Türkmenistan täze gämiler bilen milli flotunyň üstüni ýetirýär. 21-nji awgustda ýurduň söwda floty dabaraly ýagdaýda 7 tonnalyk “Sumbar” atly tankere eýe boldy. Soňky ýyllaryň dowamynda Hazar ýaka döwletleri deňizdäki milli we harby flotlarynyň düzümini we ukybyny güýçlendirmäge çalyşýarlar.
Türkmenistanyň öz deňiz flotuna ünsi artdyrmagy nähili sebäplere bagly?
Ýedi müň tonnalyk “Sumbar” atly tanker bir wagtyň özünde nebit önümleriniň alty görnüşini daşamaga ukyply. Habar berlişine görä, tanker döwrüň iň täze tehniki serişdeleri bilen abzallaşdyrylan we ol ekologiki howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýär.
“Türkmendeňizderýaýollary” edarasynyň Orsyýetiň Nižniý Nowgorod şäheriniň “Krasnoýe Sormowo” zawody bilen şeýle tankerleriň ikisiniň gurluşygy barada ylalaşyk baglaşanlygy şu ýylyň iýun aýynyň başynda habar berlipdi.
“Türkmenistan.ru” Internet gazetiniň maglumatyna görä, şol tankerleriň hersi 15 ýarym million dollara durýar. Proýektiň maliýe üpjünçiligi “Yslam ösüş banky” tarapyndan berlen 31 million dollarlyk kreditiň hasabyna amala aşyrylýar. “Hazar” atly ikinji tankeriň ýakyn aýlarda Türkmenistana gowuşmagyna garaşylýar.
Prezident G.Berdimuhamedowyň 21-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda aýtmagyna görä, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin uly üns berilýän transport pudagyny ösdürmek bilen bagly planlaryň çäginde söwda flotuny döretmek we Türkmenbaşy portuny täzelemek meselesi ýurduň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhüm faktory bolup durýar.
“Nebit turbalaryny gurmakdan has amatly”
Orsýetiň “Syýasy barlaglar institutyndan” syýasaty öwreniji Aždar Gurdow Türkmenistanyň häzirki wagtda nebtini Orsýetiň Mahaçkala portuna, Azerbeýjana we Eýrana satýanlygyny bellemek bilen eksport nukdaýnazaryndan nebit önümlerini deňiz arkaly tankerlerde daşamagyň nebit turbalaryny gurmakdan has amatlydygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da nebit önümçiliginiň häzirki derejesinde ýurduň uly we gymmatbaha tankerleri satyn almagynyň käbir soraglary hem döredýänligini Gurdow belledi.
“Türkmenistanyň yglan eden öňki planlaryna görä, 2005-nji ýyla çenli ýurduň nebit önümçiligi 50 million tonna ýetmelidi. Emma önümçiligiň hakyky derejesi bäş esse kem. Şonuň üçin ýakyn geljekde ýurda uly tankerleriñ zerurlygy ýok. Onuň çykarýan nebitini nebiti gaýtadan işleýän öz zawodlarynda işlemäge mümkinçiligi bar” diýip, Gurdow belledi.
Synçylar soňky ýyllaryň dowamynda Hazar regionynyň ähli döwletleriniň deňizdäki öz mümkinçiliklerine ünsi artdyranlygyny belleýärler. Hazar ýaka döwletlerinde harby flotuň ukyby üns merkezindäki meseleleriň biri.
Metbugatda çap bolan käbir çaklamalara görä, Hazar deňzinde diňe bir harby gämileriň umumy sany soňky 10 ýyldan gowrak wagtda azyndan iki esse köpeldi.
Aždar Gurdowyň sözlerine görä, häzirki wagtda Hazar deňzindäki harby güýçleriň çak bilen üçden iki bölegini Orsýetiň gämileri emele getirýär. Onuň yzyndan Eýran we üçünji ýerde Azerbeýjan barýar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň milli flotunyň bolsa, patrul-gözegçiligi gämilerinden ybaratdygyny Aždar Gurdow belledi.
