Prezident Medwedew Aşgabada barar

Medwedew Gazpromyň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşgynda kaspiýaka dowletleri bilen gaz boýunça hyzmatdaşlygyň hökümetara ylalaşyklar derejesinde ýola goýuljakdygyny aýdypdyr.

Orsýetiň “RIA Nowosti” habar gullugynyň maglumatyna görä, 13-nji sentýabrda prezident Dmitriý Medwedew iş sapary bilen Türkmenistana barar. Bu barada Medwedewiň komekçisi Sergeý Prihodko aýtdy.
D.Medwedew Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, hususan, energetika hyzmatdaşlygy barada gürrüň eder diyip, “RIA Nowosti” maglumat berdi.

Prezident Medwedewiň bu sapary iki yurduň gatnaşyklarynyň o diyen gowy bolmadyk döwrüne gabat gelyär. Çünki geçen aprelde türkmen gazy akýan Orsýet turbasynda partlama bolandan soňra, iki döwletiň gatnaşyklarynda dartgynly yagdaýyň emele gelendigi aýdylýar.

Hut şonuň üçin-de Türkmenistan Kremliň garşylygyna bakmazdan, Ýewropanyň we Amerikanyň goldaýan NABUKKO proýektine goşuljakdygyny açyk yglan etdi. Munuň bolsa, Kremliň “ýarasyna duz sependigine” ynanýanlar az däl.

Ýakynda orsýetli garaşsyz žurnalist Arkadiý Dubnowyň ýazmagyna görä, Medwedewiň häzirki sapary turkmen-ors gatnaşyklaryndaky gaz konfliktine nokat goýar.

“G.Berdimuhamedowyň iýun aýynda Sankt-Peterburgda geçirilen ykdysady foruma barmandygynyň sebäbi-de Orsýetiň gaz dawasyny çözmegi Gazpromyň derejesine düşürendigi bolmaly” diýip, Dubnow aýdýar. Şondan bäri konsern hiç hili netijä gelip bilmän gelýardi. Iki prezidentiň häzirki duşuşygynda bu barada anyk bir ylalaşyga gelinjekdigine garaşylýandygyny Arkadiý Dubnow ýazdy.

D.Medwedew Gazpromyň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşgynda kaspiýaka dowletleri bilen gaz boýunça hyzmatdaşlygyň kompaniýalaryň arasyndaky ylalaşyklar däl-de, hökümetara ylalaşyklar derejesinde ýola goýuljakdygyny aýdypdyr. Bu ýagdaýda Moskwa resmi Aşgabada eglişik etmäge mejbur bolar diýip, «Wremýa nowosteý» gazýeti ýazdy.

Garaljak meseleler

Türkmenistananly žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň pikiriçe bu duşuşykda esasan türkmen gazyny Orsýete akdyrmak barada gürrüň ediler. "Sebäbi bu ugurdaky düşünişmezlikler dowam edýar. Şonuň üçin-de iki prezident şeýle mumkinçilikden peýdalanyp, gaz meselesi barada gürrüň eder we belli bir derejede oňegidişlik bolmagy mümkin" diyip, Baýryýew ynanýar.

Özbegistanly syýasaty öwreniji D.Ýoldaşew hem Baýryýewiň pikirini goldaýar. Ýoldaşowyň sözlerine görä, soňky döwürde Orsýet bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary ýaramazlaşdy. Sebäbi türkmen gazy akýan gaz turbasyndaky partlamadan soňra, ony remont etmek işlerini türkmen tarapy öz boýnuna almaga
Assa-ýuwaş Türkmenistan izolýasiýadan çykyp başlady.
mejbur boldy.

“Türkmen gazy bäş aýdan gowrak wagtlap Orsýete akdyrylmandygy üçin türkmen tarapy Günbatar bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga, söwda işlerini ýola goýmaga girişdi. Assa-ýuwaş Türkmenistan izolýasiýadan çykyp başlady. Türkmenistana Ýewropa ýurtlaryndan, hatda Amerikadan hem wekiller gelip başlady. Hytaý bilen gatnaşyklaryny-da giňeldip ugrady” diýip, Ýoldaşew sözüniň üstüne goşdy.

Onuň pikirine görä, Medwedewiň Türkmenistana saparynyň maksady Türkmenistan bilen ozalky gatnaşyklary täzeden ýola goýmak we Türkmenistanyň Ýewropa hem ABŞ bilen gatnaşygyny öňki ýagdaýyna getirmekden ybaratdyr. Ýoldaşew häzir energiya hyzmatdaşlygynyň problema öwrülendigini, muňa Orsýetin sebäpkärdigini indi bolsa, Kremlin türkmen gazyny dünýa bazarynyň bahasynda satyn almaga mejbur bolýandygyny aýtdy.

Aşyrguly Baýryýewiň pikirine görä, Orsýetiň iru-giç Türkmenistana käbir eglişigi etmeli boljakdygyna ol ynanýar. Sebäbi halkara syýasatda häkimiýetiň öz hökümini amala aşyrmagynyň alty sany ýoly bar diýip, bilermenler aýdýarlar. Onuň birinjisi, güýç ulanmak, ikinjisi, mejbur etmek syýasaty we ýene-de biri, duýduryş bermek usuly.

“Basyş ederden ejiz”

Fransiýada ýaşaýan halkara ekspert Kamoliddin Robbimowyň sözlerine görä, häzirlikçe Orsýet Türkmenistana basyş etmek mehanizmleri ulanmakdan ejiz. “Eger-de Türkmenistan bilen Özbegistany deňeşdirsek, Orsýet Özbegistana basyş etmek mehanizmine eýedir. Sebäbi iki milliona golaý özbegistanly zähmet migrantlary Orsýetde işläp, Özbegistana pul iberýärler”.

“Bu ýerde gürrüňi ediljek meseleler esasan gaz gatnaşyklary we Hazar deňziniň statusy bolar. Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasyndaky jedelde Orsýetiň kimiň tarapyny alyp, nähili pozisiýada durjakdygy hem gyzykly mesele” diýen Robbimow hazir Türkmenistanyň öz gazynyň eksportyny
Türkmenistanyň Nabukko proýektine goşuljakdygyny yglan etmegi Orsýete ýakmaz.
diwersifikasiýa etmek ýolundan ynamly barýandygyny, “Nabukko” proýektine goşulýandygyny-da açyk yglan edendigini aýtdy we bu zatlaryň Orsýete ýakmajakdygyny belledi.

Özbegistanly syýasaty owreniji Ýoldaşew Türkmenistanyň we Orsýetiň gatnaşyklarynyň ösmeginiň peýdalydygyny aýtdy. “Şonuň üçin-de, Türkmenistan Orsýet Hytaý, Ýewropa ýurtlary we ABŞ bilen gatnaşyklaryny ösdurmeli. Sebäbi tebigy baylyklary haýsy-da bir sebäplere göra bir döwlet satyn almasa, beýlekisi alar. Diýmek, ýurduň bujetine pul üznüksiz gelip durar. Elbetde, bu yurda we halka peýdaly”.

Analitikler Türkmenistanyň Orsýet bilen gatnaşyklarynyň geljegi barada anyk bir zat aýtmagyň ýeňil däldigini boýun alýarlar. Emma, dünýäde öz abraýyny ösdürmek we daşary ýurt inwestisiýasyny köpräk almak ugrunda alada edýän Türkmenistan üçin demokratiýanyň dabaralanan döwletleri bilen jebis hyzmatdaşlygyň has bähbitlidigine olar ynanýarlar.