Türkmenistan Hazarda harby baza gurar

Prezidenti Berdimuhamedow planlaşdyrylýan harby-deňiz bazasynda ýaragly güýçleriň hemişelik esasda ýerleşdiriljekdigini we raketa sistemasyna eýe bolan iki sany harby gäminiň hem satyn alynjakdygyny mälim etdi.

Türkmenistan gysga wagtyň içinde Hazar deňzinde Goranmak ministrliginiň we Türkmen Döwlet Serhet Gullugynyň harby-deňiz bazasyny gurmagy planlaşdyrýar.
30-njy awgustda bolup geçen Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygy geňeşinde ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow planlaşdyrylýan harby-deňiz bazasynda ýaragly güýçleriň hemişelik esasda ýerleşdiriljekdigini we raketa sistemasyna eýe bolan iki sany harby gäminiň hem satyn alynjakdygyny mälim etdi.

Şeýle howpsuzlyk we harby çäreleriň ýola goýulmagyna sebäp edip, sebitde ekstremistik, kontrabanda we terror hereketleriniň köpelýändigi we şeýle howplara garşy sebitdäki beýleki döwleteriň hem öz harby býudjetlerini artdyrýandyklary görkezildi.

Gatnaşyklar dartgynlaşan wagty

Türkmenistanyň prezidentiniň bu çykyşy Hazar deňziniň hukuk statusy we Serdar ýangyç ýataklary boýunça ýurduň Azerbeýjan bilen gatnaşyklarynyň dartgynlaşan wagtyna gabat geldi. Şeýle hem ýakynda Russiýa Federasiýasynyň we Eýranyň ýaragly güýçleri Hazar deňzinde 800 sany harbylaryñ gatnaşmagyndaky bilelilkdäki harby türgenleşigi geçiripdi we Türkmenistanyň şol türgenleşige synçy hökmünde gatnaşandygy habar berildi.

1990-njy ýyllaryň ahyryna Hazar deňzindäki nebit ýataklary boýunça Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda düşünişmezlikler ýüze çykyp başlanda, iki ýurduň arasynda diňe bir diplomatiki gatnaşyklar dartgynlaşman, eýse harby bäsdeşlik hem ýüze çykypdy. Şonda Azerbeýjanyň iki sany Amerkan harby katerlerini satyn almagyna reaksiýa hökmünde Türkmensitan hem Ukrainadan birnäçe harby katerleri satyn aldy.

Munuň bilen birlikde, Alborz diýlip atlandyrylýan nebit ýatagy boýunça Eýran bilen Azerbeýjanyň arasyndaky düşünişmezlik 2001-nji ýylda Eýranyň güýç görkezmegine çenli baryp ýetdi.

“Entek düşnükli däl”

Türkiýäniň Strategiki Barlaglar Merkeziniň Merkezi Aziýa we Kawkaz regiony boýunça analitigi Jelaleddin Ýawuz Hazar deňzinde harby deňiz bazasyny gurmak boýunça Türkmenistanyň soňky gelen kararynyň entek doly aýdyňlaşdyrylmandygyny belleýär. “Jenap Berdimuhamedowyň eden beýanatyna seretsek, göýä diýersiň Hazar deňzinde dartgynlylyk bar ýaly we harby býudjet terror howplaryna garşy durmak üçin artdyrylýan ýaly görünýär. Emma bu beýanat entek ýagdaýa doly düşündiriş berenok. Hazaryň hukuk statusy hem belli däl.”

Düýbi Delide ýerleşýän Parahatçykyk we Çaknyşyk Barlaglary Institutynyň Owganystan, Radikal Yslam we Merkezi Aziýa boýunça analitigi Ragaw Şarma häzirlikçe Hazar deňzine abanýan haýsydyr bir terror ýa-da ekstremistik howpuň ýokdugyny öňe sürýär. “Men Hazar deňzine abanýan uly bir ekstremistk ýa-da terror howpuny göremok. Häzirki ýagdaýlar ykdysady meseleler bilen bagly. Howp esasan hem Owganystandan we Özbegistandan abanýar. Özbegistandaky ekstremistik toparlaryň Owganystandaky toparlar bilen arabaglanşygynyň bardygyny unutmaly däl.”

