Birnäçe örän möhüm ýagdaýlardan ötri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä sapary Türkmen prezidentiniň nobatdaky daşary ýurt syýahaty, goňşularyna görünmesi däldir. Ol sapar Türkmenistanyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm rol oýnap, gowy netijeler berip biler.
Ozaly bilen Türkiýe Ýewropa bilen Aziýanyň ortasynda duran araçy. Türki kökleri bu ýurda Aziýa regiony bilen arada örän ýeňil köpri gurmaga mümkinçilik berýär. Onuň Ýewropa bilen köneden dowam edip gelýän gatnaşyklary Türkiýäni ýönekeý bolmadyk hem alysdaky Aziýa dünýäsi bilen ýewropa ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda ornuny çalşyryp bolmajak ýurda öwürýär. Türkiýe ugry Türkmenistan üçin örän zerur, çünki “Nabukko” proýektinde ol zynjyryň esasy halkalarynyň biri.
Gaz eksportynyň köp ugurlylygy hem Orsýete garaşlylygy, baglylygy gowşatmak programmasynda G.Berdimuhamedow “Nabukko” proýektine gatnaşmaga bil baglaýar. Aşgabadyň bu isleginiň çynlakaý islegdigine “Nabukko” proýektiniň türkmen bölegi üçin syýasy we maliýe goldawynyň gerekdigine Türkiýe ýewropa ýurtlaryny ynandyryp biler.
Türkmenistan-Azerbeýjan dawasy
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ýönekeý bolmadyk gatnaşyklary petikden çykarmakda Türkiýe aýgytly rol oýnap biler. Bu ýagdaý ýene-de bir gezek Türkmenistanyň “Nabukko” proýektine gatnaşmagy bilen bagly. Proekte gatnaşmak üçin Türkmenistan Kaspiý deňziniň asty bilen Azerbeýjana tarap gaz turbasyny çekmeli bolar. Iki goňşy ýurduň arasynda dowam edýän konfliktiň esasy sebäbi-de Kaspi deňziniň düýbi, şol ýerdäki araçäk meselesidir.
Deňiz astynyň ep-esli bölegini Azerbeýjan özüniňki hasap edýär. Deňzi bölüşmek, çäkleri kesgitlemek meselesinde türkmen tarapynyň hasaby başgaça. Çünki Hazaryň suwunyň aşagyndaky şol dawaly ýerlerde uly ýerasty baýlyklar bar. Taraplaryň ikisem şol baýlyga eýe çykýar. Kaspiniň hukuk durumynyň-statusynyň kesgitlenmezligini Orsýet utuk hökmünde saklaýar. Hazar deňzi üçin jedeller, dawalar näçe köp dowam etse, “Nabukko” proýektine gatnaşmakdan Türkmenistan şonça-da daşlaşar. Strategik nukdaýnazardan özüniň bähbitler zolagyna girýän ýurtlaryň energetik problemalarynyň Kremlsiz çözülmegi Orsýete ýaramaýar.
Häzirlikçe Aşgabat gürrüňi edilýän meselede Baku bilen umumy dil tapyşyp bilenok. Ýöne petikden çykmak, belli bir çözgüt tapmak meselesinde türk tarapynyň hemaýat edip bilmegi mümkin. Sebäbi ol Azerbeýjan bilen aňsat düşünişip bilýär.
G.Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň üçünji bir möhüm pursaty – Türkiýe bilen Türkmenistany birleşdirýän bir mesele, ýagny ikisiniňem Orsýet bilen gatnaşyklarynyň, oňa garaýyşlarynyň meňzeşräkdigidir. Eger Moskwa Aşgabady ýene bir gezek boýun synmaga, diýenine kaýyl bolmaga mejbur etmäge synanyşsa, hut şu ýagdaý Türkiýäniň Türkmenistana ynamdar arka durjakdygy barasynda goşmaça ynam döreder.
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.