“Çigildem” rewolýusiýasyna nazar salynsa…

“Çigildem” rewolýusiýasynyň ýyl dönümi, 24-nji mart, 2006 ý.

Reňkli rewolýusiýalaryň gysgajyk eýýamynda Gyrgyzystanyň 2005-nji ýylda bolan “Çigildem” ýa-da “Halk” rewolýusiýasyna köpler demokratiýanyň umytlandyrjy dabarlanmasy hökmünde garadylar. Ýöne ondan bäri geçen ýyllar bu ýurduň demokratiýa barýan ýodasynda yzagaýdyşlyk görüldi. Hakykatda Gyrgyzystan öz awtoritar Merkezi Aziýa goňşularynyň käbir göze gelmeýän ýörelgelerine eýerdi.

Sowet Soýuzy dargaly bäri geçen 18 ýylyň içinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hiç birinde saýlawlar esasynda prezident seçilip, kadaly häkimiýet çalşygy bolup geçmedi. Iki prezident postsowet döwründe üýtgewsiz häkimiýet başynda galdy. Iki prezident häkimiýetden gyrakladyldy. Bir prezident bolsa iş başyndaka aradan çykdy.

Emma 2005-nji ýylda Gyrgyzystanda bu oňaýsyz ädehedi bozmaga hem-de tutuş sebite görelde bolmaga mümkinçilik bardy. Ýöne bu mümkinçilik elden giderildi.

23-nji iýulda iş başyndaky prezident Kurmanbek Bakyýew görnetin ugrukdyrylan saýlawda gaýtadan prezident saýlandy.

Sebitdäki “iň liberal”

Bakyýewiň gaýtadan saýlanmagy tutuş Merkezi Aziýada demokratiýanyň goldanmagy baradaky tagallalara saldamly bökdençlik boldy. Emma, soňky dört ýylda demokratiýa babatda yza tesýändigine garamazdan, Gyrgyzystan sebitdäki iň bir “liberal” döwletligine galýar. Ýöne iýulda geçen saýlawlar bize Gyrgyzystanyň barýan ugruny ýatladýar. Onsoň bu ýagdaý seniň kelläňe “Çigildem” rewolýusiýasy bu ýurduň taryhyndaky ýalňyş öwrüm bolan bolmasyn diýen pikiri getirýär.

Geliň, 2005-nji ýyla nazar aýlalyň. Askar Akaýew ýurt garaşsyz bolaly bäri prezidentdi. Ol 1991-nji ýylda Gyrgyzystan Sowet Sosialistik Respublikasynyň prezidentligine saýlanypdy. 1992-nji ýylda bolsa, ol garaşsyz Gyrgyzystanyň prezidentligine gaýtadan saýlanypdy. Ol 1995-nji ýylda hem, soň 2000-nji ýylda hem gaýtadan prezidentlige saýlanypdy. Ýogsam bolmasa, ýurduň konstitusiýasy prezidentlige iki möhletlik çäk goýýardy. Emma ýurduň Konstitusion sudy 1995-nji ýyldan, ýagny Baş kanunyň kabul edilen wagtyndan öň geçirilen saýlawlar hasap däl diýen karar çykardy.

2005-nji ýylda iki saýlaw – Fewral aýynda parlament, oktýabrda bolsa, prezident saýlawlary planlaşdyrylypdy. Akaýew bu saýlawda bäsleşige çykyp bilmeýärdi.Merkezi Aziýadaky kärdeşlerinden tapawutlylykda, Akaýew akademikdi, Kommunistik partiýanyň emeldary däldi. Gyrgyzystan onuň ýolbaşçylygynda, ýokarda bellenilişi ýaly, sebitdäki iň “liberal” döwlete öwrülipdi. Bu ýurt garaşsyz metbugaty we gujurly graždan jemgyýetini kemala getirdi. Onuň parlamentine bir topar syýasy partiýalaryň we hereketleriň agzalary wekilçilik etdi. Ol ýerde “dolandyryjy partiýa” diýen ýaly zat bolmady.

