Mýanmanyň harby lideri ýurdunyň garşysyna sanksiýalaryň girizilmegini tankytlady

Mýanmanyň harby huntasynyň lideri general Tan Şwe öz ýurdunyň garşysyna halkara sanksiýalaryň girizilmegini ýiti tankytlap, şol gadaganlyklaryň ýatyrylmagyny talap etdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda düýn çykyş edip, ol 90-njy ýyllaryň başlaryndan bäri hereket edip gelýän sanksiýalary “syýasy gysyşyň adalatsyz serişdesi” atlandyrypdyr hem “demokratiýa daşardan boýna dakylmaly däldir” diýipdir.

Şol bir wagtda-da general geljek ýyl Mýanmada erkin hem adalatly saýlawlar geçirmek üçin tagalla etmäge söz beripdir.

Ýakynda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Mýanmanyň häzirki režiminiň garşysyna çäreleri güýçlendirmegiň mümkinçlikleri boýunça Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşyk geçirmek ideýasyny öňe sürüpdi.