Halkara Walýuta Fondy global ykdysady krizisden ýeten zyýanlar 3,4 trillion dollar diýip habar berýär.
Ýaňy aprel aýynda ol maliýe guramalarynyň çeken zyýanlary 4 trillion dollar töweregi bolar diýip çaklapdy. Diýmek, ýagdaý Fonduň çaklaýşyndan az-kem gowulanypdyr. Bu maglumatlar Halkara Pul Fondunyň global maliýe durnuklylygy baradaky iň soňky raportynda görkezilýär.
Raportda tutuş dünýäde hökümetleriň ozal görlüp-eşidilmedik derejede maliýe goldawyny bermegi netijesinde maliýe durnuklylygynyň gowulanandygy aýdylýar. Bazarlaryň özüni täzeden dürsemegi, banklaryň sermaýany artdyranlygy, ösüp gelýän bazarlardaky howply ýagdaýlaryň gowşanlygy sebäpli aşa ýokary howplar ýeňilleşipdir.
Jose Winals Halkara Walýuta Fondunyň pul we sermaýa bazary bölüminiň direktory: “Durnuklylygyň gaýtadan aralaşmagy bilen biziň çaklaýşymyza görä, banklar we beýleki maliýe guramalaynyň çeken zyýany 3,4 trillion dollar çemesi. Bu öňki çaklamadan 600 milliard dollar aşak. Muňa sebäp bolan howpsuz gymmatlyklaryň ýokarlandyrylandygy. Bu gowulanma oňat zat welin, ýöne bize, aýratyn-da banklara, öňde uly kynçylyklar garaşýar” diýip, Winals aýdýar.
Sowuldygy däl
Raportda aýdylyşyna görä, bu indi ähli kynçylyklar sowuldy diýildigi däl. Banklaryň kreditlerden çekýän zyýanlary ýene dowam eder. Halkara Pul Fondy görlen güýçli syýasy çäreler we Fonduň beren kömekleri netijesinde howplaryň azalandygyny aýdýar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda bergilerini töläp bilmeýänleriň sany geljek ýylyň dowamynda artar. Gazagystanda häzir tölenmän ýatan bergileriň sany 30 prosentden hem ýokarda.
Ýewropanyň ösüp gelýän ýurtlarynda hem tölenmedik kreditler köpeler: “Ösüp gelýän bazarlara daşary ýurtlara bolan bergilerini täzeden maliýeleşdirere ep-esli pul gerek. Töwekgelçiligi ýokary ýerleriň hem pul karz alma mümkinçiligi çäkli. Daşary we içeri maliýe işlerinde deňagramlylyk ýok, daşary ýurtlardaky bank sistemasyna bil baglaýan ýurtlaryň zyýana uçramak mümkinçiligi öňküsi ýaly ýene ýokary” diýip, Winals aýdýar.
Raportda hökümetler tarapyndan banklara berilýän kömekleriň hususy sektory halas edip, umumyhalk sektoryna howp salmagy mümkin diýlip duýduryş berilýär.