Tussaglar boýunça aladalar artýar

Eýranda türmede oturan ýüzlerçe reformaçylaryň, intellegensiýa wekilleriniň we aktiwistleriň ýagdaýy hakdaky aladalar artýar.

Eýranyň Adalat ministrliginiň bir resmisiniň mälim etmegine görä, saýlawlardan soňra dörän bidüzgünçiliklerde tussag edilen üç adam ölüm jezasyna höküm edilipdir.
Türmede oturan ýüzlerçe reformaçylaryň, intellegensiýa wekilleriniň we aktiwistleriň ýagdaýy hakdaky aladalar artýar.

Eýranyň Adalat ministrliginiň jemgyýetçilik işleri boýunça bölüminiň başlygy Zahed Beşiri Rad bu barada 10-njy oktýabrda studentleriň habar agentligi ISNA bilen interwiýusynda habar berdi.

Saýlawlaryň gaýtadan geçirilmegini talap edip, köçelere çykan oppozisiýanyň we aktiwistleriň seslerini sem etmek üçin häkimiýetleriň ulanýan çärelerinden biri-de ölüm jezasynyň berilmegi. Köp sanly eýranlylar Ahmadinejadyň birgiden galplyklaryň netijesinde ýeňiş gazanandygyna ynanýarlar.

Tussag edilenlere duýduryş

Reformaçy, ozalky deputat, häzir Birleşen Ştatalarda barlag işi bilen meşgullanýan Fatme Hakykatju, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde yglan edilen bu täze ölüm jezalarynyň protestlerden soňra tussag edilenleriň gözüniň oduny almak üçin bir duýduryşdygyny aýtdy: «Häkimiýetleriň ýene köp adamyny tussag etmekleri mümkin, hatda häzirki oppozision hereketlere ýolbaşçylyk edýänleriň-de tussag edilmegi mümkin» diýip, Hakikatju aýdýar.

ISNA şonuň ýaly-da ýene 18 protestçiniň garşysyna çäre görlendigini habar berse-de, onuň jikme-jigini mälim etmändir. Ölüme höküm edilen bu üç adama yslamy režimi agdarmakda daşary ýurtlarda bosgunlykda ýören iki topar bilen gatnaşyk gurmaga synanyşanlykda günä bildirlipdir. Olardan ikisi monarhiýa düzgüniň tarapdarlary, biri bolsa Halk Mujahidler topary bilen gatnaşykda bolandygyny boýun alypdyr. Bu hakda Adalat ministrliginiň resmisi Rad habar berdi we olaryň suduň kararynyň üstünden şikaýat edip biljekdiklerini aýtdy.

Zamaniniň höküm edilmegi

Bir oppozision web saýty 8-nji oktiýabrda monarhiýa döwlet gurluşynyň tarapdary Muhammetrza Ali Zamaniniň dardan asmak jezasyna höküm edilendigini habar berdi. Oňa 2008-nji ýyldaky Şirazdaky bomba partlama bilen bagly aýyplama bildirilipdir. Ýöne onuň Radyň ölüme höküm edildi diýýän adamlaryndan biridigi ýa-da däldigi anyk däl. Rad diňe ölüme höküm edilenleriň atlarynyň baş harplaryny mälim etdi, olardan biri M.Z. diýlip, habar berilýär.

Zamaniniň ölüme höküm edilmegi halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi hem ýazgarmalara alyp geldi.

Halkara Amnesty Günä geçiş guramasy ölüme höküm edilen 37 ýaşly Zamaniniň ýagdaýynyň beýlekileriň-de şeýle jezalandyrylmagyna ýol açyp biler diýip, öz aladasyny mälim etdi hem-de Eýrany göz üçin geçirilen sudlardan soňra ölüm jezasyna höküm edilenler hakynda kabul eden kararyny ýatyrmaga çagyrdy.

“Eýran Press” TW kanaly ady aýan edilmedik diplomata salgylanyp, bir terrorçy toparyň agzasy bolan Zamaniniň ABŞ-nyň merkezi Razwedka Gullugynyň peýdasyna içalylyk edenligini habar berdi.

12-njy iýundaky saýlawlardan soňra 200-den gowrak adam tussag edildi. Agzalýan üç adama ölüm jezasynyň berlendigi 11-nji oktýabrda, ýagny ölüm jezasyna garşy halkara göreş gününden bir gün soňra yglan edildi.