Berdimuhamedow Bolgariýa sapara bardy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sofiýada, 27-nji awgust, 2009 ý.

26-njy awgustda Türkmenistanyň prezidentiniň Bolgariýa Respublikasyna ilkinji resmi sapary başlandy.
Bu saparyň öň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýada boljak ýokary derejeli duşuşyklaryň hem ikitaraplaýyn hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar üçin aýratyn ähmiýete eýe boljagyny aýdypdy.

Sofiýada boljak türkmen-bolgar gepleşiklerinden nämä garaşylýar?

26-njy awgustda Sofiýada geçiriljek türkmen-bolgar gepleşikleriniň soňky döwürde aktiwleşen döwletara dialogyň ýene bir görkezijisi bolup durýanlygyny Turkmen Döwlet Habarlar gullugy öz maglumatynda belleýär.

Ykdysady gatnaşyklar

Maglumata görä, geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Bolgariýa döwletara, hökümetara we edaralar derejesinde ýedi sany dokumente gol çekdi. Hususan-da geçen ýylyň dekabr aýynda, Bolgariýanyň prezidenti Georgiý Pyrwanowyň Aşgabada resmi saparynyň dowamynda, taraplar Energiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk ugrundan birek-birege düşünişmek memorandumyna we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekipdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan Bolgariýa ýangyç energetika pudagynyň we oba hojalygynyň önümlerini eksport edýär, öz nobatynda Bolgariýadan himiýa senagat önümlerini, gurallary we mehanizmleri, derman hem hojalyk harytlaryny satyn alýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanda Bolgariýanyň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda dokuz sany kärhana hasaba alnan. Olar esasan halk hojalygyna degişli obýektleriň gurluşygyna, söwda we konsultasiýa bermek boýunça barlag işlerine, şeýle-de iri we maýda söwda degişli ugurlarda iş alyp barýarlar.

Türkmenistanda Bolgariýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan umumy bahasy 7 million dollardan gowrak 20 proýekt hasaba alnan.

Türkmenistanyň prezidentiniň Bolgariýa saparynyň öňüsyrasynda, 25-nji awgustda, Sofiýada hökümetara gepleşikler hem geçirildi. TDH gullugynyň maglumatyna görä, söwda ykdysady gatnaşyklar gepleşikleriň üns merkezinde boldy. Energetika pudagy we himiýa senagaty boýunça aragatnaşygy güýçlendirmek temasy hem taraplar arasynda gyzyklanma döretdi.

Azyk senagaty, syýahatçylyk, saglygy saklaýyş ýaly sosial meseleler we bilim, ylym hem medeniýet ugrundan gumanitar hyzmatdaşlyk temalary hem maslahat edildi.

26-njy awgustda Sofiýada ýokary derejede geçiriljek gepleşiklerde garaljak temalar barada resmi maglumat berilmedi. Emma golaýdaky çykyşlarynyň birinde G. Berdimuhamedow, Bolgariýada boljak duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypa açjagyny we ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen dialogynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ösüşine itergi berjegini aýdypdy.

Nabukko faktory

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynda Nabukko proýektiniň geljegi esasy orun eýeleýän mesele bolup durýanlygyny synçylar belleýärler we Türkmenistanyň Bolgariýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki gatnaşyklary barada aýdylanda, esasan Nabukko proýektiniň göz öňünde tutulýanlygyny aýdýarlar. 2007-nji ýylyň başynda Ýewropa Bileleşigine agza bolan Bolgariýa Bileleşigiň halkara energiýa proýektlerini goldaýan ýurtlaryň biri.

Energiýa meseleler boýunça bilermen Rumyniýanyň Ylymlar akademiýasyndan Dan Susio, Bolgariýanyň Nabukko proýektini goldaýan hem bolsa, onuň bu ugurdan diňe Ýewropa Bileleşiginiň syýasatynyň çäginde hereket edip, özbaşdak ädim ätmeýänligini belledi.

Ekspert Sofiýada boljak ýokary derejeli häzirki gepleşikleriň Nabukko proýektine itergi berjegine özüniň şübhe bildirýänligini aýtdy. “Olaryň Nabukko proýekti boýunça öňegidişlik gazanjagyna şübheli garaýaryn. Sebäbi Bolgariýada ýakynda saýlawlar geçip, täze hökümet bellenildi. Ýurduň täze hökümetinde bolsa, Nabukko boýunça möhüm diskussiýalarda partner bolmak üçin taýýarlyklara ýeterlik wagt bolmandy” diýip, Dan Sucio aýtdy.

Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň diplomatik gatnaşyklarynyň düýbi 1992-nji ýylda tutulypdy. Emma ýurtlaryň diňe 2009-nji ýylda özara ilçi alşanlygyny “Gündogar” Internet saýty belledi. Maglumata görä, Bolgariýanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Plamen Grozdanow şu ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanda akkreditasiýa berildi, öz nobatynda Turkmenistanyň ilçisi Halnazar Agahanow Bolgariýada 10-njy iýulda akkreditasiýa aldy.

Adam hukuklary

Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň Bolgariýa edýän resmi sapary ynsan hukuklaryny goraýjylaryň hem üns merkezine düşdi. “Türkmen Helsinki Fondy” we “Bolgariýanyň Helsinki Komiteti” tarapyndan 26-njy awgustda ýaýradylan beýannamada Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň bozulmagynyň dowam edýänligine aladalanma bildirilýär.

“THF” başlygy Täjigül Begmedowa şeýle diýdi: “Biz pursatdan peýdalanyp, türkmen prezidentine öz aladalarymyzy mälim etmekçi bolýarys. Ynsan hukuklaryny goraýjylar türkmen häkimiýetleri jemgyýetiň azatlaşýanlygyny yglan edýän hem bolsalar, olar iş ýüzünde hiç hili pozitiw ädim ätmeýärler”.

Täjigul Begmedowanyň sözlerine görä, ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Bolgariýanyň häkimiýetlerine hem ýüzlenip, olary Türkmenistanyň prezidentiniň Bolgariýa sapary geçýän günlerde ynsan hukuklary meselesini gozgamaga we bu ugurdaky öz adimlerini kopçülige mälim etmäge çaşyrdylar.