Çawesiň teklibini Aşgabat haladymy?

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes Aşgabatdaky duşuşyk mahalynda, 7-nji sentýabr, 2009 ý.

Wenesuelanyň prezidenti nebit eksporty bilen meşgullanýan ýurtlaryň arasyndaky OPEC guramasynyň tebigy gaz boýunça nusgasy boljak Global gaz öndürijileriň guramasyny döretmek teklibi bilen Orsýete bardy.
Bu teklip gaz sarp ediji ýurtlarda howatyrlanma döredýär.

Şeýle gorkulara näme sebäp bolup biler diýen sowala düýbi Italiýada ýerleşýän biznesde towekgelçiligiň möçberini hasaplamak bilen meşgullanýan analitiki merkeziň bilermeni Federiko Bordonaro şeýle jogap berdi: “Gaz halkasy döredilen halatynda, bu ýagdaý gazy öndüriji ýurtlaryň ygtyýarlyklarynyň artjakdygyny aňladar. Ýagny, olaryň gazyň bahasyny kesgitlemek meselesindäki pozisiýasyny has berkider. Bu bolsa, gazy sarp ediji ýurtlarda howatyrlanma döredýär”.

Soňky günlerde Global gaz öndürjileriň guramasyny döretmek teklibi bilen Wenesuelanyň prezidenti Demirgazyk Afrikanyň Libiýa hem Alžir ýaly ýurtlaryna, Siriýa, Eýrana hem Türkmenistana sapar edip, şu gün bu teklip bilen Orsýete bardy.

On üç günüň dowamynda sekiz ýurda baran Hugo Çawesiň Global gaz öndürjileriň guramasyny döretmek ideýasy bir ýurtda makullanan bolsa, beýleki ýurtda kän bir goldaw tapmady. Ýone Çawesiň şu gün sapar edýän ýurdy Orsýet bolsa, bu pikiri ozaldan öňe sürüp gelýänleriň biri.

Geçen ýyl Orsýet, Alžir, Boliwiýa, Müsür, Eýran, Katar, Libiýa, Trinidad we Tobago, Ekwatorial täze Gwineýa, Wenesuela hem Nigeriýa ýaly ýurtlaryň arasynda gaz eksporty bilen meşgullanýanlaryň forumyny döretmek babatdaky ylalaşyga gol çekildi. Emma şol ylalaşykdan soň bu meseläniň amala aşyrylmagy ugrunda hiç bir hereket edilmedi. Şeýle-de, şu wakadan soň Orsýetiň, Eýranyň hem Kataryň resmileri Tähranda duşuşyp, Global gaz öndürijileriň guramasyny döretmek hakda pikir alyşdylar.

Bu üç ýurduň bilelikde eýeleýän gaz zapaslary dünýäniň gaz ätiýaçlyklarynyň 60%-ne barabar bolup durýar. Emma bu gepleşikler hem netije bermedi. Häzirki Ugo Çawesiň sapary bolsa, bu inisiatiwany gollaýan ýurtlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen amala aşyrylýana meňzeýär.

Gaz nebit däl

Emma analitik Federiko Bordonaro esasy kynçylygyň OPEC-den tapawutlylykda bu täze teklip edilýän guramanyň nebitiň däl-de, gazyň söwdasy bilen meşgullanjakdygynda görýär.“Esasy mesele: fiziki sebäplere görä, gaz nebit ýaly satylmaýar. Gazy satmak üçin gaz geçirijileriň bolmagy zerur. Gazyň diňe ujypsyz bölegi suwuklandyrylyp satylýar. Şonuň üçin gazyň bazarynyň nebitiňki ýaly boljakdygyny göz öňüne getirmek gaty kyn”.

Şeýlelikde, analitigiň pikirine görä, tanker arkaly dünýäniň dürli künjeklerine satyp bolýan nebitiň bazaryndan tapawutlylykda gazyň bazary belli bir çäge daňylgy bolup durýar. Ýagny gazyň bazary gaz geçirijiler bilen baglanyşýan ýurtlar bilen çäklener. Nebitiň bahasy bilen baglanşykly ylalşmazlyklar ýüze çykanynda, bu harydy şol baha bilen ylalaşýan beýleki ýurtlara satyp bolýan bolsa, gazyň söwdasynda gazy öndüriji ýa gazy satyp bilýär ýa-da gazyň bahasy babatda ylalaşylmasa, gazy satman bilýär. Emma şeýle ýagdaýda öndüriji girdejisiz galýar.

Orsýet gazynyň esasy alyjysy Ýewropa Bileleşigi hasaplanylýar. Olary birikdirýän gaz geçirijiler hem bar. Türkmenistanyň esasy gaz hyzmatdaşy aprel aýyna çenli Orsýetdi. Bäş aý mundan ozal gaz geçirijide ýüze çykan partlamadan soň, Türkmenistan Orsýete satýan gazyny kesdi. Häzir bolsa, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz geçirijiniň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Töwekgelçilik we çykdajy

Analitik Federiko Bordonaronyň pikiriçe, gaz geçirijilere garaşly bolmaklyk öndürijä girdejini, sarp edijä bolsa harydy kepillendirip biler.“Tebigy gazyň bazarynda gaz geçirijini gurýan tarapda bu barada gol çekilen anyk şertnama bolmasa, ummasyz serişde sarp edilip gurlan şol gaz geçirijiniň soňra boş galmak towekgelçiligi bar. Orsýet bilen Türkmenistan bolsa, şeýle töwekgelçiliklere baş goşmak islemeýärler. Bu şertlerde global gaz halkasyny döretmek meselesi başa barmasa gerek.”

Şeýlelikde ýokarda aýdylanlary göz öňünde tutsak, gaz zapaslary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän we iň möhüm gaz geçiriji proýektlerine gatnaşmak isleýän Türkmenistanda näme sebäplere görä Ugo Çawesiň teklibiniň goldanylmandygyna düşünip bolýar. Hut şol sebäplere görä, bu teklip gaz geçirijilere Türkmenistandan hem köp garaşly Orsýetde-de köp gyzyklanma döretmezligi mümkin.