Medwedew gaýtdy, Ýuşenko barýar

Ýuşenko, Türkmen gazyny Orsýetden sowa satyn almagyň mümkin bolan ýollaryny tapmagyň zerurdygyny açyk aýdýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde prezident Berdimuhamedow Ukrainaly kärdeşi Ýuşenkonyň Aşgabada saparyna pugta taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Görnüşine görä, bu tötänden däl bolsa gerek.

Iki ýurduň bähbitleri örän möhüm ugurlarda biri-birine laýyk gelyär. Türkmenistan Orsýetden sowa gaz satyn almak isleýän alyjylary gözleýär. Bu ugurda Ukraina häzir köpleriň ünsüni çekýän ýurt.

Ukrainanyň ýolbaşçylary, esasanam prezident Ýuşenko, Türkmen gazyny Orsýetden sowa satyn almagyň mümkin bolan ýollaryny tapmagyň zerurdygyny açyk aýdýar. Hut şonuň üçin-de, Kiýew NABUKKO proýektine gatnaşygyny düýpgöter üýtgetdi.

Owal Ukraina tarapy NABUKKO turbageçirijisi Orsýet gazynyň Ýewropa akdyrylyşyny kemelder öýdýärdi. Bu bolsa şol gazy öz territoriýasy arkaly akdyrýandygy üçin ummasyz girdeji gazanýan Ukraina uruljak göni zarbady. Indi bolsa Kiýewde iň ýokary derejede NABUKKO gaz importyny diwersifikasiýa etmäge ýol açjak we Orsýete elgaramalygy azaltjak proýekt hökmünde garalýar.

Şonuň üçin-de häzir Aşgabatda NABUKKO proýektini goldaýan döwletleriň sanawyna Ukrainany hem goşup bilerler. Garaşylyşy ýaly, prezident Ýuşenko bu meseläni türkmen tarapy bilen has giň görnüşde, ýagny türkmen gazyny 5 ýyl mundan öňküsi ýaly Ukraina akdyrmak baradaky umumy wezipäniň çäginde maslahatlaşar .

Ukraina tarapy taýýar

Azyndan 15 milliard kubmetr türkmen gazyny satyn almaga taýýardygyny eýýäm Kiýew resmi suratda açyk aýdýar. Bu barada Ukrainanyň Aşgabatdaky ilçisi Wiktor Maýko açyk yglan etdi.

Ukrainanyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, eger ýolda ýene-de Orsýet bolmasady, onda bu maksada ýetmek juda ýeňil bolardy. Çünki, ýakyn onýyllykda türkmen gazyny satmak hukugyna resmi suratda Orsýetiň “Gazprom” läheňi eýe.

Ýöne Ukrainaly ekspertler Türkmenistan-Orsýet ylalaşygynyň häzir sorag astyndadygyna ünsi çekýärler. Çünki olaryň arasyndaky dawa netijesinde aprel aýyndan bäri hatda türkmen gazynyň Orsýete akdyrylyşy hem kesildi. Bu bolsa Aşgabadyň mümkinçiligini özboluşly ýagdaýda artdyrýar we Ukraina bilen ylalaşyga ýol açýar.

Häzir Türkmenistan we Ukraina Orsýet bilen gatnaşyklarynda ýeňil bolmadyk döwri başdan geçirýärler. Şonuň üçin-de Aşgabadyň we Kiýewiň “bir çukura tüýkurmegi” aňsat bolar diýip, Ukrainada hasaplanylýar. Şeýle-de hut Kreml bilen oňşuksyzlygyň Kiýewe we Aşgabada berjek goşmaça mümkinçilikleriniň diňe bir gaz pudagyndaky gatnaşyklary ösdürmekde bolmajakdygy barada Ukrainanyň metbugaty dürli pikirleri orta atýar.

Ukrain prezidentiniň sekretariatynyň habaryna görä, Ýuşenko Berdimuhammedow bilen özara gatnaşyklary dürli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, hatda harby-tehniki ugur boýunça ösdürmek barada gürrüň etmegi planlaşdyrýar. “Eýse, Moskwa bilen gatnaşyklaryň mydama dartgynlydygy Aşgabadyň we Kiýewiň hakyky strategiki ýaranlar bolmagyna itergi bermeýärmi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.