan zatlary prezident gowy bilýär. Nyýazow hem öz suratyny halkyň söýýändigi üçin goýýarlar diýipdi. Bu prezident hem şol oýny etjek bolýar.»

Syýasaty öwreniji Daşpolat Ýoldaşew öz pikirini şeýle beýan etdi: «G.Berdimuhamedow ýaş prezident we onuň döwlet başyna gelip, prezident hökmünde işe başlanyna kän wagt geçenok. Eger-de ol hazirden gahryman adyny alsa, bäş-on ýyldan edil Brežnewe meňzäp, döşünde orden-medallary dakmaga ýer hem tapylmaz.»

Syýasaty öwreninjiniň pikirine görä, öwgä, hoş sözlere, başdan öwrenen adam özünde kemçilikleriň bardygyny duýman başlaýar. «Netijede bu ýagdaý ol adamda kemçilikleriň köpelmegine hem bu kemçilikleriň ozaly onuň özüne , soňra-da tutuş halka zyýan ýetirmegine alyp gelýär.»

Kabir synçylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri özleriniň kimdigini özleri belleýärler diýýärler.

Gazagystanly syýasaty öwreniji Dosum Satbaýew golaýda Gazagystanyň prezidentine milletiň lideri adyny bermegiň teklip edilendigini aýdýar. «Agzalýan zatlar awtoritar režimiň netijesidir. Gahryman ýa-da lider bolmagy isleýän adam ýurt, halk üçin köp iş etmeli. Eýsem, Merkezi Aziýanyň haýsy ýurdunda adamlar azat we erkin ýaşaýar? Ol ýurtlaryň haýsy birinde söz we metbugat azatlygy bar? Haýsy birinde aç-açanlyk bar? Şu nukdaýnazardan seredilende, Merkezi Aziýa regionynyň hiç bir prezidenti gahrymanlyga ýa-da milletiň lideri adyna mynasyp däl.»

Ýurduň gahrymany ady kime we näme üçin berilýär?

Gazagystanly syýasaty öwreniji Serik Abdurahmanowyň pikirine görä, ýurduň gahrymany adyny ýyly kabinetde oturan resminiň mejlisde halkyň adyndan eden teklibi esasynda bermeli däl. «Beýle at halk tarapyndan, halkyň hakyky erk-islegi arkaly berilmeli. Halkda beýle islegiň döremegi üçin bolsa prezidentiň halkyň döwrebap, bol-elin ýaşamagy ugrunda ullakan işleri amala aşyrmagy gerek.»

Satbaýewiň pikirine görä, bu at köp ýagdaýda adam ýaşap, işläp ýörkä dal-de, ol ölenden soň berilýändigini aýdýar: “Diňe taryh kimiň gahrymandygyny anyklap berer we wagt bu meselede iň adyl kazydyr”.

Wagtyň synagyndan geçmedik, hökmürowan wezipe ýa-da halkyň syýasy-ykdysady azatlyklarynyň ýoklugyndan peýdalanyp alynýan «gahrymanlyk» döwrebap bilim-düşünjeli adamlarda hormat-sylag däl-de, eýsem gülki, nebsagyryjylyk duýgularyny döredýär, muňa sowet döwründen Brežnew mysal bolsa, garaşsyzlyk ýyllaryndan Nyýazow mysal alnyp bilner diýip, bilermenler aýdýarlar.

Eýse, bu günki gün kim Leonid Ilýiçi ýa Saparmyrat Ataýewiçi gahryman hökmünde ýatlaýar ýa hormatlaýar? Bu sorag oýlanmagy talap edýär.