Ahmedinejat Ženewa gepleşiklerini «öňe ädilen ädim» atlandyrýar

Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat geçen hepde dünýäniň alty döwleti, şol sanda Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasynda Tähranyň dawaly ýadro programmasy barada geçirilen gepleşikleri «öňe ädilen ädim» atlandyrdy. ,

Eýranyň resmi metbugaty Ahmedinejadyň «dünýäniň ähli möhüm meselelerini çözmek üçin konstruktiw hyzmatdaşlyga» umyt edýändigini ýazdy.

Birleşen Ştatlar sişenbe güni eger Tähran özüniň ýadro ýaragyny edinýändigi baradaky şübhäni aradan aýyrmagy başarmasa, Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň Eýrana garşy has berk sanksiýalary girizmäge taýýardygyny aýtdy.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň arassa parahatçylyk maksatlary üçindigini aýdýar.