15-nji oktýabrda Türkmenistanda halkara maýa goýum forumy açylýar diýen maglumat bu forumyň internet saýtynda çap edildi.
Halkara maýa goýum forumy 17-nji oktýabra çenli dowam eder. Onuň geçirilmeginiň diňe Türkmenistan üçin däl, eýsem bütin dünýäniň biznes elitasy üçin örän möhüm waka boljakdygy habar berilýär.
Inwestisiýa boýunça ädimler
Türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýryýew soňky döwürde Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurda getirmäge uly üns berýändigini we şoňa şert döretmäge çalyşýandygyny aýdýar: «Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ýeterlik şertler bolmaly.Ýagny şol maýa goýumyny goýan ýurtlar öz goýumyndan peýda görüp bilmeli.» Onuň sözlerine göra, inwestisiýalaryň nähili işlere sarp ediljekdigi anyk kepillendirilen bolmaly.
Oppozisiýa wekili, daşary ýurtda döredilen «Respublika» partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow Türkmenistanda beýle halkara inwestision forumyň geçirilmeginiň gowudygyny aýdýar: «Türkmenistana inwestisiýalar gerek. Olar ýaly senagaty ösýän ýurtlara dünýä krizisi döwründe inwestisiýalar döwlete uly kömek berip biler.»
Nurmuhammet Hanamow ýurda uly möçberde inwestisiýa getirmek üçin ýurduň içinde kanun işlemeli diýýär: «Maýa goýjak adam ýurtda kanunyň işleýändigine ynanmaly. Meseläni bir adam çözüp, şu gün bolýar diýse, ertir hem ýok diýse, bular ýaly ýagdaýda mesele çözülmeýär.»
Maýa goýujylar
Bu forumda çykyş edýänleriň arasynda “Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň”, “Doýçe bankyň”, “Bütindünýa bankynyň”, “Aziýanyň ösüş” bankynyň wekilleriniň atlary bar. Şeýle-de RWE, Gaffneý, Kline and Asoşiates ýaly iri kompaniýalaryň wekilleriniň bu forumda çykyş etjekdikleri habar berilýär.
Özbegistanly ykdysatçy Iskender Hudaýbergenow inwestisiýa barasynda gürrüň edilende, ilki bilen “inwestisiýany kimiň bermegi mümkin?” diýen soraga jogap gözlemeli diýýär. Onuň sözlerine görä, «Ilkibaşda ABŞ, günbatar döwletleri, soňra Hytaý, onsoňam näçe ýyllardan bäri Merkezi Aziýa döwletleri bilen işläp ýören Orsýet maýa ýatyryp biler. Bu döwletleriň Türkmenistana dürli şertler esasynda sermaýa ýatyrmagy mümkin.»
Onuň pikirine görä, Günbatar ýurtlary inwestisiýa ýatyrýan bolsa, Türkmenistan demokratiki ösüş ýoluna düşmeli: «Eger-de Hytaý inwestisiýa ýatyrýan bolsa, onuň diňe öz bähbitleri barada pikir edip, seniň tebigy resurslaryňdan peýdalanmagy göz oňünde tutup, sermaýa goýmagy mümkin.Orsýetiň maýa goýmakdan gözleýän maksady maýa goýulýan döwlet onuň syýasy ýarany, ýagny soýuzdaşy bolmaly.»
Içerki şertler
“Ýurtda amatly inwestisiýa şertlerini döredip, biz deňhukukly hem birek-birege bähbitli şertlerde işleşmäge taýýar hemmeleri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys” diýlip, Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň internet sahypasynda aýdylýar.
“Türkmenistanda sermaýa ýatyrmak barada gürrüň edilse, elbetde, bu ýerde içki şertler bolmaly. Sebäbi inwestisiýa ýatyrýan döwlet Türkmenistandaky korrupsiýanyň ýagdaýyny hasaba alar. Bu ýerde ýurduň milli walýutasynyň ýagdaýy, onuň erkin konwertasiýa mümkinçiligi hem möhüm rol oýnaýar. Eger-de Türkmenistanda şu iki problema çözülmese, Türkmenistana hiç wagt inwestisiýa barmaz” diýip, Hudaýbergenow aýdýar.
Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Aýylçy Sarybaýew Türkmenistanda ýurda inwestisiýa getirmek üçin uly problemanyň ýokdugyny aýdýar: «Türkmenistan öz kanunçylygyny halkara standartlaryna hem-de inwestisiýa ýatyrjak döwletleriň kanunçylygyna deňleşdirmeli.»
Ýurda gelim-gidim
“Ýene-de bir möhum problema, bu Türkmenistanyň häzire çenli daşary ýurtlar, hatda ýakyn goňşulary üçin hem ýapyk döwlet bolup gelýänligidir. Sebäbi bu ýurtda entegem wiza düzgüni höküm sürýär. Goňşy ýurtlar bilen, meselem Gyrgyzystan bilen, Türkmenistanyň arasynda wiza düzgünini saklamak üçin nähili zerurlyk ýa-da nähili gapma-garşylyklar bar? Bu bir düşnüksiz ýagdaý” diýip, Sarybaýew aýtdy.
Ykdysatçy Hudaýbergenowyň pikirine görä, eger-de Türkmenistan daşary ýurtlardan köp maýa goýumlaryny çekmek islese, ilki bilen içki syýasy sistemasyny üýtgetmeli: «Awtoritar režim höküm sürýän ýurda inwestisiýa getirmek gaty agyr düşýär. Türkmenistan korrupsiýanyň gülläp ösen ýurdy hasaplanylýar. Ýurtdaky korrupsiýa ýatyrylan maýa goýumynyň dogry işlemegine uly böwet bolýar. Döwletde aç-açanlyk bolup, korrupsiýa ýok edilmese, ýurtda uly inwestisiýa ýatyrylar diýip, garaşyp bolmaýar.»