Merkezi aziýaly ýaşlar bilime teşne

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna giriş synaglary, awgust, 2009 ý.

Soňky döwürde türkmenistanly ýaşlaryň arasynda daşary ýurtlarda okap bilim almak isleýänleriň sany artdy diýlip habar berilýär.
“Nemis tolkuny” internet saýtynyň maglumatyna görä, 27-nji iýul güni daşary ýurtlarda okaýan we okuwa gitmekçi bolan 40 adamyň Aşgabadyň howa meýdanynda daşary ýurtlara gatnaýan uçarlardan düşürilip, alnyp galynandygy barada ýazdy.

Bu ýagdaýyň sebäbini häkimiýetler studentleriň ýurdy terk etmek üçin ýörite rugsadynyň ýokdugy bilen düşüdiripdirler.

Daşary ýurtlarda okap bilim almak isleýän ýaşlar goňşy respublikalarda hem az däl. Eýse, ýaşlaryň daşary ýurtlarda bilim almak ýagdaýy goňşy ýurtlarda nähili ýola goýlan?

Gyrgyzystan

Gyrgyzystanyň Bilim ministriniň orunbasary Boris Kubaýewiň sözlerine görä, her ýyl Gyrgyzystandan 500-den gowurak student daşary ýurtlara bilim almaga gidýär. Olaryň aglaba bölegi Ýewropa, Amerika, Hytaýa we Türkiýä barýar.

“Daşary ýurtlarda okamak isleýän ýaşlara nähili şertler döredilen?” diýen soragymyza Boris Kubaýew olar üçin wiza meselesiniň ýönekeýleşdirilendigini, okuwa girmek üçin zerur dokumentleri ýygnamakda kömek berilýändigini, şeýle-de, bu işleriň tiz çözlüp, olaryň arkaýyn ýurtdan çykyp gidýändiklerini aýdýar.

Boris Hamidowiç ýurduň häkimiýetleriniň we ministrlikleriniň daşary ýurtlarda okamaga höwes bildiren studentleri goldap, höweslendirip, olara zerur kömegi berip durýandyklaryny hem belleýär.

Studentler daşary ýurtlarda okap, diplom alyp, öz ýurduna dolanyp gelenlerinde, olara gowy işleriň berilýändigni aýdýarlar.

Özbegistan

Özbegistanyň Bilim ministrliginden bu barada maglumat almak mümkin bolmady. Emma Özbegistanly mugallym Israil Rizaýewiň sözlerine görä, soňky döwürde Özbegistanyň halky iki gatlaga bölünipdir. Birinjisi, baýlar, ikinjisi-de garyplar. Onsoň mümkinçiligi bar baý adamlaryň perzentleri daşary ýurtlarda okaýarlar.

Onuň sözlerine görä, baý gatlak diýilýän, esasan, hökümetiň wekilleri, ýurduň içki organlarynda, ministrliklerde, korporasiýalarda, prezident apparatynda işleýän işgärleriň çagalary hiç hili bökdençsiz, daşary ýurtlara gidip okaýarlar.

“Ilatyň garyp gatlagynyň çagalary diňe işläp, gazanç etmek üçin Orsýete we Gazagystana gidýärler. Daşary ýurtlara gidip okamag-a beýle-de dursun, olaryň hatda öz ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda okamaga-da mümkinçilikleri ýok. Ýokary okuw jaýlarynda okamak – olar üçin diňe arzuw bolup galýar” diýip, Israil Rizaýew aýtdy.

Gyrgyzystanyň bilim ministriniň orunbasary Boris Kubaýewiň sözlerine görä, Bişkekde Türkmenistandan 4000-e golaý student okaýar. Olar, esasan, Gyrgyzystanyň halkara uniwersitetinde, medisina akademiýasynda, Strategik we informasion tehnologiýalar institutynda, ýagny ISITO-da, Amerikan uniwersitetinde we beýlekilerde okaýarlar.

Umuman, Gyrgyzystanda 50 sany ýokary okuw jaýy bolup, şondan 19-y hususy, ýagny döwlete degişli bolmadyk ýokary okuw jaýlarydyr, 31-i döwlet ýokary okuw jaýlary.

Gazagystan

Gazagystanyň Strategiýa we ösüş departamentiniň direktory Serik Irisaliýew Gazagystanda daşary ýurtlarda bilim almak isleýän ýaşlar köp bolsa-da, olardan diňe okamaga mümkinçilikleri bar studentleriň okaýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, Gazagystanda prezidentiň “bulaşak” ýagny «geljek« atly ýörite programmasy bar.

Programma görä, her ýyl 3000 student dünýäniň 200 sany iň gowy diýip hasaplanylýan ýokary okuw jaýlarynda okap bilýärler. Studentleriň okuwyna sarp edilýän ähli harajatlary döwlet öz boýnuna alýar. Bu döwlet programmasydyr diýip, Irisaliýew aýtdy.

Mundan başga-da, Türkiýe, Müsür, Orsýet, Hytaý ýaly döwletler bilen baglaşylan şertnama görä, Gazagystanyň ýaşlary olarda, olaryň ýaşlary hem Gazagystanda okaýarlar.

Gazagystanda Amerikanyň Kongresiniň inisiatiwasy bilen «Fulbraýt» programmasy-da amala aşyrylýar. Britan soweti-de «Tçiwning» programmasy boýunça birnäçe stipendiýa berýär. Her ýyl Germaniýanyň programmasy boýunça, Gazagystandan 100-e golaý student Germaniýa okuwa gidýär. Ýaponiýa we günorta Koreýa döwletlerine hem her ýyl Gazagystandan 100-e golaý student okuwa barýar.

Irisaliýewiň sözlerine görä, Gazagystan boýunça 30 muňe golaý student daşary ýurtlarda bilim alýar we bu Gazagystanyň daşary ýurtlardaky konsullyk bölümlerimizde hasaba alnan studentleriň sany.

“Biziň daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyzyň öz ýurtlarynda daşary ýurtlardan gelip okaýan studentler boýunça geçiren monitoringine görä, 25 müňden 30 müňe çenli Gazagystanly ýaşlar daşary ýurtlarda bilim alýarlar. Şolardan 12 müňüsi Orsýetde okaýar” diýip Irisaliýew aýdýar.

Gazagystanyň resmisi Serik Irisaliýewiň sözlerine görä, Gazagystanda 145 sany ýokary okuw jaýy bar. Olaryň aglabasy döwlete degişli bolmadyk hususy institutlardyr, 9 sany-da milli uniwersitet bar. Her bir pudagyň öz uniwersiteti bar. Biziň studentlerimizde okuw jaýyny saýlamak mumkinçiligi uly diýip, Gazagystanyň departamentiniň başlygy öňe sürýär.

Irisaliýew häzir Gazagystanda dünýaniň 44 ýurdundan 10,5 müň daşary ýurtly studentleriň okaýandygyny, emma Türkmensitandan gelip okaýan studentleriň sanynyň azdygyny sözüne goşdy.

“Biz türkmen tarapyna öz döwlet grantlarymyzy teklip etdik. Emma Türkmenistan biziň teklibimizden peýdalanmady. Biz beýle grantlary ähli goňşy ýurtlara teklip edýäris” diýip, Gazagystanyň strategiýa we ösüş departamentiniň direktory Serik Irsaliýew aýtdy.