Owganystanda geçirilen saýlawlarda aşa galplyklara ýol berilipdir

Ýewropa Bileleşiginiň Owganystanda geçirilen saýlawlara gözegçilik eden ekspertleri, bu ýurtda ýakynda bolan ses berlişikde aşa galplyklara ýol berilen bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Olaryň aýtmagyna görä, berilen sesleriň dörtden biriniň galplaşdyrylan bolmagy ähtimal.

Ýewropa Bileleşiginiň Owganystanda 20-nji awgustda saýlawlara gözegçilik eden komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Dimitra Lowannou, şol saýlawlarda berilen sesleriň 1 ýarym million töwereginiň galplaşdyrylan bolmagynyň mümkindigini aýdypdy.

Ol aýratynam şol seslerden 1 million 100 muň töwereginiň ýurduň häzirki prezidenti Hamid Karzaýa we 300 muň töwereginiň bolsa onuň esasy garşydaşy Abdylla Abdylla berilen seslerdigini mälim etdi.

Mälim bolşuna görä, şol saylawlara 5 ýarym million töweregi owgan raýaty gatnaşypdyr. Mundan öň, BMG tarapyndan saylawlar boyunça gurulan şikaýat komissiýasy, berilen sesleriň 10 prosentiniň gaýtadan sanalmagyna buýruk beripdi.

Owganystanyň garaşsyz saýlawlar komissiýasynyň 20-nji awgustda geçirilen şol saylawlaryň deslapky netijesini şu gün yglan etmegine garaşylýar.