Aksakgallar

Ýaşuly diýmäň siz her gören gendä,
Siz bu sözi her ädimde ulanmaň!
Hiç haçan aksakgal bolmaz türkmende,
Sakgaly agaran, özi ulalman.

Bu söz mukaddesdir,
dyzyňyz epmäň,
Ak sakgalda ak ynsabyň gary bar.
Taryhyň öňünde ejizlik etmäň.
Bu sözde türkmeniň namys-ary bar!

Ýaşuly diýilmez ruhy gul bolsa,
Çemeçil ýöwseli neýlesin sakgal.
Sakgalyň bahasy kagyz pul bolsa,
Eýesi dälmidir – bazarçy bakgal!

Ar-namys, mertebe satylýan bolsa,
Ýaranjaň bilmese köçede kemin,
Sakgal kireýine tutulýan bolsa,
Bagtynyň ýatdygy dälmi türkmeniň?!

Paýhasyň sakasy aksakgal adam,
Türkmeniň – ýüzüniň tuwagy, dana.
Birinjiden, bolmaly däl ol nadan;
Ikinjiden, gulluk etmez nadana.

Belent dursun namys bilen mertebe,
Nusga bolsun gojalarmyz az gepli.
Agtyk-çowluk gatnasyn bu mekdebe,
Ogullar mert össün, gyzlar edepli.

Agyr ilde ýeňil duýga uýulmaz,
Sarpa bolmaz her bir nili azana.
Ozal-ebet ýaşulusyň diýilmez,
Halkyň erkin çykarana bazara.

Çekilmesin gurrumsagyň azary,
Bedasyl öňünde gelmäň amana.
Baýdakdyr milletiň namysy-ary,
Galmasyn Türkmeniň ýoly gümana!