Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Serhet gullugynyň işgärlerini olaryň professional baýramy – Serhetçiler güni bilen gutlady.
Öz gutlagynda türkmen prezident ýurduň serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmegiň olaryň mukaddes borjudygyny nygtady. Şeýle-de, ol Türkmenistanyň döwlet serhedinde asudalygy berjaý etmek bilen kontrabanda, terrorçylyga we neşe söwdasyna garşy göreş alnyp barylýandygyny belledi.
Berdimuhamedow Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda serhet goşunlarynyň döwrümiziň iň kamil, döwrebap tehnikasy we beýleki serişdeler bilen üpjün edilendigini-de sözüniň üstüne goşdy. Eýse, prezidentiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň serhedi döwrüň talabyna laýyk goralýarmy? Neşe gaçakçylygynyň, kontrabandanyň, terrorçylygyň öňüni almak boýunça ýeterlik iş edilýärmi?
Habarçymyz Osman Hallyýewiň sözlerine görä, Türkmenistanyň serhet goşunlary ýaragly güýçleriň arasynda iň bir gowy üpjün edilýän goşun hasaplanylýar.
Horezmli synçy Suhbat Abdullany bolsa, türkmen serhet gullugynyň işgärleriniň işi kanagatlandyrmaýar. Sebäbi, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň serhet goraýjylarynyňky ýaly, olar-da hem talançylyk meýilleri örän güýçli. Belki, neşe gaçakçylygyna, terrorçylyga garşy nähilidir işler edilýändir, emma ýönekeý raýat hökmünde serhetden geçjek bolsaňyz, ýanyňyzda birki manat puluňyz, satyn alan harydyňyz bolsa, puluňyzdan ýa-da harydyňyzdan serhetçilere bermeli bolarsyňyz – diýip, Suhbat Abdulla aýdýar.
Serhetleri ýapmakda maksat näme?
Abdulla serhedi beýle berk ýapmakdan maksadyň nämedigine düşünmeýär. Ol Ýewropa ýurtlarynda serhetleri açyp, birek-birege ýakynlaşylýan wagtynda bu ýerde serhetleri mäkäm ýapmakdan ýurtlara hiç hili peýda gelmejegini aýdýar.
"Sebäbi türkmen bilen özbek gadymdan garyndaş, biri-birine gyz berip, gyz alyp oturan halk. Şunlukda bu iki dogan halkyň arasyna artykmaç pul sarp edip, serhet gurup, tikenli sim çekmek, ony goramagy pugtalandyrmaga pul sarp etmek zerurmy?" diýip, Suhbat Abdulla sorag goýýar.
Özbegistanly ekspert Abdyrahman Taşanowyň sözlerine görä, garaşsyzlygyň ilki ýyllarynda Merkezi Aziýanyň döwlet liderleri ebedi dostluk şertnamasyna gol çekipdirler. Ebedi dostluk şertnamasynyň şerteliriniň biri – özara serhedi aýyrmak, adamlaryň aragatnaşygyny ýönekeýleşdirmek meselesidir. Emma XXI asyra geçip, gadymdan biri-birine golaý ýaşap oturan halklaryň arasyna tikenli simleriň çekilmegi ýa-da eli awtomatly esgerleriň serhedi goramagy gynançly bir ýagdaýa meňzeýär.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda serhet problemalary güýjäp, serhet ýaka sebitlere söweşiji goşunlaryň goýlan wagty hem boldy. Emma häzir ýagdaý biraz üýtgedi. Adamalaryň özara gatnawyna biraz şert döredildi. Emma bu şertler hem adamlaryň islegini doly kanagatlandyrmaýar – diýip, Taşanow aýtdy.
Türkmenistana näçe günlük geçip bolýar?
"Çakylyk haty gelensoň adamlar Nukus şäherine barmaly, çykyş wizasyny alyp, Daşkende barmaly. Şol ýerde ilçihananyň konsullyk bölümi wiza açyp berýär. Bu ýönekeý raýatlar üçin gaty agyr düşýär" diýip, özbegistanly Meret aýdýar.
Taşanowyň pikiriçe, ýönekeý halkyň serhetden arkaýyn geçmegine şert döretmeli. Sebäbi serhet goraýjy gullugyň işgärleri bikanun ýol bilen adamlary geçirmezlige çalyşsalar-da, neşe gaçakçylygyna garşy näçe göreşseler-de, gaçakçylar başga ýollar bilen geçýärler. Entegem neşaniň, benziniň we elektrotehnikanyň kontrabandasy dowam edýär.
Suhbat Abdulla serhet problemalaryny çözmek üçin Nyýazowyň döwründe başlanan iki ýurduň arasyndaky bitarap zonada benzin guýulýan nokatlary we bazarlary açyp, söwda işlerini giňden ýola goýmalydygyny, şol ýagdaýda iki döwletiň arasyndaky benzin we beýleki harytlaryň kontrabandasynyň öňüni almagyň mümkin boljakdygyny aýdýar.
Taşanow serhet problemalaryny çözmek üçin öňi bilen şol problemalary doly öwrenmelidigini we şondan soň olara garşy çäre görmelidigini belleýär.
Onuň pikiriçe, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň Orsýete, Türkmenistandyr Özbegistanyň-da Ýewropa ýakynlaşýan wagtynda bu iki döwlet serhet meselesinde-de biri-birine has ýakyn bolmaly.