Owganystanda bolan prezidentlik saýlawlarynyň netijesi heniz doly yglan edilenok, şol bir wagtyň özünde geçiş döwri üçin käbir planlaryň durmuşa geçirilmegi dogrusynda Ýewropanyň esasy döwletleri Owganystan babatynda bir halkara konferensiýanyň gurnalmagyna çagyryş edýärler.
Britaniýa, Germaniýa we Fransiýa, howpsuzlygy ösdürmek meselesinde owgan häkimiýetleriniň köpräk jogapkärçilik duýmaklary üçin bir plan taýýarlanylmagyna çagyryş edýärler. Olar “Şeýle plan BMG-nyň ýolbaşçylygynda Owganystan babatynda geçiriljek halkara konferensiýada maslahatlaşylmaly” diýýärler.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Brown 6-njy sentýabrda Berlindäki konferensiýadan soňra geçirilen metbugat konferensiýasynda bu babatda Fransiýanyň prezidenti N.Sarkozi bilen bilelikde bir plany taýýarlandyklaryny mälim etdiler.
Bu üç döwlet ABŞ-dan soň Owganystana iň köp sanly harby iberen ýurtlardyr, olaryň Owganystandaky esgerleriniň sany 17000 bolup, harbylar NATO ýaranlygynyň ýolbaşçylygyndaky güýçlerde gulluk edýärler. Bu üç döwletiň raýatlary bolsa, öz hökümetleriniň Owganystan boýunça syýasatyndan nägilelik bildirýärler.
"Biz örän aýgytly hereket etmeli"
Germaniýanyň kansleri A.Merkel ýewropalylar owganlaryň öz ýurdunyň ykbalyny tizräk öz ellerine almagyny isleýärler diýdi: «Biziň maksadymyz geçiş döwründe Owganystanyň hökümetini öz üstüne has köp jogapkärçiligi almaga taýýarlamak. Biz bu işde okuw-türgenleşik we graždan obýektleri gurmak ýaly çäreler bilen ýardam berýäris, ýöne şol bir wagtyň özünde-de biz Owganystanda durnukly howpsuzlyk strukturasyny döretmegi-de ünsden düşürmeli däl. Biz bu barada öňe örän aýgytly hereket etmeli. Howpsuzlyk meselesinde owganystanlylaryň öz üstlerine has köp jogapkärçiligi alan ýagdaýynda halkara goldaw azaldylyp hem bilnerdi» diýip, Germaniýanyň kansleri Merkel nygtady.
Merkeliň bu baradaky kampaniýasy şu aý Germaniýada geçiriljek saýlawlar we onuň gaýtadan saýlanmak islegi bilen bagly. Geçirilen pikir soralşyga görä, germaniýalylaryň üçden iki bölegi öz ýurdunyň owgan missiýasyna goşulmagyna garşydyklaryny beýan edipdirler.
Britaniýanyň Owganystandaky harbylarynyň sany 9.000. Bu döwletiň premýer-ministri Gordon Brownyň hökümeti owgan missiýasy boýunça öňräkden bäri içki garşylyga duş bolup gelýär. Berlindäki konferensiýada çykyş eden Brown geçirilmegi teklip edilýän konferensiýanyň birnäçe hepdäniň dowamynda gurnalmalydygyny aýtdy.
“Owganystan boýunça göz öňünde tutýan bu uly möçberdäki konferensiýamyz şu ýyl tamam bolmanka geçirilmeli, onda howpsuzlyk, dolandyryş we ösüş ýaly meseleler maslahat edilmeli” diýip, Britaniýanyň premýer-ministri nygtady.
ABŞ we Owganystan häzire çenli ýewropalylaryň bu pikirine reaksiýa bildirenoklar.
Owganystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda birgiden galplygyň bolandygy hakda şikaýatlar gowuşsa-da, saýlaw komissiýasy häzirki prezident H.Karzaýyň bäsleşikde öňde barýandygyny habar berdi. Saýlaw resmilerinden Daud Ali Najafi 6-njy sentýabrda beren maglumatynda, käbir saýlaw okruglarynda galplygyň bolandygy hakynda ýeterlik delilleriniň bardygyny aýtdy.