“Halas edijileriň” türgenleşikleri
Soňky ýyllarda Orsýet Hazar deňzinde öz flotunyň türgenleşiklerini geçirýär. Şeýle türgenleşiklere käbir ýyllarda Azerbeýjan bilen Gazagystan hem gatnaşypdy. Ozalky ýyllarda diňe synçy hökmünde gatnaşan Eýran şu ýylyň 4-nji awgustynda Orsýet bilen billelikde “Arassa we howpsuz Hazar” atly iki günlük türgenleşiklerini geçirdi. “Amerikanyň sesi” radiostansiýasynyň maglumatyna görä, Gazagystan Azerbeýjan we Türkmenistan bu çärä syn etdiler.
Orsýetiň harby ýolbaşçyslygy bu çäräniň harby türgenleşik bolanlygyny ret etdi we Orsýet bilen Eýranyň “halas edijileriň” türgenleşikleri diýlip atlandyrylan çärä gatnaşygynyň ýokdugyny yglan etdi, emma onuň hakyky makstlaryna ekspertler şübheli garaýarlar diýip, “Amerikanyň sesi” radiosynyň Internet saýtynda bellenilýär.
Maglumatda ABŞ-yň “Jamestaun fondunyň” analitigi Wladimir Sokora salgylanyp aýdylyşyna görä, şol türgenleşiklerde ýurtlar öz raýdaşlygyny we güýjüni görkezmek arkaly 13-nji iýulda gol çekilen “Nabukko” proýektine garşy çykýanlygyny mälim etdiler. Wladimir Sokoryň pikirine görä, “olar deňziň ähli böleklerinde hereket edip, Transkaspiý proýektiniň amala aşyrylmagyna howp döretmäge ukyplydygyny Günbatar döwletlerine duýdurdylar”.
Türkmenistan Hazar deňzindäki milli floty üçin täze gämileri satyn alýanlygy aýdylýan hem bolsa, ýurduň deňiz flotunyň düzümi barada resmi maglumat berilmeýär.
Türkmen-azeri gepleşikleri we harbylaşma
Syýasaty öwreniji Aždar Gurdow deňziň statusynyň kesgitlenmegindäki, şeýle-de soňky aýlarda türkmen-azeri gepleşiklerindäki şowsuzlyklar bilen deňziň harbylaşmagynyň özara baglanyşygynyň bardygyny belledi.
“Azerbeýjanyň dawaly nebit ýataklary özleşdirýänligi we Hazar deňziniň harbylaşýanlygy arasynda arabaglanyşyk bar. Türkmenistan öz wagtynda Ukrainadan harby gämileri satyn alypdy we ol gämi satyn almak barada Orsýet we beýleki döwletler bilen hem gepleşikleri geçiripdi. Şeýle hereketler regionyň beýleki döwletleri tarapyndan hem edilýär. Döwletler öz bähbitlerini goramakda milli deňiz flotuna daýanmakçydyklaryny görkezmäge çalyşýarlar” diýip, A.Gurdow belledi.
Şol bir wagtyň özünde-de Gurdowyň pikirine görä, Hazar deňzindäki bäsdeşlik entek çynlakaý harby häsiýete eýe däl we öz milli flotuny güýçlendirmek ugrunda görýän çäreleri bilen öz bähbitlerinden el çekmejegini Türkmenistanyñ Azerbeýjana duýdurmak isleýän bolmagy ähtimal.
“Eurasia Transition Group” toparynyň müdiri Mişael Laubş, Hazar deňzindäki nebit-gaz resurslarynyň bölünişi meselesiniň entek halkara kanunlary esasynda çözülmän galýanlygyny bellemek bilen häzirki wagtda Türkmenistan regionda öz roluny güýçlendirmek islegini Hazar deňzi boýunça ähli goňşularyna duýdurmakçy bolýar diýip, pikir edýänligini aýtdy: “Meniň pikirimçe, bu ýurduň ähli goňşularyna onuň Hazar deňzi boýunça öz konsepsiýasyny güýçlendirýänligi barada duýduryş bolup biler”.