Dünýä edebiýatynyň wekilleri metbugatda

Şekspiriň şahsyýeti baradaky syr aýan ediler

Wilýam Şekspir
Iňlis edebiýatynyň, şol sanda dünýä edebiýatynyň iň görnükli wekili Şekspiriň şahsyýeti baradaky syr ýakyn aýlarda aýan ediler diýip, London gazetleri ýazýarlar.

Mukaddes Merýem ybadathanasynyň jemgyýetçilik topary Uorik şäherinde orta asyrda ýaşap geçen şahyr hem dramaturg Fulk Grewilliň mazaryny açmaga rugsat berenden soňra, şeýle habarlar köpeldi diýip, dünýäniň dürli metbugaty habar berýär. Fulk Grewill ençeme poetiki eserleriň, şol sanda drama eserleriň awtory hökmünde tanalýar. Onuň eserleri rus diline hem terjime edildi.

Grewill Angliýanyň korolewasy Elizaweta 1-njiniň ýakynlaryndan biri bolupdyr. Şeýle-de ol dünýä belli Wilýam Şekspiriň iň golaý dosty hem edebiýat meseleleri barada pikirdeşi ekeni. Olar Londonda bir köçede ýaşapdyrlar. Bir eserinde Fulk Grewill özi barada “Şekspiriň yssady” diýen geň ýazgy galdyrypdyr.

Şekspir barada bolsa dürli pikirler bar. Bir çaklama görä, asla Wilýam Şekspir diýen şahs bolman, diňe şeýle edebi lakam bolup, dürli awtorlar tarapyndan eserler döredilip, onuň adyna berlipdir. Beýleki bir çaklama görä, Wilýam Şekspiriň eserlerini kollektiw bolup ýazypdyrlar. Üçünji –iň esasy çaklamada bolsa, hakykatdanam şeýle genil ýazyjy ýaşap geçipdir. Nähilem bolsa edebiýatçylaryň hem taryhçylaryň arasynda belli pikir bolmansoň, Wilýam Şekspiriň şahsyýeti dürli jedelleriň döremegine sebäp bolup geldi.

Häzirki şowhuna sebäp bolan zat Fulk Grewill özüni üç sany golýazmasy bilen bilelikde jaýlamagy wesýet edipdir. Golaýda onuň mazary gysga elektro tolkunlar bilen barlananda, gutujyga meňzeş üç zadyň bardygy aýan edilipdir. Indi alymlar şol gutujyklaryň içinden ýazyjynyň golýazmalary, aýatynam “Antoniý we Kleopatra” eseri çykar diýip garaşýarlar. “Antoniý we Kleopatra” bolsa Wilýam Şekspiriň genial eserleriniň biri saýylýar.

Aleksandr Solženisiniň ady Rim şäherinde ebedileşdirilýär

Aleksandr Solženisin
Rimdäki iň uly parklaryň birindäki alleýa bu rus ýazyjysynyň ady dakylar.

Bu habary üstümizdäki hepdede Italiýanyň ANSA we Kronos habarlar gullugy ýaýratdy. Bu çäre beýik rus ýazyjysynyň ölen gününiň ýyl dönüminiň yz ýanyna gabat geldi.

Rim şäheriniň Meri Marko Pomariçi Aleksandr Solženisine Kommunistik sistemanyň garşysyna göreşijileriň, Berlin diwaryny ýykyjylaryň, ynsan hukuklaryny goraýjylaryň simwoly hökmünde baha beripdir. Ol rus ýazyjysynyň adynyň Ýewropadaky paýtagtlaryň atasynda ilkinji gezek Rimde ýol belgisi hökmünde peýda boljakdygyny aýratyn belläpdir.

Orhan Pamuk Orsýete sapar edýär

Orhan Pamuk
Görnükli türk ýazyjysy Orhan Pamuk Orsýete sapar edýär diýip, rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri maglumat ýaýratdy.

2006-njy ýyl boýunça Nobel baýragynyň eýesi, belli türk ýazyjysy Orhan Pamuk Awgust aýynyň 28-nde we 29-nda Moskwa döwlet uniwersitetinde hem beýleki okuw jaýlarynda leksiýa berýär. Mundan öňinçä, ýagny 27-nji awgustda bolsa Moskwanyň merkezinde ýerleşen Täze Arbatdaky Kitaplar öýünde öz okyjylary bilen duşuşar.

Bu belli ýazyjy 30-njy awgustda Orsyýetiň 2-nji paýtagty saýylýan Sankt-Peterburga baryp, Wosstaniýa meýdanyndaky Kitaplar merkezinde öz okyjylary bilen duşuşyk geçirer.

Häzirki zaman türk medeniýetiniň ýüzi hem tuwagy saýylýan Orhan Pamuk ol duşuşyklarda özüniň “Sadalyk muzeýi” romany bilen tanyşdyrar. Bu ýazyjynyň Nobel baýragyny alanyndan soň çap bolan ilkinji romanydyr. Ol mundan bir ýyl öň Türkiýede neşir edildi. Soňra nemes hem iňlis dillerine terjime edildi. Golýada bolsa ony rus hem ukrain dillerine-de terjime etdiler.

Belli türk ýazyjysynyň “Jewet beý hem onuň ogullary”, “Ümsümlik öýi”, “Ak gala”, “Gara kitap”, “Täze durmuş”, “Meniň adym Gyrmyzy” “Gar”, “Stambul. Ýatlamalar şäheri” ýaly eserleri rus okyjylaryna giňden tanyşdyr.