Ysraýyl ýadro barlagyna rugsat bermäge çagyrylýar

BMG-nyň ýadro ýygnagynda şu gün Ysraýyly Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnama boýun bolmaga hem atomly ýerleriniň ählisini BMG-nyň gözegçiliginde goýmaga çagyrýan rezolýusiýa sese goýuldy.

Halkara atom energiýasy gullugynyň agza döwletleriniň ýyllyk maslahatynda sese goýlan Orta Gündogar rezolýusiýasyna 49 döwlet razy, 45 döwlet bolsa garşy boldy.