Ýakynda, Türkmenistana barmaly amerikan Parahatçylyk Korpusynyň işgärleriniň nobatdaky tapgyryna ýurda barmagyň gadagan edilendigi belli boldy.
"Assoşieýted Press" habar agentliginiň ýaýradan maglumatynda Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň bu ýörite programmasy boýunça Türkmenistana barmakçy bolan 47 adamdan ybarat meýletinçileriň toparyna türkmen häkimiýetleriniň ýurda barmaklyga rugsat bermändikleri aýdylýar.
Habar agentliginiň bu baradaky maglumatynda bu soňky wakanyň Türkmenistanyň ozalky awtoritar prezidentiniň ölüminden soň ýurduň izolýasiýadan çykmaklygyna bolan umytlara nobatdaky gezek kölge salandygy hem bellenilýär.
Amerikan Parahatçylyk Korpusynyň Aşgabatdaky bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Kristofor Liil biziň bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bu guramanyň meýletinçiler toparynyň Türkmenistana barmagyna hakykatdanam rugsat berilmändigini tassyklady.
Liil, hususan-da: «Bu waka ýakynda, 29-njy sentýabrda ýüze çykdy. Şol gün meýletinçiler topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelmelidi. Ýöne edil häzir bu gadagançylygyň anyk sebäbi barada hiç zat bilemzok. Biz munuň sebäbini anyklamak üçin ýerli häkimiýetler bilen gepleşik geçirmäge çalyşýarys» diýdi.
Kristofor Liiliň sözlerine görä, Parahatçylyk Korpusynyň programmasy boýunça şu ýyl Türkmenistana barmaly 47 adam häzirki wagt ýurda goýberilmändir.
Guramanyň alyp barýan işleri
Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän Parahatçylyk Korpusy dünýäniň köp sanly ösüp gelýän ýurtlarynda iňlis dili boýunça okuwlary gurnamak, medisina programmalaryna ýardam bermek, gumanitar çäreleri amala aşyrmak ýaly ugurlar boýunça iş alyp barýar.
Türkmenistanda-da bu gurama indi 1993-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Parahatçylyk Korpusynyň resmileri şu geçen döwrüň içinde bu guramanyň meýletinçilerinden 700-e golaýynyň Türkmenistanda bilim, medisina we gumanitar ulgamlarda iş alyp barandyklaryny aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleriniň bu soňky kararyna bu guramanyň nähili reaksiýa bildirýändigi barada soranymyzda, Parahatçylyk Korpusynyň Birleşen Ştatlardaky merkezi edarasynyň metbugat wekili Joş Fild şeýle diýdi: «Elbetde, Türkmenistanyň hökümeti bu ýagdaýa hiç hili düşündiriş bermedi. Ýöne biz Türkmenistanyň hökümetiniň Parahatçylyk Korpusynyň meýletinçilerini kabul etmek ýa etmezlik baradaky hukuklaryna barybir hormat goýýarys».
Türkmenistan-Günbatar
Ýakynda, Birleşen Ştatlaryň programmasy boýunça Bişkekde bilim alýan studentler özlerine Bişkege gitmek gadagan edilensoň, ýakynda, 3-nji oktýabrda Bolgariýa ugradylmakçy bolanlarynda, Aşgabadyň aeroportunda uçardan düşürilipdiler. Aşgabatdaky amerikan ilçihanasynyň resmileri muňa özleriniň nägileligini bildirdiler.
Käbir synçylar Türkmenistanyň häkimiýetleriniň amerikan programmasy boýunça bilim alýan studentleri daşary ýurtlara goýbermezlik we Parahatçylyk Korpusynyň meýletinçileriniň ýurda barmaklaryna rugsat bermezlik ýaly çäreleriniň Türkmenistanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirmeginiň mümkindigini aýdýarlar.