Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta Aziýa boýunça ýörite wekili Riçard Holbruk Eýranyň Owganystan bilen arada uzyn serhediniň bardygyny belledi.
Holbruk bu barada sözlän sözünde bu ýagdaýyň Owganystanyň günbatarynda öz güýçli täsirıni ornaşdyrmaga Tährana mümkinçilik döredýänligini Waşingtonyň äsgermezlik edip bilmejegini duýdurdy.
Ol bu pikiri aýratynam Hyraty göz öňünde tutup aýtdy, sebäbi bu şäher Eýran bilen araçäkde ýerleşýär.
“Biz bu regionyň geografiýasy we ondaky reallykdan ägä Aşly Bommer we başga-da ençeme adamlar bilen bilelikde şol şäherde bolduk, eger bu otagda oturan adamlardan islendik biri Hyratda bolan bolsa, onda ol Hyratyň medeni we ykdysady aýlawdygyna we bu şäheriň Eýranyň syýasy täsiriniň astyndadygyna göz ýetirendir” diýip Holbruk belledi.
Eýranyň kanuny roly
Onuň aýtmagyna görä, owgan meselesiniň çözgüdine degişli Eýranyň berjay etmeli kanuny roly bar, emma olaryň bu roly berjay edip-etmezligi başga ençeme möhüm meselelere bagly.
Holbruk Karzaýyň Owganystana ýolbaşçy saýlanyp, ilkinji gezek durnukly hökümet gurmaga çalyşýan wagtynda Eýranyň konstruktiw rol oýnanlygyny mälim etdi. Ol Eýranyň Päkistan bilen bagly tagallalara hem ýardam edenligini aýdyp, Tähran aprel aýynda Tokioda geçirilen ýygnakda Yslamabada 330 million dollar kömek etjekdigini yglan etdi diýdi.
“Medeni, ykdysady we sýyasy sebäplerden başga-da, Eýranyň Owganystanda pozitiw rol oýnamagy üçin başga-da bir sebäbiň bardygyny aýdyp, ol hem neşe önümi we ondan gelýän girdejiniň gozgalaňçy hereketleri maliýeleşdirmäge gidýänligidir” diýip, Holbruk aýtdy.
Holbrook Owganystanda öndürilen geroiniň Eýrandaky müşderilere baryp ýetýanligini mälim etdi. “Uly ýaşly adamlaryň sany göz öňünde tutulyp aýdylanda, Eýran neşe meselesinde dünýä-de iň agyr problema bilen ýüzbe-ýüz duran ýurtdur” diýip Holbruk nygtady.
Amerikan wekiliniň aýtmagyna görä, neşe Eýrana Owganystandan barýar. “Bu olar üçin uly alada dörediji ýagdaýdyr. Olar munuň sanynyň gaty ýokarydygyny boýun alýarlar, bu barada anyk sanlary aýtmak kyn, emma neşekeşleriň sanynyň 5 million, hatda ondan hem köpdügini aýdyp bolar. Bu ullakan bir mesele bolup durýar.”
Ol Owganystanyň neşesiniň Orsýete hem ýaramaz täsirini ýetirýänligini aýtdy. Holbruk bu barada sözlän sözünde geçen aý Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň prezidentleriniň arasynda gol goýlan dokumente salgylanyp, rus lideri Owganystandan getirilýän neşäniň öz ýurduna ýetirýän täsiri bilen bagly alada bildirdi diýdi.
Geçiriljek saýlawlar we howpsuzlyk
Şol ýygnagyň dowamynda Holbruk 20-nji awgustda Owganystanda geçiriljek saýlawlar we Waşingtonyň ýolbaşçylygynda bu aladanyň howpsuzlygyny üpjün etmek barada alnyp barylýan çäreler hakda hem gürrüň etdi.
Holbruk özüniň delegasiýasynyň sýyasy maksadynyň bu ýurtdaky sýyasy korrupsiýa garşy göreşmek, hökümete garşy söweşen öňki gozgalaňçylaryň günäsiniň geçilmegi we ýerli häkimiýetleriň işini ösdürmek ýaly meseleleri öz içine alýanlygyny aýtdy.
Ol NATO-nyň goragy astynda hakyky saýlawlarda halkyň öz täze hökümetini saýlamadyk ýagdaýynda, bu meseleleriň hiç birini-de çözüp bolmajagyny aýtdy.
Holbrugyň aýtmagyna görä, ýurtdaky pitnäni basyp ýatyrmak ugrundaky tagallalarda gürrüňi edilýän bu meseleleriň hemmesem gaty möhümdir. “Biz bu barada iş alyp barýarys. Kimiň ýeňjegine garamazdan, saýlawlar arkaly häkimiýet başyndaky hökümetiň kanunylygy tassyklanýança, biz bu ses berlişigiň howpsuzlygy meselesine ünsümizi gönükdirmeli.”
Ady agzalan diplomat Waşingtonyň bu ýurt boýunça strategiýasynyň başga bir ugrunyň-da, Owganystanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kanuny institutlary döretmek, adaty daýhanlara däl-de, neşäni uly möçberde paýlaýan we ony satmak bilen meşgullanýanlara garşy çäre görmekdigini belledi.
Holbruk sözüniň soňunda bu strategiýanyň üstünlikli boljagyna kepil geçmegiň mümkin däldigini, emma Waşingtonyň munuň başa barjagyna ynanýanlygyny nygtady.