Türkmenistanda iş alyp barýan hytaýly kompaninyň işçileri çaknyşdylar

Türkmenistanda iş alyp barýan bir hytaýly kompaniýanyň türkmen we hytaýly işçileriniň arasynda 11-inji we 12-inji sentýabarda çaknaşyk bolupdyr.

Bu waka Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän Samandepe we Ýolöten sebitlerinde bolupdyr. Mälim bolşuna görä, şol region Hytaý- Türkmenistan turbasyny gaz bilen üpjin eder.

Habarlardan mälim bolşuna görä, şol waka bilen baglanşykly 200 töweregi türkmen tussag edilip, 15 töweregi hytaýly hem keselhana ýerleşdirilipdir.

Bu barada gowşan habarlarda, bu çaknaşygyň esasy sebäbi ady agzalýan kompaniýa tarapyndan türkmen we hytaýly işçilere tölenýän aýlygyň deňsizligi we iş şertleriniň agyr bolmagy diýip bellenýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bu barada maglumat bermekden saklandylar.