Birleşen Milletler guramasy öz geçiren barlaglarynda, sekiz aý mundan ozal Palestinanyň Gaza Sektorynda geçirilen harby operasiýalar wagtynda Ysraýylyň harby güýçleriniň uruş jenaýatçylygyny hem-de adamzada garşy jenaýatçylyklary amala aşyrandyklaryny gorkezýän faktlaryň ýüze çykarylandygyny aýdýar.
Birleşen Milletler guramasy özüniň bu baradaky raportynda Ysraýylyň güýçleriniň şu ýylyň başynda Gaza Sektorynda geçiren harby operasiýalary wagtynda parahat ýaşaýjylaryň az ýitgi çekmegi barada alada etmän, eýsem parahat ýaşaýjylara garşy bilkastlaýyn hüjüm edendiklerini belleýär.
Birleşen Milletler guramasy bu ugurda anyk mysallara salgylanmak bilen, Ysraýylyň güýçleriniň üç hepde dowam eden bu harby operasiýa wagtynda Ženewa Konwensiýasynyň düzgünlerini örän gödeklik bilen bozandyklaryny aýdýar.
BMG-niň bu raportyndaky aýdylýanlary Ysrajyl düýn haýdan-haý ret etdi. Hususan-da, Ysraýylyň resmileri Birleşen Milletler guramasynyň wekilleriniň Hamasyň Ysraýyla garşy amala aşyran raketa hüjümlerini hasaba almandyklaryny öňe sürüp, BMG-niň bu raportynyň birtaraplaýyn raportdygyny aýtdylar.
Agzalaryň hemmesi tassyklady
Emma muňa garamazdan, Birleşen Milletler guramasynyň fakt toplaýjy toparynyň başlygy, günorta afrikaly sudýa Riçard Goldstoun BMG-niň Baş edarasynda eden çykyşynda dört agzadan ybarat öz toparynyň agzalarynyň hemmesiniň biragyzdan bu raporty tassyklandyklaryny nygtady. Şeýle hem ol bu raporty taýýarlamak prosesinde BMG-niň topary bilen Ysraýylyň hiç bir mesele boýunça hyzmatdaşlyk etmek islemändigini belledi.
Hususan-da, ol: «Ysraýylyň hökümetiniň bizi asla Ysraýylyň içine goýbermezligi orän lapyňy keç ediji waka boldy. Mesele diňe bir Ysraýylyň hökümet çeşmeleriniň biziň bilen hyzmatdaşlyk etmändiklerinde hem däl-de, eýsem olaryň ýerli ýaşaýjylara biziň bilen gürleşmegi-de gadagan etmeklerinde. Edil şoňa meňzeşlikde, bize Günbatar Kenara sapar etmeklik hem gadagan edildi» diýip belledi.
Birleşen Milletler guramasynyň taýýarlan bu raporty 2008-nji ýylyň 16-njy iýuny bilen 2009-njy ýylyň 31-nji iýuly aralygyndaky döwri öz içine alýar. Raportdaky faktlar bolsa 188 adam bilen geçirilen söhbetdeşlige, 10000 sahypadan hem gowrak dokumente, 400 fotosurata, şeýle hem sputnik arkaly alnan suratlara we wideo ýazgylara, resmi diňlenişiklerdäki 38 adamyň beren görkezmelerine we käbir beýleki materiallara esaslanýar.
Şaýatlar we faktlar
BMG-niň toparyna ýolbaşçylyk eden jenap Goldstoun Ysraýylyň hökümetiniň görkezen garşylyklary sebäpli, öz toparynyň agzalarynyň ysraýylly şaýatlar bilen ýurduň territoriýasyndan daşarda, hususan-da, Ženewada we Ammanda gürleşmeli bolandyklaryny aýtdy. Şeýle hem, ol şeýle diýdi: «Öz anyklan faktlarymyzyň esasynda, biz käbir wakalarda halkara kanunlary, ýagny gumanitar kanunlar we şol sanda ynsan hukuklary bilen baglanyşykly kanunlar hem çynlakaý bozulypdyr diýen netijä geldik. Şeýle hem biziň toparymyz bu wakalarda Ysraýylyň güýçleri tarapyndan uruş jenaýatçylygy, käbir halatda bolsa, hat-da adamzada garşy jenaýatçylyklar hem amala aşyrylypdyr diýen netijä geldi».
Jenap Goldstoun bu gürrüňi edilýän kanun bozmalaryň ýöne bir Ysraýylyň adaty goşun komandirleri ýa esgerleri tarapyndan amala aşyrylan hereketler bolman, eýsem maksatlaýyn alnyp barlan giň gerimdäki syýasat bolandygyny aýdýar.
Öz beren hasabatynda BMG-niň fakt toplaýjy toparynyň başlygy Riçard Goldstoun Palestinanyň ýaragly toparlarynyň Ysraýylyň ilatly punktlaryna raketa oklaryny atyp, parahat ýaşaýjylary bilkastlaýyn öldürmekleri we graždan infrastrukturasyny weýran etmekleri ýaly wakalaryň hem çynlakaý uruş jenaýatçygy we belli bir derejede adamzada garşy jenaýatçylyk hökmünde häsiýetlendirilip bilinjekdigini belledi.
Ýakynda Ysraýylyň Birleşen Milletler guramasyndaky hemişelik missiýasynyň metbugat sekretary Mirit Kohen bu raport barada žurnalistleriň soraglaryna jogap bermekden saklandy.