Akaýew hatda 2005-nji ýyldan öň hem wezipeden çekilmegi wada beripdi. Emma Konstitusion sud onuň 1995-nji ýyldaky prezident saýlawyny birinji möhlet atlandyrdy we 2000-nji ýyldaky saýlaw onuň prezidentliginiň ikinji möhletiniň başlangyjy boldy. Şeýle-de, bu onuň soňky möhletidi. Elbetde, postsowet ýurtlarynda adat bolşy ýaly, ony 2005-nji ýylda hem haýsydyr bir referendumlar ýa başga öwrümler esasynda bäsleşige çykmaga çagyranlar tapyldy. Käbir tarapdarlary onuň üçünji möhlete hem prezident bolmagy üçin gol ýygnamaga başladylar.

Ýurt fewralda hem martda parlament saýlawlaryna gidende ýagdaý şeýledi. Oppozisiýa Akaýewiň üçünji möhlete prezident bolmajakdygy baradaky ynandyrmalaryna bil baglamaýan hem bolsa, onuň işden çekilmek ähtimallygy parlament saýlawlarynyň köp derejede ähmiýetini artdyrdy. Onsoň oppozisiýa saýlawlarda ilkinji gezek prezidente tarapdar partiýalar bilen çaknyşdy. Hatda demonstrasiýalar fewraldaky saýlawlaryň birinji tapgyryndan öň başlandy we netijeleriň aýan ediljek wagtyna çenli protestçileri kontrol astynda saklamak mümkin bolmady. Netijede, Akaýew 25-nji martda ýurtdan gaçdy.

Şol wagt synçylar prezidente tarapdar partiýalaryň resmi netijelere görä doly ýeňiş gazanmagy Akaýewiň hakykatdan hem iş başyndan çekilmek niýetindedigini görkezip biler diýipdiler. Olar parlamentiň Akaýewiň tarapdarlaryndan düzülmegi onuň wezipeden gidenden soň jogapkärçilige çekilmejegine ynamyny köpeldýär diýen pikiri öňe sürýärdiler.

Özi giden ilkinji prezident bolardy

Eger Akaýew gümürtik saýlawlar esasynda parlament düzüp hem wezipeden çekilen bolsa, ol Merkezi Aziýada meýletin iş başyndan aýrylan ilkinji prezident bolardy. Ýöne ol öz goňşularynyň gamgyn nusgalaryna eýerip, 2005-nji ýylda üçünji möhlete prezident bolaýanlygynda hem, şol möhlet dolandan soň, ýagny 2010-njy ýylda hökman diýen ýaly iş başyndan aýrylardy.

Ýöne ol, meniň pikirimçe, üçünji möhlete prezident boljaga meňzemeýärdi. Akaýew Merkezi Aziýa prezidentleriniň ählisinden başga gylykly adamdy we ol möhleti dolanda öz meýline iş başyndan çekilmegi başarmalydy. Emma ony işden çekilmäge we 2005-nji ýylyň martynda ýurtdan gaçmaga mejbur etdiler. Muňa hem ýurduň içinde, hem daşynda el çarpan az bolmady. Onsoň, esasan ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň gurnan halk protestleri netijesinde Bakyýew iýulda bolan saýlawlarda ýeňiş gazandy. Ol Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan Merkezi Aziýada ýeke-täk, umuman, azat hem adalatly diýlip baha berlen saýlawlarda 88.9 prosent ses aldy.

Eýse şondan bäri geçen dört ýyl nähili tapawut döretdi?

Indi garaşsyz metbugata howp abanýar, şu ýylyň özünde garaşsyz jurnalistleriň birnäçesine hüjüm edildi. 2005-nji ýylyň gozgalaňyndan bäri parlament deputatlarynyň dördüsi öldürildi. Bakyýew öz doganlaryny hökümet işlerine hem diplomatik wezipelere belledi. Onuň ogly ýurduň iň bir işi şowlaýan biznesmenleriniň biri boldy. Onuň partiýasy ”Ak jol” bolsa, parlamendäki orunlaryň üçden iki böleginden hem köpüsini eýeleýär.

Indi Bakyýewiň ýene bir dört ýyllyk möhleti bar. Eger-de Gyrgyzystanyň demokratik gaýtgynlygy 2005-nji ýyldan bäri gören derejämizde dowam etse, onuň 2013-nji ýylda üçünji möhlete hem prezident bolmaga synanyşyp-synanyşmajagy açyk sorag bolup galýar. Eger ol şu ýodany saýlap alsa, onda onuň Gyrgyzystanyň goňşularynyň baştutanlaryndan görelde almaga zady gaty kän.

Brýus Paniýer Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň ýokary derejeli habarçysy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.