Serhet sistemasynyň ukuby

Analitik Ragaw Şarma, umuman, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gözegçilik sistemalarynyň ekstremistik we terror howplaryna garşy durmak boýunça ukybynyň pesdigini belleýär. "Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň serhet gözegçiligi hem daşardan gelip biljek howplara garşy o diýen taýýarlykly däl. Munuň bilen birlikde ylmy barlaglar şuny görkezýär: Owganystandaky we Özbegistandaky ekstremistik hereketler Aşgabadyň öz režimine hem howp salýar."

Şarmanyň aýtmagyna görä, ýurduň režimine howp diňe daşardan gelenok. "Bu ýurduň syýsatynda repressiw häsiýet bar. Bu bolsa, radikal yslam hereketleriniň döremegine baryp ýetýär. Şol sebäpli howp hem daşardan abanýar, hem içerden."

Türkiýeli analitik Jelaleddin Ýawuz Türkmenistanyň ýaraglanmagynyň beýleki döwletlere hiç-hili howp döretmeýändigini hem öňe sürýär. “Bilşimiz ýaly, Türkmenistan bitarap ýurt. Şunuň bilen baglylykda ol uly bir ýaragly güýçlere eýe boljak ýurt däl. Emma bitarap diýmek, öz-özüňi goramazlyk diýmek däl. Häzirki planlaşdyrylýan harby çäreler zorluk ýa-da hüjüm edijilik maksatly bolmaz, diňe gorag maksatly bolar.”

Eýran faktory

Türkiýäniň Strategiki Barlaglar Merkeziniň analitiginiň aýtmagyna görä, ýurduň serhetlerine diňe bir Owganystadan howp abanmaýar, bu ýerde Eýran faktory hem bar. “Türkmenistanyň günortasynda Eýran hem bar. Eýran prezidentlik saýlawlaryny bulam-bujar etdi. Eýranyň we Ahmedinejadyň öňki abraýy bilen häzirki abraýy deň däl. Eýrandaky häzirki pursatdan peýdalanyp, döräp biljek ekstremistik howplar hem bar. Şol sebäpli jenap Berdimuhamedow Hazardaky harby bazany daşardan geljek howplara garşy niýetleýändir diýip, umyt edýärin. Hazar deňzi dartgynlylyk deňzi däl-de, dostluk we parahatçylyk deňzi bolmalydyr.”

Trend agentiligi habar berýär

Şu gün Azerbeýjanyň Ministrler Kabinetiniň Ykdysady we Maliýe sýýasaty boýunça öňki ýolbaşçysy Oktaý Hagwerdiýew Trend habar agentligine beren beýanatynda Hazar deňzinde Türkmenistanyň harby baza gurmagynyň aňyrsynda Hazaryň statusynyň çözülmegini çaltlandyrmak boýunça tagallalaryň däl-de, eýse deňizdäki nebit we gaz ýataklaryny goramak aladalarynyň ýatandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Hazar ýaka döwletleri biragyzdan ylalaşyp, ýa Hazaryň düýbüni bölmeli ýa-da düýbüni we deňzini bölmeli.

Russiýanyň Kommersant gazetiniň redaktory Azer Mursaliýewiň Azerbeýjanyň Trend habar agentligine aýtmagyna görä, Berdimuhamedowyň soňky çykyşy daşarky düňýä üçin uly duýduryş boldy. Sebäbi Türkmenistanyň prezidentiniň beýanaty taraplaryň arasynda geçiriljek çynlakaý gepleşikleriň öňüsyrasy edildi.

2005-nji ýyldaky ylmy çaklamalara görä, Türkmenistanyň harby býudjeti jemi öndürilýän içerki önümiň 3,4 prosentine deňdir we şol görkeziji boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan 40-njy orunda durýar.