Gol çekişlik boldy, gaz söwdasy agzalmady

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko Aşgabatda bolan gol çekişlik dabarasynda, 15-nji sentýabr, 2009 ý.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň prezidentleriniň arasynda 16-njy sentýabrda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijesinde ýurtlaryň ençeme döwlet edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Transport hem aragatnaşyk döwlet instituty we Ukrainanyň Milli transport uniwersiteti, şeýle-de ýurtlaryň Oba hojalyk we Daşary işler ministrlikleri arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga, iki ýurduň söwda senagat palatalary arasynda bolsa, işçi geňeşini döretmek barada ylalaşyga gol goýuldy.

Aşgabatdaky türkmen-ukrain gepleşiklerine prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “örän gowy” diýen baha berdi. “Biz ýaňy siz bilen örän gowy gepleşikleri geçirip, giň derejeli meselelere garadyk. Olaryň iň möhümleri – biziň döwlet meselelerimiz we regional häsiýetli meselelerdir” diýip, Türkmenistanyň prezidenti aýtdy.

Gaz söwdasy

Şol bir wagtda-da Aşgabatdaky gepleşiklerde öz döwründe gaz söwdasy boýunça iri regional partnýorlar bolan döwletleriň baştutanlarynyň energiýa hyzmatdaşlygyny dikeltmek temasyny maslahat etjegi öňünden çak edilipdi.

Käbir maglumatlara görä, 1990-njy ýyllarda Ukraina Türkmenistandan ýylda 35 milliard kubometre çenli gaz satyn alypdy. Metbugatda çap bolan maglumatlara görä, W.Ýuşenkonyň Türkmenistana saparynyň öň ýanynda bu wizit käbir ukrain resmileri tarapyndan gaz gepleşikleri hökmünde häsiýetlendirilipdi.

Ukrainanyň prezidentiniň halkara energiýa howpsuzlygy boýunça wekili Bogdan Sokolowskiý gepleşikleriň öňüsyrasynda Aşgabatda žurnalistlere şeýle diýdi: “Gelinjek ylalaşyklar barada öňünden bir zat aýtmak islemeýärin, ýöne men optimist bolmagyna galýanlygymy ýene bir gezek gaýtalaýaryn. Mende Türkmenistanyň Ukraina gaz akdyrylmagyna goşulmaga taýýardygy barada pikir döredi” diýip, ukrain resmisine salgylanmak bilen “Wremýa Nowosteý” gazeti ýazdy.

Emma 16-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Ukrainanyň döwlet baştutanlarynyň hem delegasiýalarynyň ýapyk gapylaryň aňrysynda geçiren gepleşiklerinde gaz meselesiniň maslahat edilenligi resmi maglumatlarda habar berilmedi.

Postsowet döwletleri boýunça garaşsyz analitik Aleksandr Narodetskiniň pikirine görä, Türkmenistan bilen Ukrainananyň göni gaz sowdasy boýunça hyzmatdaşlygy çynlakaý geňeşmeýänligi gaz akdyrmak meselesinde olaryň Orsýete garaşlydyklary bilen bagly.

“Türkmenleriň we ukrainleriň problemasy olaryň gaz boýunça islendik gepleşikleriniň Orsýetiň turbasyna direlýänligine bagly. Türkmen-ukrain gepleşiklerinde özara gaz söwdasy barada pikir alyşylaýan ýagdaýynda, olaryň Orsýetiň turbalaryndan akdyryljak gazynyň söwdasy barada islendik ylalaşyklarynyň manysy gaçýar. Şonuň üçin hut şu meseläniň taraplaryň gaz söwdasyny özara çynlakaý maslahat etmeýänligine sebäp bolmagy mümkin. Ýurtlaryň ikisi-de şu günki gün Orsýete tehniki taýdan garaşly” diýip, Aleksandr Narodetskiý aýtdy.

Şol bir wagtda-da Aşgbatdaky gepleşikler netijesinde taraplar energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek problemasy boýunça özleriniň pikirdeşdiklerini mälim etdiler.

“Cetral Asia News” internet neşriniň maglumatyna görä, ýurtlaryň özara haryt dolanyşygynyň mukdary 5-6 milliard dollar töwereginde. Şol bir wagtda-da haryt dolanyşygynyň häzirki derejesiniň ýurtlaryň bar bolan ägirt mümkinçiliklerine gabat gelmeýänligini türkmen prezidenti belledi. G.Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ukrainanyň söwda-ykdysady ýaranlygynyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdi.

Işleşmek üçin perspektiw ugurlar

TDH gullugynyň maglumatyna görä, G.Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ukrainanyň bilelikde işleşmek üçin perspektiw ugurlarynyň arasynda ýangyç-energetika, maşyn gurluşygy, transport we kommunikasiýa, gurluşyk hem syýahatçylyk ýaly pudaklary agzady.

Öz nobatynda Wiktor Ýuşenko tarapyndan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda Ukrainany gyzyklandyrýan ugurlar arasynda harby-tehniki hyzmatdaşlyk hem agzaldy. Ukrainanyň prezidenti bu ugruň “aýratyn mesele” bolup durýanlygyny aýtdy.

Wiktor Ýuşenko oba hojalygy we gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem nygtady. Onuň, hususan-da, bilim ugrundaky gatnaşyklar barada aýtmagyna görä, häzirki wagtda Ukrainada 3 müňe golaý türkmen studentleri okaýar.

Aleksandr Narodetskiý bu günki gün Türkmenistanda hem-de Ukrainada täze partnýorlara eýe bolmaga uly islegiň bardygyny we munuň hem gaz söwdasyna hem-de beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga degişlidigini belledi. Emma geçmişde şeýle ýaranlygyň ösüşine bilelikdäki proýektleriň hil we maliýe hasaplaşyk taýdan kemçilikleriniň uly päsgelçilik bolanlygyny we hut şu meseleleriň taraplar arasynda entek çözülmeli problemalar bolmagynda galýanlygyny Aleksandr Narodetskiý belledi.