Aşgabat ýer yranmasynyň bolup geçenine 61 ýyl boldy. Biz ol pajygaly hadysany indi 60 ýyl bäri belleýäris.
1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, gije 1 sagat 12 minutda Aşgabatda we onuň töwereginde ägirt güýçli ýer yranma bolupdy. Ol sarsgyny şol wagtda dünýäniň köp seýsmik stansiýalary hasaba alypdyr. Ýer yranmanyň episentri Aşgabadyň 25 kilometrlik günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär. Şol ýerde ýeriň ýokarky gatlagynda uly jaýryk emele gelipdir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institurtynyň direktorynyň ylmy işler boýunça öňki orunbasary, belli fizik Muhammet Şirmämmedowyň ýazmagyna görä, ýer yranmanyň episentri Gäwers obasynyň günorta-günbataryndaky baýyrlykda ýerleşýär.
20 ýyl soň
Alym şol hadysadan 20 ýyl geçenden soň hem baýyryň üstüniň şol böleginiň sürlen ýere meňzäp durandygyny ýazýar. Ýeriň süýşendigini hem aşaklygyna uzalyp gidýän, giňligi ýarym metr çemesi jaýrygyň emele gelendigini ýazýar. Ol ýerde wulkana çalymdaş tümmejikleriň bardygyny we olardan suwuň çykandygyny belleýär.
Ýer titreme netijesinde, golaýdaky obalar doly weýran bolupdyr. Meselem, öňki Änew obasynda diňe köçeleriň ugry galypdyr. Şol töwerekdäki obalarda ýaňadan dikeldere zat bolmansoň, obany taşlap, başga ýerden mekan tutmaly bolupdyrlar.
Ýer titremäniň güýji
Türkmen sowet ensiklopediýasynyň ýazmagyna görä, ýer titremäniň güýji episentrde, Rihteriň 12 bally ölçeginde 10 çemesi boludyr. Aşgabat şäherinde, Änewde, Guryhowdanda, Gyrtluda 9 bal, Gorjawda, Büzmeýinde, Gökdepede, Yzgantda 8 bal, Bokurdakda, Arçmanda, Kakada 6 bal, Tejende, Bamyda 5 bal, Maryda, Çärjewde, Daşoguzda, Nebitdagda 4 bal bolupdyr. Garaz, ol sarsgyn ýurduň bar ýerinde bildiripdir.
Şeýle-de bolsa, ol tebigy heläkçiligiň pidalarynyň näçedigi we nähili ýitgi bolnadygy barada takyk maglumatlar halk köpçüligine mälim edilmedi. Diňe 80-nji ýyllaryň aýagynda Aşgabat ýer titremesinde heläk bolanlara ýadygärlik dikeldilmeli diýen mesele orta atyldy. Bu ugurda birnäçe konkurs hem geçirildi, ýöne ýadygärlik goýmak üçin, mynasyp bir işi saýlap bilmediler. Bu tebigy heläkçilik barada 50-nji ýyllarda Berdi Kerbabaýew bir hekaýa ýazdy diýäýmesek, ol türkmen medeniýetinde öz beýanyny tapmady. Bu bolsa, elbetde, kadaly ýagdaý däl. Sebäbi ol ýatlanmasa, unudylmak bilen bolýar.
“Doly aýan däl”
Şeýlelikde, Aşgabat ýertitremesi bize doly aýan bolman geldi. Ýurt garaşsyzlyga çykandan soň, aýratynam şol ýer titremede ýetim hem ýeke galan Saparmyrat Nyýazow döwlete baştutan bolansoň, biz köp zada garaşdyk. Emma ol özüniň hem ejesiniň ýadygärligini diklemekden başga zada üns bermedi. Nyýazowyň çagalygy – ýertitremesi barada alnan film hem prezidentiň göwnünden turmady. Şeýdip, bu meselä düýpli üns berilmän, ýene çala galdy.
Gaýtam, Saparmyrat Nyýazowyň hem onuň töweregindäkileriň dilinde hiç bir ylmy fakta esaslanmadyk, dürli maglumatlar peýda bolup başlady. Emma beýle edilmeli däldi. Owaly bilen öňki edilen işler türkmen diline terjime edilse, maksada laýyk bolardy.
Ylym neşirýaty Seýsmiçnost Turkmenii atly ylmy makalalar ýygyndysyny çap edipdi. Dürli ýatlamalar çykypdy. Sowet Soýuzynyň Gahrymany, biziň ildeşimiz, belli ýazyjy W. Karpowyň ýatlamalaryny, alym Muhammet Şirmämmedowyň ýatlamsyny we beýleki ylmy hem populýar işleri ýörite kitap edip çykaryp bolardy.
Aşgabat ýer titremesi barada takyk maglumatlara baý bolan ýörite ensiklopediýany çap etmäge bireýýäm wagt ýetdi. Sebäbi Aşgabatda, umuman Ahalda – Kesearkaçda ýer titreme häli-şindi bolup durýar. Halkyň bu barada ýeterlik maglumat alamgy gerek. Dereksiz çäreler üçin sarp edilýän çykdajylar şeýle işlere gönükdrilse maksada laýyk bolardy. Şonda adamlar nähili şertde ýaşaýandygyny bilerdi hem her bir tebigy hadysa taýýarlykly bolardy.
Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.