Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu Ýorka saparynyň netijelerine Türkmenistanda “taryhy böwsüş” hökmünde baha berildi.
TDH gullugy saparyň Türkmenistany “dünýä ösüşiniň ýokary derejelerine çykaranlygyny we şol derejeleriň parahatçylyga hem halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyga tarap düýpden täze maksatlardan ugur alýanlygyny” belledi.
Maglumata görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä bilen hyzmatdaşlyga taýýarlyk bildirmekden daşgary şeýle hyzmatdaşlykda parahatçylykly inisiatiwalary öňe sürmäge we olaryň durmuşa geçirilmegine itergi bermäge taýýardygyny hem aýtdy.
Ýangyç-energiýa hyzmatdaşlygy
Ýangyç-energiýa serişdeleriniň önümçiligine we eksportyna, şeýle-de daşary ýurt maýa goýumlaryna degişli temalar Türkmenistanyň prezidentiniň Nýu Ýorkda geçiren ikitaraplaýyn gepleşikleriniň üns merkezinde boldy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton bilen duşuşykda taraplar amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen işleşmegine, esasanam energiýa proýektlerine gatnaşmagyny maslahat etdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça baş wekili Hawýer Solana bilen gepleşiklerinde taraplar doly derejede özara gatnaşyk alyp barmaga gyzyklanma bildirip, 2008-nji ýylda birek-birege düşünişmek we energiýa boýunça hyzmatdaşlyk barada gol çekilen Memorandumyň ähmiýetini nygtadylar.
Şertleriň döredilmegi
Käbir synçylar Türkmenistanyň prezidentiniň Nýu Ýorka saparynyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça eden beýannamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ýurtda şert döredilmeginiň esasy mesele bolup galýanlygyny belleýärler.
Merkezi Aziýa we Kawkaz Institutynyň “Ýüpek Ýoly” programmasynyň müdiri Swante Kornelliň bellemegine görä, Türkmenistan köpugurly energiýa syýasatyny we halkara gatnaşyklara taýýarlygyny mälim etse-de, ýurtda daşary ýurt kompaniýlarynyň işlemegi üçin şertler agyrlygyna galýar.
“Daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegi agyrlygyna galýar. Sebäbi dolandyryjy şertler we biznes şertler reformirlenmedi. Türkmenistanyň esasy problemasy – ol daşary syýasatyny reformirleýän hem bolsa, içerki şertleri örän haýal özgerdýär. Bu daşary ýurt maýa goýujylar üçin amatly biznes şertleriniň döredilmegine-de degişli” diýip, Swante Kornell aýtdy.
Žurnalist Aşyrguly Baýryýew ýurtda bazar ykdysadyýetine mahsus şertleriň zerurdygyny bellemek bilen Türkmenistanda senagatyň döwletiň gözegçiliginde bolmagynyň-da biznesiň öňüne böwet basýanlygyny belledi.
“Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalary we firmalar bilen işleşmek döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Bu ýerde şahsy sektoryň gatnaşygy ýok. Şonuň üçin telekeçiligi ösdürmeli. Orta, kiçi we, belki-de, uly telekeçiligi ýola goýmaly. Bu ýerde senagatyň hususy sektoryny ösdürmeli” diýip, Aşyrguly Baýryýew aýtdy.
G.Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň biznes wekilleri bilen Nýu Ýorkda geçiren duşuşyklarynda ol amerikan kompaniýalaryna hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň tebigy serişdelerini anyklamak, Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek, şeýle-de nebiti gaýtadan işleýiş we nebit-gaz pudagy üçin kadrlary taýýarlamak ýaly ugurlary teklip etdi.
Öz nobatynda amerikan kompaniýalary tarapyndan edilen teklipler olaryň Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna degişli inwestision proýektlere aktiw gatnaşmagy bilen bagly boldy.
