Serhetçileriň wezipesi ýa-da "demir tuty”

Narodetski:"Serhetçiler mundan beýlägem araçäkde diýdimzoruň rolyny ýerine ýetirmeli bolsalar, olara ildeşleri nähili gararka?"

Serhetleri goramak boýunça umumy wezipelerden, ýagny kontrabanda, terrorizme we neşe gaçakçylygyna garşy göreşmekden başga-da, serhetçiler Türkmenistanyň raýatlarynyň we çet ýurtlularyň Türkmenistana girmegine hem ondan çykmagyna gözegçilik etmek ýaly diňe polisiýanyň wezipesine girýän işleri-de ýerine ýetirmeli bolýarlar.

Bu düzgün Türkmenistanda diktaturanyň höküm süren döwründe girizildi we ol döwürde araçäkden geçmek ýylsaýyn kynlaşypdy. Nyýazowyň maksady serhetde “demir tutyny” döretmekden ybaratdy. Şol döwürde bütin dünýäde, ylaýtada Ýewropada, adamlar üçin serhet bilen bagly ähli işleri has ýeňilleşdirmegiň ýollary gözlenilýärdi. Türkmenistan welin, bu prosessden çetde galypdy.

Eýse, Nyýazowdan soňky döwürde serhetde ýagdaýlar nä derejede özgerýär? Täze ýolbaşçylaryň daşky dünýä bilen gatnaşyklary giňeltmek barada syýasat ýöredýän wagtynda Türkmenistandan çykmakda ýa-da öňa girmekde ösüş barmy? Türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlara okuwa ýa-da dostlarynyňka myhmançylyga gitmegi öňkülerden aňsatlaşdymy? Häkimiýetler Türkmenistanlylaryň çet ýurtlardaky hossarlaryna görme-görşe gitmegi üçin haýsy-da bolsa bir gadaganlygy gowşatdymy?

Resmi Aşgabat ýurduň kanunlaryny Halkara ölçeglere we adam hukuklarynyň demokratik gymmatlyklaryna laýyk getirmäge häzire çenli az çagyrmady we az çagyrmaýar.

Serhet çäklendirmeleri

Türkmen ýolbaşçylary Günbatar Ýewropa bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýarlar, ol ýurtlarda bolsa, serhet çäklendirmeleri bireýýäm aradan aýryldy. Eýse, muňa Türkmenistanam çalyşýarmy?

Göräýmäge, türkmen ýolbaşçylary bilen birlikde ýerli habar serişdeleri-de, ýurtda turizmi ösdürmäge we onuň propagandasyna uly üns berýärler. Eýse, Nyýazow döwründe Türkmenistanyň serhetlerinde girizilen bikanun kontrollygy, yzarlamalary, gara sanawy, gorkuzmak çärelerini we beýleki dürli gadagançylyklary saklap galyp, turizmi ösdürmek mümkinmi?

Ýaşlara daşary ýurtlular bilen ýakyn gatnaşyklary saklamaga ýol bermän, bilim pudagynda hakyky reformalara bil baglamak mümkinmi? Hakyna seretseň, diňe bir zat – Watany berk goramak serhetçileriň adaty işi we mukaddes borjy. Olaryň boýnuna atylan ähli beýleki işler aslynda polisýanyň wezipesi. Ýöne bu iş halky “ýedi gulpuň astynda” saklamak maksady bilen serhetçileriň boýnuna atyldy.

Eýse, bu wezipeleriň bir bölegi serhetçileriň boýnundan aýrylarmy? Türkmenistany daşky dünyäden üzňelikde saklamagyň esasy guraly serhetleriň gorky zolagyna öwrülmegi dälmi näme? Eger-de serhet režimi hem onuň bilen bagly gazaply çäklendirmeler barada anyk we aýgytly reformalar durmuşa geçirilmese, onda serhetçileriň baýramy hakyky we ählihalk baýramy bolup bilermi? Serhetçiler mundan beýlägem araçäkde diýdimzoruň rolyny ýerine ýetirmeli bolsalar, olara ildeşleri nähili gararka?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.