Şu hepdäniň çarşenbe güni amerikan prezidenti Obama bilen rus prezidenti Medwedewiň geçiren özara gepleşikleri Orsýetiň Eýran baradaky pözisiýasynyň üýtgändigini görkezdi.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýrana onuň dawaly ýadro programmasy bilen baglanyşykly görkezilýän basyşlary dowam etdirmekligi ylalaşdylar. Bu mesele Dmitriý Medwedew bilen Barak Obamanyň Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu Ýorkdaky sessiýasynyň çäklerinde geçiren özara gepleşiklerinde uly orun eýeledi.
Günbatar ýurtlar Eýranyň öz ýadro programmasyny gizlin ýadro ýaragyny öndürmek üçin ulanýan bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar. Tähran öz gezeginde beýle aýyplamany ret edýär.
Moskwanyň pozisiýasynyň üýtgemegi
Hepdäniň çarşenbe güni amerikan prezidenti bilen geçiren gepleşikleriniň yzy bilen habarçylara beren interwýusynda, prezident Medwedew: «Sanksiýalar seýrek halatda netije berýär, ýöne käte olary ulanmak gutulgysyz bolýar» diýdi.
Bu soňky waka şu çaka çenli Eýrana garşy basyşlara kän bir göwünjeň bolman gelen Moskwanyň syýasatynda peýda bolan täze bir alamat hökmünde kabul edildi. Rus prezidenti bilen amerikan prezidenti Tähranyň öz ýadro işleri baradaky maglumatlaryny doly açmadyk halatynda hem-de urany baýlaşdyrmak işlerini togtatmadyk ýagdaýynda, Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň artdyrylmagyna özleriniň garşy bolmajakdyklaryny mälim etdiler.
Ýöne şol bir wagtda Barak Obama Tähranyň parahatçylykly maksatlara niýetlenilen atom energiýa çeşmelerine eýe bolmak mümkinçiliklerine welin, Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň garşy däldiklerini aýtdy. Bu pikiri goldap, Orsýetiň prezidenti Medwedew şeýle diýdi: «Biziň maksadymyz, bir tarapdan Eýranyň atom energiýasynyň parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmagyna stimul berjek, ýöne, beýleki tarapdanam, ýadro ýaragynyň döredilmegine ýol bermejek sistemany döretmekden ybarat».
Harby-radar sistemasynyň ýatyrylmagy
Käbir analitikler Moskwanyň Eýran baradaky pozisiýasynyň üýtgemeginiň sebäbi Waşingtonyň Polşada we Çehiýa Respublikasynda harby-radar sistemasyny ýerleşdirmek planlaryny ýatyrmagy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin diýen garaýşy öňe sürýärler. Emma amerikan resmileri bu ugurda Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda nähilidir bir gizlin ylalaşygyň bolandygyny ret edýärler.
Hepdäniň çarşenbe güni Obama bilen Medwedewiň gepleşikleriniň yzy bilen, Birleşen Milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň, hususan-da, Birleşen Ştatlaryň, Orsýetiň, Hytaýyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň, şeýle hem Geňeşe agza bolmadyk Germaniýanyň Daşary işler ministrleri Nýu Ýorkda özara duşuşyp, Eýranyň resmileri bilen 1-nji oktabýarda geçiriljek gepleşikler barada özara pikir alyşdylar.
Prezident Obama Eýranyň resmileri bilen geçiriljek şol gepleşiklerde bu ýurduň öz halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi hem-de ýadro ýarag planlaryndan doly ýüz öwürmegi üçin Tähranyň öňünde anyk şertleriň goýuljakdygyny aýtdy.
Çarşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda prezident Obama bilen prezident Medwedew Eýran baradaky meselelerden daşgary ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmak we ýaragsyzlanmak bilen baglanyşykly giň meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Prezident Medwedew žurnalistlere beren interwýusynda Orsýet bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şu ýylyň ahyryna çenli öz ýadro ýarag arsenallarynyň sanyny azaltmak barada özara täze ylalaşyga gol çekjekdiklerine ynanýandygyny aýtdy.