Türkmenistanda Remezan baýramy bellendi

Marydaky täze gurlan metjit, 12-nji mart, 2009 ý.

21-nji sentýabrda Türkmenistanda Remezan aýy tamam boldy. Bu aýyň fazylatlary, ynsanlara getiren haýyr-sogaplary barada din ugrundan ýörite taýýarlygy hem bilimi bolan Habybulla Hakgany bilen Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Habybulla, biz Remezan aýyny tamamladyk. Bu aýyň fazylatlary, ynsanyýete getiren peýdasy, haýyr-sogaplary barada nämeler aýdyp bolar?

H. Hakgany: Yslam dini düşünjeleri boýunça Remezan aýy on iki aýyň içinde fazylatly, iň bereketli aý bolmaly. Şol aýda Allanyň özi bendeleriniň günälerini geçýär.

Bir hadysda aýdylyşyna görä, Pygamber aleýhis-salam her bir adamyň bir ýagşy işine on sogapdan başlap, ýedi ýüz sogaba çenli berilýär diýýär. Ýöne welin Alla Tagala, meger, oraza tutmak, agyz beklemek beýle däldir diýýär. Näme üçin diýse, şol orazanyň özi meniň üçin, bendämiň özi ony meniň üçin tutýar we men oňa bagşyş bererin, orazanyň muzduny men bererin diýip, Allanyň özi aýdýar diýipdir.

Azatlyk Radiosy: Bu aýdýan zatlaryňyz gaty gymmatly zatlar, gerekli zatlar. Ýöne şonuň bilen birlikde şu günümize dolansak, barlyga, şu ýaşaýşa dolansak, şu gysga ömrüňem kadaly ýaşamak gaty kyn mesele. Şu babatda Remrzanyň fazylatlary nämelerden ybarat bolup durýar? Biziň şu günki günümize Remezanyň getiren haýyrlary barada aýtsaňyz.

H. Hakgany: Bu günki günümize Remezanyň getirýän haýyrlary Pygamberimizden rowaýat ediln birnäçe hadyslarda aýdylyşyna görä, Remezan bendelere sabyrlygy tälim berýär. Bir bende oraza tutsa, iýmek-içmek, beýleki agzy bekli bolmadyk pille edilýän amallardan özüni saklaýar. Soň şonuň bilenem bolsa sabyrlylygy tälim alýar. Sabyrly bolmaklygyň özi gowy, Pygamberimiz sabyrly bendelere Jennet berilýär diýýär. Ýene-de oraza aýy – muasat – gamhorluk, bendeleriň aralarynda birek-bireklere gamhorluk edişligi, aç-ýalaňaçlardan habarly bolmaklygy bize öwredýär. Sebäbi bir bendäniň garny dok bolup ýörse, hiç bir wagt açlygy görmedik bolsa, ol aç oturan garyplaryň hal-ýagdaýyndan bihabarlykda galmaly bolýar. Açlygyň nä zeýilli kynçylyklarynyň bardygyny ol bilmeýär. Soň şol oraza tutmak bilen aç oturan garyplaryň hallaryndan habar almagy-da tälim alýar.

Pygamberimiz şu aýyň içinde bendeleriň rysgy köpelýär diýýär. Ondan soňam bolsa şu aýyň özünde dogalar kabul bolýar diýýär. Oraza aýy Allanyň rähmetiniň joş uruşlygynyň baýramçylygy diýip aýtsak-da bolar.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanda Remezan baýramy bellendi. Remezan baýramy musulmançylykdaky iň uly hem mübärek baýramçylyk hasap edilýär. Şonuň sebäpleri barada-da aýdaýsaňyz.

H. Hakgany: Pygamber aleýhis-salamdan rowaýat edilen käbir hadysda aýdylyşyna görä, musulmanlaryň iki baýramçylygy bolmaly. Birisi Remezan aýy ötüp, Şowwal aýynyň 1-nji güni iýd Remezan – Remezan iýidi, oraza baýramçylygy bolýar. Şondan iki aý on günden geçensoň Gurban baýramy gelýär. Musulmanlara şondan başga baýramçylygyň ýokdugyny Pygamber aleýhis-salam aýdýar.

Şol öňki aýdanymyza aýlanyp gelsek, muasat ýa bolmasa gamhorluk diýlen zat musulmanlaryň aralarynda şu wagtda biraz kemelip galan diýsek-de boljak. Baýlar, barlylar, barlylaryň özi garyplaryň ýagdaýyndan her bir ýagdaýda habar alyp durmalydyrlar. Mysaly suratda, oraza aýynda roza pitresini şol garyplara bersenler. Garyplar hem iýde – baýrama şärik bolsunlar diýýär Pygamberimiz. Oraza pitreleriňizi şol aýyt gününiň ertiri ir bilen bermeli diýýär. Oraza pitre garyplara berilmel. Şol şekilli zekat sadakalary berilmeli.

Azatlyk radiosy: Habybulla, beren gürrüňleriň üçin köp sag bol.