Türkmenistanly studentler Bişkekdäki amerikan uniwersitetine iberilmez

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň TASP programmasy boýunça Merkezi Aziýadaky Amerikan Uniwersitetinde okaýan türkmen studentleri indi Bolgariýadaky amerikan uniwersitetinde okarlar diýip, düýbi Wenadaky adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparyna salgylanyp, “Sentral Aziýa” internet saýty ýazdy.

MAAU-niň türkmenistanly studentleri Bolgariýa iberiler

Aşgabatdan alnan maglumata görä, ACCELS edarasy 21-nji sentýabra çenli TASP programmasy boýunça okaýan ähli studentleri Bolgariýa iberer.

Aşgabatdaky ACCCELS programmasy boýunça işleýän edaranyň wekiliniň sözlerine görä, türkmen hökümeti diňe Bişkekdäki amerikan uniwersitetinde okaýan studentlere ýurtdan çykmaga rugsat bermändir. Bişkekdäki Amerikan uniwersitetiniň döwlete degişli däl hususy uniwersitetdigi bolsa muňa sebäp edip görkezilipdir. Studentler dokumentlerini yzyna alýarlar diýlip habar berilýär.

“Häzir studentler Bişkekdäki uniwersitetde okamajakdyklary barada arza ýazýarlar we dokumentlerini yzyna alýarlar. Biz dokumentleri alyp, Bolgariýa ibereris” diýip, ACCELS edarasynyň wekili aýdýar.

Türkmenistanly studentleriň okuwyny dowam etdirmek üçin ýurtdan çykyp bilmeýändigi barasynda halkara habar serişdelerinde maglumatlar ýaýrasa-da, onuň sebäpleri resmi taýdan yglan edilmedi.

Bişkekdäki amerikan uniwersiteti Merkezi Aziýadaky hususy okuw jaýy bolandygy üçin Aşgabadyň öz ýaşlarynyň öňünde Türkmenistanyň içindäki ýokary okuw jaýlarynda okamaly diýen talaby goýmagynyň bu problemanyň sebäbi bolandygyny internet saýty ýazdy.

“Türkmen studentlerini goldaýarys”

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň Bişkekdäki habarçysy Sabyr Muminowyň sözlerine görä, 3-nji sentýabr güni Bişkekdäki amerikan uniwersitetiniň studentleri “Okuwa gelip bilmeýän türkmen studentlerini goldaýarys” diýen şygar bilen protest çykyşyny geçirmegi planlaşdyrypdyrlar. “Emma bu protest aksiýasy ýagdaýlary çylşyrymlaşdyrmazlyk üçin 15-nji sentýabra galdyryldy” diýip, Muminow aýtdy.

Uniwersitetiň kordinatory Ýewgeniýa Romanowskaýa uniwersitetiň dokumentleriniň ýerbe-ýerdigini Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýtdy. “Merkezi Aziýadaky amerikan uniwersiteti hususy uniwersitet. Şonun üçin-de Türkmen ýaşlarynyň okuwa iberilmeýändigi hakykat. Emma uniwersitetiň lisenziýasy, attestasiýasy we beýleki dokumenleriniň ählisi ýerbe-ýer.”

Gyrgyz resmisi tassyklaýar

Bişkekdäki Amerikan uniwersitetiniň dokumentleriniň ýerbe-ýerdigini Gyrgyzystanyň Bilim ministriniň birinji orunbasary Boris Kubaýew hem tassyklady. Onuň sözlerine görä, Bişkekdäki amerikan uniwersitetiniň döwlet attestasiýasyndan geçenine entek bir aý hem bolmandyr. “Uniwersitet 2014-nji ýyla çenli zerur dokumentleriň ählisini aldy. Kim amerikan uniwersitetiniň dokumentlerinden kemçilik tapýan bolsa, olaryň özlerinden jogap soramaly” diýip, Gyrgyzystanyň Bilim ministriniň orunbasary Kubaýew aýtdy.

Şeýle-de bolsa, Gyrgyzystanyň bilim ministrliginiň işgäri 2-3-nji kurslarda okaýan türkmen studentleriniň ýurtdan çykarylmandygynyň sebäplerine düşünmeýändigini sözüniň üstüne goşdy. ”Elbetde, bu Türkmen häkimiýetleriniň öz işi, emma şeýle-de bolsa, bu barada bizde doly maglumatlar entegem ýok” diýip, Gyrgyzystanyň bilim ministriniň orunbasary Kubaýew habar berdi.

Türkmen ýolbaşçylary ýurtda bilim pudagyny ösdürmek üçin sowatly ýaş nesliň zerurdygyny aýdýarlar. Prezident Berdimuhamedow golaýda Bilim we Studentler güni eden cykyşynda hem Türkmenistanyň geljegi ýaş nesliň sowatly bolmagy üçin döwletiň ýadawsyz tagalla edyändigini we etjekdigini aýtdy. Eýse, daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň şu ýyl ýüzbe-ýüz bolan problemalarynyň hakyky sebäpleri näme? Bu sowalyň anyk jogaby barada bir zat diýmek entek çetin.