Türkmenistanyň mejlisi “Bilim hakyndaky” we “Ylmy işgäriň durumy hakyndaky” kanunlary kabul etdi.
Türkmen intellektuallarynyň käbiri bu kanunlara adaty formallyk hökmünde garasa, käbiri olara ylym-bilime Nyýazow döwründe urlan agyr zarbalardan aýňalmak üçin ädilen möhüm ädim hökmünde baha berýärler.
Türkmen metbugaty “Ylmy işgäriň durumy hakyndaky” kanuna ylmy işgäriň sosial kepilliginiň we ýeňillikleriniň hem berkidilendigini ýazýar. Türkmen döwlet habarlarynyň nygtamagyna görä, bu ýagdaý türkmen ylmynyň ösmegine we halkyň intellektual potensialynyň has netijeli ulanylmagyna ýardam berer.
“Öňkä görä gowy”
Ýerli synçy hem žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew S. Nyýazow döwründe Ylmy-attestasion komissiýanyň ýapylmagy bilen öz ylmy işini togtatmaly bolan ýaş edebiýatçylaryň biri. Ol özüniň ylmy işgäriň durumy hakyndaky kanunyň maddalary bilen belli bir derejede tanyşlygynyň bardygyny we onda ylmy işgärlere ozalkysyndan has kän we doly hukuklaryň kepillendirilendigini aýdýar. “Mysal üçin, ylymlaryň doktorlaryna berilýän dynç alyş günleri 45 güne ýetirilipdir, ylymlaryň kandidatynyň dynç alyş möhleti bolsa 35 gün.” Ýazgulyýew munuň Nyýazowyň döwri bilen deňeşdirilende, has gowudygyny aýdýar.
Täze kanun bilen tanyş intellektuallaryň tassyklamagyna görä, “Ylmy işgäriň durumy hakyndaky” kanunda ýokary okuw jaýlarynda sapak berýän ylmy derejeli mugallymlaryň iş ýüki adaty mugallymlaryňkydan ýeňledilýär. Onda hatda döredijilik dynç alşy hakynda hem gürrüň edilýändigi bellenilýär.
Edebiýatçy alym Döwletmyrat Ýazgulyýewiň pikirine görä, bu kanunda girizilen täzelikler dünýä standartyna tarap ugur alnandygyny aňladýar, ýöne ol Türkmenistanda kanunlaryň dünýä standartlaryna laýyk işlemegi üçin entek kän işiň edilmelidigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Daşary ýurt tejribesi
Hukuk meselelerini öwrenýän aşgabatly jurnalist Aşyrguly Baýryýewiň pikirine görä, täze kabul edilýän kanunlaryň kämil çykmagy bu ugurdaky daşary ýurt tejribeleriniň öwrenilmegi hem başarnykly peýdalanylmagy bilen bagly.
“Türkmenistanda soňky döwürde kabul edilýän kanunlaryň taýýarlanmagynda daşary ýurtly spesialistleriň hem goşandy bar, olar bu işe ekspert hökmünde gatnaşdyrylýar” diýip, Baýryýew aýdýar.
Ol daşary ýurtlaryň kanunlarynyň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde, Demokratiýa we adam hukuklary institutynda, beýleki degişli edaralarda öwrenilýändigini, olardan ugur alynýandygyny aýdýar. Ýöne Baýryýew kanunyň kabul edilmegi işiň diňe birinji ýarymy diýen pikirde. Onuň pikiriçe, Türkmenistanda gowy kanunlar ozal hem bar, ýöne olar köplenç kagyz ýüzünde galýar.
Zerur bolan şertler
Eýse, ylmy işgäriň durumy hakyndaky täze kanunyň işlemegi üçin nähili şertler gerek? Hukuk meselelerini öwrenýän jurnalist Baýryýew bu meseläniň çözgüdini ýurtdaky adam hukuklary problemasy bilen baglaýar.
“Ozaly Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen adam hukuklary gyşarnyksyz berjaý edilmeli” diýip, Baýryýew aýdýar. “Ylmy işgär hem Türkmenistanyň raýaty, eger raýatlaryň syýasy, graždanlyk hukuklary doly berjaý edilse, ylym bilen meşgullanýan adamlar öz işlerinde has uly üstünlik gazanarlar.”
Şeýle-de, ol täze kanunyň gowy işlemegi üçin ýokardan görkezme, buýruk bermek ýaly köne sowet endiklerinden, Nyýazow döwrüniň çäklendirmelerinden we gadaganlyklaryndan el çekmeli diýýär.
Kanunlar demokratik bolsa...
Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” guramasy soňky on ýylda Türkmenistanda bilimiň ýagdaýy barada birnäçe hasabat çap etdi we ylym-bilim meselelerine yzygiderli syn salýar. Ýöne bu guramanyň başlygy Farid Tuhbatullin entek özüniň bilim hem ylym işgärleri hakyndaky kanunlaryň teksti bilen tanyş däldigini, sebäbi olaryň proýektleriniň metbugatda çap edilmändigini, giň jemgyýetçilik bilen açyk maslahatlaşylmandygyny aýtdy.
Tuhbatulliniň pikirine görä, täze kabul edilen kanunlar mümkin boldugyça demokratik bolsa, bilim alynmagyna päsgelçilik däl-de, eýsem ýardam berse, gowy bolar. Hususan-da ol ýaşlaryň islendik ýurda gidip, öz isleýän bilimini alyp bilmegine ýol açylmalydygyny, olara häzir resmi Aşgabadyň döredýän päsgelçilikleriniň aradan aýrylmalydygyny belleýär.
Synçylaryň käbiriniň täze kanunlara umydygär garaýandygyna garamazdan, olara ynamsyz seredýänler-de bar. Öz adynyň aýdylmazlygyny soran 49 ýaşly türkmen intellektualy ýapyk ýurtda, S. Nyýazowyň izolýasiýa syýasatynyň köp derejede saklanyp galýan şertlerinde täze kabul edilen kanunlar “hiç bir iş bitirmez” diýip belleýär.
Hukuk meselelerini öwrenýän Baýryýew bu pikir bilen ylalaşmaýar. Ol “Ylmy işgäriň durumy hakyndaky” kanun intellektuallaryň, ýagny akyl zähmeti bilen meşgul bolýan adamlaryň hukuklaryny has giňden kepillendirer” diýip, tama edýär.