Portugaliýadaky saýlawlarda dolandyryjy Sosialistik partiýa ýeňiş gazandy

Portugaliýada geçen parlament saýlawlarynda dolandyryjy Sosialistik partiýa ýeňiş gazandy.

Deslapky netijelere görä, sosialistler parlamentde köplüge eýe bolup bilmedik oppozision sosial-demokratlardan öňe geçipdir.

Dolandyryjy koalisiýany düzmäge synanyşmalymy ýa-da azlykdaky hökümeti döretmeli- bu mesekläni premýer-ministr Joze Sokrateş çözmeli.
Saýlawlaryň öň ýany Sokrateş ykdysady krizis hem barha artýan işsizlik bilen göreş üçin adatdan daşary çäreler geçirmegi wada beripdi.