Meýilli ýangyç kompaniýalary
“Trend.az” Internet neşiriniň maglumatyna görä, “Chevron Texaco” Türkmenistanyň Hazar deňzindäki ýataklarynda özleşdiriş işlerini geçirmäge isleg bildirýän kompaniýalaryň biri. Türkmenistanyň halkara tender-bäsleşligi üçin teklip edýän Hazar deňzindäki 32 lisenziýaly bloguň üstündäki gepleşikler prosesine “Chevron Texaco” bilen bir hatarda ABŞ-nyň “ConocoPhilips”, “Marathon”, “Midland Oil & Gas”, Britaniýanyň “British Petroleum”, Awstriýanyň OMV, Norwegiýanyň “Statoil Hydro”, Fransiýanyň “Total”, Orsýetiň “Lukoýl” we Uzak Gündogardan hem Pars aýlagyndan bernäçe kompaniýalar gatnaşýarlar.
Birleşen Ştatlaryň “Western Geco” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Hazar deňzindäki böleginiň baýlyklary 11 milliard tonna nebitden we 5 ýarym trillion kubometr gazdan ybarat diýip, “Trend.az” ýazýar.
Gaz zapaslarynyň mukdary
Türkmenistanyň gaz zapaslary ýurduň halkara energiýa hyzmatdaşlygynyň perspektiwalaryna gezek gelende, bilermenler tarapyndan şübhe bildirilýän meseleleriň biri. Şu ýylyň aýagyna çenli Türkmenistan Hytaýa tarap gurulýan gaz geçirijsini işe girizmekçi.
Hytaýa ýylda 40 milliard kubometr gaz akdyrjak turba bilen bir wagtda Türkmenistanyň Eýrana satýan gazynyň mukdaryny artdyryp, ýylda 14 milliard kubometre ýetirmegine mümkinçilik berýän turbanyň hem gurlup gutarylmagyna garaşylýar.
Türkmenistan Orsýete tarap täze hazar ýaka gaz geçiriji proýektine we Günbatara tarap “Nabukko” proýektine hem garaýar. Nýu Ýorkda ameirkan bizness wekileri bilen geçiren duşuşygynda G.Berdimuhamedow Türkmenistanda ýeterlik gazyň bardygyny aýtdy: “Türkmenistanyň ähli proýektlere gazy ýetermi diýip, ynamsyzlar tarapyndan berilýän sowala men “hawa” diýip, ynamly jogap berip biljek”.
G.Berdimuhamedow Britaniýanyň “Gaffney Cline Associates” kompaniýasynyň geçiren audit barlaglaryna salgylanyp, Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagynyň anyklanan gaz baýlyklarynyň mukdary bilen dünýä möçberinde dördünji orna çykanlygyny aýtdy.
“Açyklyk zerur”
Žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň pikirine görä, ýurduň tebigy baýlyklaryndan bähbitli peýdalanmak üçin açyklyk zerur. “Doly açyk ýurda öwrülmeli. Daşary ýurtlylaryň gelip-gitmegine hiç hili päsgelçilik bolmaly däl. Onsoň kanun taýdan kepil bolmaly. Daşary ýurtlular maýa goýanda, olaryň maýasynyň köýmejegine, maýa goýmunyň bähbitli boljagyna kepil bolmaly. Bir adam oňa kepil bolup bilmeýär. Oňa Türkmenistanyň kanunlary kepil bolmaly” diýip, A.Baýryýew aýtdy.
Merkezi Aziýa we Kawkaz Institutynyň “Ýüpek Ýoly” programmasynyň müdiri Swante Kornellyň pikirine görä, Türmenistanda kadaly inwestision şertleriň bolmagy üçin korrupsiýa, professional taýdan ukypsyzlyk we burokratiýa aradan aýrylmaly. Döwletiň maýa goýujylaryň talaplaryna öz garaýşyny üýtgetmeginiň zerurlygyny hem jenap Kornell belledi.