Türkmenistanyň resmi toparynyň Nýu Ýorka saparynyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň iri biznes wekilleri bilen duşuşdy.
22-nji sentýabrda bolan duşuşykda ABŞ-nyň Türkmenistan bilen ynamdar we örän perspektiw hyzmatdaş hökmünde ähli taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýänligi aýdyldy.
ABŞ-nyň Ýewraziýa energiýa meselelesi boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Türkmenistanyň energiýa, ykdysady, medeni mümkinçiliklerini we möhüm geosyýasy ornuny belläp geçdi. Bu barada TDH gullugynyň maglumatynda aýdyldy.
“Amerikan biznes gatlaklary bilen duşuşyklaryň iki ýurduň deňhuklulyk esasynda özara bähbitleriniň ýakynlaşmagyna hyzmat etjegini” 21-nji sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Hillari Klintion özara duşuşykda hem nygtadylar.
ABŞ-nyň biznes wekilleri bilen duşuşykda Türkmenistanyň prezidentiniň halkara hyzmatdaşlyk üçin belläp geçen esasy ugurlarynyň arasynda ýangyç energetika kompleksi, hususun-da uglewodorod serişdelerini anyklaýyş, özleşdiriş ugurlary, Hazar deňziniň baý serişdelerini özleşdirmek, gaýdatan işleýiş ugruny täzelemek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri agzaldy.
TDH gullugyna görä, Türkmenistanyň öz energiýa göterijilerini halkara bazarlaryna ýetirmek boýunça köpugurly sistemasyny döredýänligini belläp, G.Berdimuhamedow Häzirki wagtda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň we Eýrana tarap täze turbanyň gurluşygynyň amala aşyrylýanlygyny we Hazarýaka, Transowgan, şeýle-de beýleki möhüm energiýa proýektleriniň, şol sanda “Nabukkonyň” üstünde işlenilýänligini aýtdy.
Energiýa geçirijileriň howpsuzlygy
Nýu Ýorkdaky çykyşlarynda Türkmenistanyň prezidenti halkara energiýa geçirijileriniň howpsuzlygy meselesine ýene ünsi çekdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda eden çykyşynda G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň inisiatiwasy bilen 2008-nji ýylyň 19-njy dekbarynda BMG-niň kabul eden rezolýusiýasynyň bu ugurdan ilkinji ädim bolanlygyny aýtdy.
Türkmen prezidentiniň sözlerine görä, 2009-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen halkara energiýa konferensiýasynda edilen teklibe garalyp, energiýa göterijileriniň eksporty boýunça kanuny esaslary işläp düzmek üçin ekspertler toparyny döretmek öňe tarap indiki ädim bolup biler.
“Şeýle toparyň döredilmegi energiýa geçirijileriniň halkara sistemasynyň netijeli işlemegine, şol sanda energiýa göteriji sistemalarynyň goralmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn dokumentiň BMG tarapyndan taýýarlanylmagy üçin ilkinji ädim bolup biler diýip, hasap edýäris” diýip, Türkmenistanyň prezidenti aýtdy.
Türkmenistanyň energiýa geçirijiler sistemasynyň ugurlaryny üýtgetmek inisiatiwasynyň ähmiýeti ABŞ-nyň görnükli döwlet wekili, diplomat we halkara gatnaşyklar boýunça ekspert, ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Genri Kissinjer tarapyndan hem bellenildi. Azerbeýjanyň "Trend.az Internet" saýtyna görä, bu barada G.Kissinjer G.Berdimuhamedow bilen duşuşygynda aýtdy.
Daşary ýurt inwestisiýalary
Türkmenistanyň soňky döwürde daşary ýurtly biznes bilen giň derejede işleşmek boýunça edýän tagallalaryny synçylar türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurt inwestisiýlaryny çekmek islegi bilen baglaşdyrýarlar. Tebigy resurslara baý Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda daşary ýurtly biznes gatlaklaryny gyzyklandyrýan esasy ugur bolsa, ýangyç-energiýa pudagy bolup durýar.
Türkmenistan boýunça bilermen, Orsýetiň Syýasy barlaglar merkezinden Aždar Gurdow Türkmenistanyň syýasy elitasynyň hem maliýe abadançylygynyň hut ýangyç-energiýa pudagynyň üstünliklerine baglydygyny belledi.
Şol bir wagtda-da islendik ýurtda daşary ýurtly biznesiň işlemegi we daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýatyrylmagy üçin amatly inwetision şertleriň bolmagy zerur. Şol şertleriň kanun sistemasynyň kämilligine, içerki syýasy şertlere we hususan-da raýat azatlyklarynyň berjaý edilmegine degişlidigini synçylar belleýärler.
Aždar Gurdowyň pikirine görä, Türkmen-amerikan biznes gatnaşyklarynyň geljegi belli bir derjede taraplaryň özara bähbitleriniň birek-birege gabat gelmegine hem bagly bolup biler. “Bu, amerikan biznesi tarapyndan öňe sürüljek şertlere bagly bolar. Hususan-da amerikan biznesi diňe bir özleşdirmek işlerine gatnaşmak islemeýär. Ol daşary ýurtlara ýatyrýan maýa goýumlaryndan mümkin boldugyndan köp girdeýji almaga gyzyklanýar”.
Daşary ýurtly kompaniýalaryň girdeýji gazanmaklary babatda Aždar Kurtow şeýle pikirde: “Maksimal girdeýjiligi, kompaniýalar işlejek ýataklaryna eýeçilik eden ýagdaýynda gazanmak mümkin. Öz nobatynda türkmen hökümedi muňa razy bolarmy? Bu entek uly sorag bolup durýar”.
Aždar Kurtow, şu çaka çenli Aşgabadyň şeýle ýoldan gadam basmanlygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň amerikan biznesine tarap şeýle ädim ätjegine özüniň şübheli garaýanlygyny aýtdy.
BŞ-laryň bizness wekilleri bilen Nýu Ýorkda bolan duşuşygynda türkmen prezidenti, Türkmenistan bilen BŞ-laryň bilelikde işleşmegi üçin perspektiw ugurlaryň arasynda transport we syýahatçylyk pudaklaryny hem belledi.
Türkmenistan Altyn Asyr Internet gazetine görä, hususan-da Türkmenbaşy portunyň dikeldilmegi, Demirgazyk-Günorta transport ýolunyň guruluşygy, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” syýahat zonasy ýaly proýektler agzaldy.

Maksimal girdeýjiligi, kompaniýalar işlejek ýataklaryna eýeçilik eden ýagdaýynda gazanmak mümkin.