NABUKKO turbalarynyň ykbaly we Hazar

Emma Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda Hazardaky ýangyç ýataklary babatda ýüze çykan soňky düşünişmezlikler Nabukko proýektiniň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleri ýene sorag astynda goýdy.

Hazar regionynyň tebigy gazyny Russiýadan sowa Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa akdyrjak “Nabukko” proýektiniň durmuşa geçirilmegi babatda soňky aýlaryň dowamynda bolup geçen wakalar, bu proýektiň nä derejede mümkindigi baradaky soraglaryň täzeden ýüze çykmagyna sebäp boldy.
Iki aý mundan öň, 13-nji iýulda, Ýewropa Bileleşigine girýän döwletler we Türkiýe Ýewropanyň tebigy gaz boýunça Russiýa garaşlylygyny azaltjak “Nabukko” turbalarynyň kanuny esaslary boýunça ylalaşyga gol çekişdiler.

Yrak planlaşdyrylýan şol turbalar üçin zerur bolan tebigy gazyň ýarsyny, ýagny 15 milliard kub metrini öz boýnuna aljakdygyny wada berdi, emma anyk wagtyny belli etmedi.

Birnäçe aý dowam eden gepleşiklerden soň Türkiýede gol çekişilen şol yalalaşyk, 31 milliard kub metrlik göwrümi bolan “Nabukko” turbalarynyň gurlup başlamagy üçin möhüm ädim hökmünde alamatlandyryldy. Şol ylalaşyk ýola goýlandan soň, Halkara “Nabukko” Turbalary konsorsiumynyň dolandyryjy direktory Reinhard Mitsçek planlaşdyrylýan turbalaryň durnukly kanuny esasynyň kesgitlenendigini we munuň ähli müşderiler üçin deň derejede şertleri kepillendirýändigini nygtady.

Günorta Akym we Türkiýe

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýip Ärdogan (sagda), Russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşdy, 6-njy awgust, 2009 ý.
Bu wakadan bir aý geçmänkä, 6-njy awgustda Russiýa we Türkiýe göwrümi “Nabukko” turbalarynyňkydan iki esse uly bolan Günorta Akym proýektiniň turbalarynyň Türkiýäniň territoriýasyndan geçirilmegi boýunça ylalaşyga gol çekişdiler.

Günorta Akym proýekti “Nabukko” proýektine bäsdeş hasaplanylýar. Emma bu proýekt boýunça gol çekişlik dabarasynda çykyş eden Türkiýäniň premier-ministri Rejep Taýip Ärdogan “Nabukko” we Günorta Akym proýektleriniň biri-birine bäsdeş däl-de, bularyň paralleldigini öňe sürdi.

Moskwa Günorta Akym proýektiniň kömegi bilen Ýewropa barýan rus gazynyň tranzit ýurdy bolan Ukrainadan sowa geçmek isleýär. Bu proýektiniň Türkiýä tarap barýan marşruty maliýe taýdan has çykdajyly hem bolsa, Ukraina degmän geçýär.

Emma Ýewropa Russiýanyň energiýasyna garaşlylygyny azaltmak üçin gözbaşyny Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýadan alyp gaýtjak “Nabukko” turbalarynyň çekilmeginiň tarapdary.

"Nabukko şowsuzlyga uçramaz"

Ikinji sentýabrda Ýewropa Parlamentiniň öňünde çykyş eden ÝB-niň energiýa boýunça komissary Andris Pibalgs Russiýa Günorta Akym proýekti
Günorta Akym boýunça çäreleri çaltlandyrylsa-da, “Nabukko” şowsuzlyga uçramaz.
boýunça çäreleri çaltlandyrsa-da, “Nabukko” proýektiniň şowsuzlyga uçramajakdygyny aýtdy.

Ýewroparlamentiň senagat, barlag we energiýa boýunça komitetiniň öňünde çykyş eden komissar Andris Pibalgs Günorta Akym proýekti boýunça Russiýa-Türkiýe ylalaşygynyň degişli yşaratlary berýändigini, emma muňa garamazdan, “Nabukko” proýekti boýunça Türkiýa ynam bildirýändiklerini mälim etdi.

Türkmen gazynyň diwersifikasiýasy

Ýakynda Türkmenistana sapar eden Wenesuelanyň prezidenti Ugu Çawesiň tebigy gaz boýunça gurama goşulmak baradaky tekliplerine Türkmenistan şol guramanyň tarapdarlary tarapyndan garaşylýan jogaby bermedi. Şol gaz guramasynyň türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagy boýunça päsgelçilikleri döredip biljekdigi aýdylýardy.

Türkmenistan ägirt uly uglewodorod potensialyna eýe bolmak bilen, eksport ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine aýratyn üns berýändigini yglan edip gelýär. Şol eksport ugurlary häzirlikçe Russiýa, Eýran we ýakynda işläp başlamagyna garaşylýan Hytaý marşrutlaryndan ybarat.

Türkmen-azeri dartgynlygy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Azerbeýjanyň premýer ministri Artur Rasizade, 19-njy maý, 2008 ý.
Türkmen gazynyň Hazar deňziniň Azerbeýjan tarapyna geçirilmegi “Nabukko” turbalarynyň gaz bilen üpjün edilmegi üçin möhüm hasaplanylýar. Emma Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda Hazardaky ýangyç ýataklary babatda ýüze çykan soňky düşünişmezlikler bu proýektiň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleri ýene sorag astynda goýdy.

Hazar deňziniň statusynyň kesgitlenmezligi, “Nabukko” proýektine türkmen gazynyň akdyrylmagy boýunça iň uly päsgelçilikleriň biri hasaplanylýar. Halkara ekspertler Türkmen gazy bolmazdan “Nabukko” turbalarynyň gaz bilen üpjün edilmeginiň örän kyn boljakdygyny nygtaýarlar.

Şeýlelikde Nabukko proýektini geljeginiň Hazar deňziniň statusynyň kesgitlenmegine, başgaça aýdylanda, Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň Hazardaky gaz ýataklary boýunça ylalaşyga gelmeklerine bagly bolup durýandygy bellenilýär. Şol meseleleriň bolsa, geljekde Aşgabada sapar etjek Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçiriljek gepleşiklerde maslahatlaşylmagyna garaşylýar.